Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet778/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   774   775   776   777   778   779   780   781   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝELINSELEME, iş ady. Ýelinselemek ýagdaýy. 
ÝELINSELEMEK, işl. Ýelinse geýdirmek. 
Köşegi emmez ýaly düýäniň ýelnini ýelinselediler. 
ÝELINSELEMEKLIK, iş ady. Ýelinselemek 
ýagdaýy. 
ÝELINSELEMEZLIK, 
iş 
ady. 
Ýelinse 
geýdirmezlik. 
ÝELINSELENMEK, işl. Ýelinse geýdirilmek. 
Geçiler ýelinselendi. 
ÝELINSELEŞMEK, işl. Ýelinselemäge kömek 
bermek. 
ÝELINSELETMEK, işl. 1. Ýelinselemek işini 
başga birine etdirmek. Ol sygyrlary ýelinseletdi. 2. 
Ýelinselemäge mümkinçilik bermek.
ÝELINSELEÝIŞ, iş ady. Ýelinselemek ýagdaýy. 
ÝELINSELÄBERMEK [ýelinselä:vermek], işl. 
Ýelinseläp başlamak, ýelinselemek işini dowam 
etdirmek. 
ÝELJIK, at. Gazly suwlarda, sagylýan süýtde, 
ýaňy galdyran agaranda, ýaýylýan ýanlykda, deňiz 
tolkunlarynda we ş.m. emele gelýän köpürjik. 
Ýanlykda gatyk ýaýylyp başlansoň, ozaly bilen ýagly 
ýeljik emele gelýär. 
ÝELJIKME, iş ady. Ýeljikmek ýagdaýy. 
ÝELJIKMEK, işl. Ýeljik, köpürjik emele 
gelmek. Pişegiň zarbasyndan ýanlyk ýarylara gelip, 
goýy gatyklar suwaşyp, aýrana aýlanyp, ýagy 
ýeljikläp, ýüzüne galmaga başlady (H. Derýaýew).
ÝELJIKMEKLIK, işl. Ýeljikmek ýagdaýy. 
ÝELK: ýelk ýasamak çalt gitmek, howlukmaç 
gitmek; ylgap gitmek. Tilki hem olaryň birini tutup
öz sürenine baka ýelk ýasaýypdyr (

Türkmen
halk ertekileri

). 
ÝELKEN I, at. Diňe dabanyň aşagyny ýapýan, 
üç gulakly, aýagyňa daňar ýaly ýüpli tomus 
aýakgaby, çepek. Aýagy ýelkenlidi, mytgaldan tikilen 
köýnek-balagy täzedi (B. Seýtäkow). 

Ýelken gulak uludan ýasy hem gaba gulak. 
Japbagyň 
ýelken 
gulaklary 
gabardy 
(B. 
Kerbabaýew).  
ÝELKEN II, at. Bogaldaga aşagyndan hem 
ýokarsyndan berkidilýän we ýel düşüp, gaýygy, 
gämini herekete getirýän uly galyň mata. Ýelkeni 
çekmek. Ýelkeni dartmak.


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   774   775   776   777   778   779   780   781   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling