Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet779/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   775   776   777   778   779   780   781   782   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

 Ýele – ýelken, güne  –  galkan (bolmak) yssy, 
sowuk diýmän zähmet çekmek, işlemek. Ejeleri 
bütin ömrüne ýele ýelken, güne galkan bolup
çagalaryny adam edipdi. 
ÝELKENÇEKER, at, deňizç. Ýelkeni ýokaryk 
galdyrýan we aşak goýberýän ýüp, sim. 
ÝELKENLI, syp. Ýelkeniň kömegi bilen hereket 
edýän (ser. Ýelken II). Derýanyň ýüzünde ýelkenli 
gämiler, ýelkensiz gaýyklar ýüzýär (B. Kerbabaýew). 
ÝELKILDEME 
[ýelkilleme], 
iş 
ady. 
Ýelkildemek ýagdaýy. 
ÝELKILDEMEK [ýelkillemek], işl. 1. Ýelk-
ýelk edip ýöremek, az-kem galgap çalasyn 
ädimlemek. Ýene gelýär ol ýelkildäp... (M. Seýidow). 
2. Ýeliň täsiri bilen galgamak. 
ÝELKILDEMEKLIK [ýelkillemeklik], iş ady. 
Ýelkildemek ýagdaýy. 
ÝELKILDEMEZLIK [ýelkillemezlik], iş ady. 
Ýelkildäp ýöremezlik. 


483 
ÝELKILDEŞMEK [ýelkilleşmek], işl. 1
Birnäçe bolup bilelikde ýelkildemek. Ertir bilen nirä 
beýle ýelkildeşip barýarsyňyz? 2. Şemalyň täsiri bilen 
birnäçe ýeňilräk zatlar galgap durmak.
ÝELKILDETMEK [ýelkilletmek], işl. 1. Ýelk-
ýelk etdirip ýöretmek, galgabrak çalt ýöretmek. 2. 
Galgatmak, galkajaklatmak. Çagany ýelkildedip 
barýaň-la. 3. Ýelkildemegine sebäp bolmak, 
galgatmak. 
Güýçli 
şemal 
öýüň 
serpigini 
ýelkildedýärdi. 
ÝELKILDEÝIŞ 
[ýelkilleýiş], 
iş 
ady. 
Ýelkildemek ýagdaýy. 
ÝELKILDÄBERMEK [ýelkillä:vermek], işl. 
Ýelkildäp başlamak; ýelk-ýelk edibermek. 
ÝELKILDI [ýelkilli], at. Ýelk-ýelk edip ýöreýiş. 
ÝELK-ÝELK: ýelk-ýelk etmek 1) keýpli 
ýagdaýyňda aýagyň ýere degmän, bir ýerde durup 
bilmän towsaklaýan şekilde ýöremek. 2) eýeriň 
üstünde atyň depginine görä galgap oturmak. 
ÝELLENDIRMEK [ýellennirmek], işl. Ýel
emele getirmek, ýel döretmek. Sogan içimi 
ýellendirdi. 
ÝELLENIBERMEK 
[ýellenivermek], 
işl. 
Ýellenip başlamak. 
ÝELLENIŞ, iş ady. Ýellenmek ýagdaýy. 
ÝELLENIŞMEK, işl. Birneme ýellenmek. Ol 
ýellenişen gabaklaryny owkalady. 
ÝELLENME, 1. iş ady. Ýellenmek ýagdaýy. 2. 
Ýel we ş.m. täsiri esasynda dag jynslarynyň, gury ýer 
bölekleriniň ýumrulmagy, tozma, ýumrulma. Ýeriň 
daşky güýçleri netijesinde dag jynslary ýellenmä 
sezewar bolýar. 
ÝELLENMEK, işl. 1. Çişmek, pökgermek. Ol 
ýellenen agyr gabaklaryny zordan açdy, kellesini 
haýallyk bilen göterdi (N. Jumaýew). 2. göç.m. 
Gaharyň gelip çişmek, ýel almak.
ÝELLENMEKLIK, iş ady. Ýellenmek ýagdaýy. 
ÝELLENMEZLIK, iş ady. Ýellenmän durmak. 
ÝELLI, 1.syp. Köplenç, ýel ösýän, köp ýel 
bolýan (ýer, ýurt hakynda). Ýelli gün. Ýelli howa. 2. 
syp. Çişen, ýellenip pökgeren. Ýaňaklary çişik, 
gabaklary ýelli gözleri çylpykly ýaly görünýärdi (B. 
Kerbabaýew). 3. syp. Ýel berlen, ýel berlip çişirilen. 
Men bir ýelli topjagaz, Hemmä belli topjagaz (K. 
Taňrygulyýew). 4. at. Oglana dakylýan at. 
ÝELLIK, syp. Örän ýelli. 
ÝELLI-YKLY [ýell(i)-y:kly]: ýelli-ykly gürrüň 
kinaýaly, gyşyk gürrüň. 
ÝELMAÝA 
[ýelma:ýa], 
at. 
Ertekilerde, 
rowaýatlarda, hekaýatlarda duş gelýän, göýä, ýörände 
aýagy ýere degmeýän maýa; ýyndam maýa. 
Agaýunusam 
ýelmaýa 
kejebe 
gurap 
gelsin 
(

Görogly

). 
ÝELMEK, işl., kön.s. Ylgamak, ýortmak, 
ýüwürmek. Tükenmez derdiň yzyndan Ýeleýin diýseň, 
öýlengin (Magtymguly). Halal-haram diýmän, 
ýeldiň, ýüwürdiň (Aşyky). 
ÝELMEME, iş ady. Ýelmemek ýagdaýy. 
ÝELMEMEK, işl. 1. Ýelim çalyp ýelmeşdirmek, 
ýelim bilen ýapyşdyrmak. Ol ullakan surat depderiň 
içine paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde 
gurlan owadan ymaratlaryň suratlaryny ýelmeýärdi. 
2. göç.m. Bat bilen urmak, çalmak, suňşuryp 
goýbermek. Sakçy elindäki taýagy bilen ekine giren 
sygryň ýagyrnysyna ýelmedi. 3. göç.m. Jaý ýerinde 
degerli söz aýtmak, manyly, täsirli söz aýtmak. Ol 
ony gaýtargysyz goýmady, jaýdar-jaýdar sözler bilen 
ýelmäp goýberdi. 4. göç.m. Hile bilen bir zady birine 
satmak, dakmak. Harydyny pullurak adama 
ýelmemek üçin gulagyny gabardyp ýördi (N. 
Pomma). 5gepl.d. Içip goýbermek, urmak. Ol soňky 
bulgury hem ýelmedi. 
ÝELMEMEKLIK, iş ady. Ýelmemek ýagdaýy. 
ÝELMENMEK, işl. 1. Ýelim bilen ýapyşdyrylyp 
goýulmak. Ýelmenen bukjany emaý bilen açdy (A. 
Gowşudow). 2. Batly urulmak, çalynmak. Ol ylgap 
barşyna agaja ýelmendi. 3. Jaýdar söz aýdylmak. Ol 
özüniň söz bilen ýelmenendigini aňşyrmady. 4. Hile 
bilen satylmak. Ol harydyny bir zat bilmeze ýelmedi

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   775   776   777   778   779   780   781   782   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling