ÝEŇSAPYLYK, syp. Ýeňsapy üçin niýetlenen.
Ýeňsapylyk mata.
ÝEŇSE, at. 1. Kelläniň yz, arka tarapy.Utulan
ýeňsesini gaşar (Nakyl). 2. Bir zadyň arka, art tarapy.
Aýlaryň şatlygyna bilbil heň etdi, Şol wagt ýeňseden
bir göwre ýetdi (B. Kerbabaýew).
Ýeňse (ýeňsäni) bermek yza çekilmek,
tesmek, gaçmak. Ýeňse damaryň gatamak
gaharyň gelmek, erbet görmek. Ýeňse damaryňdan
tutulmak ser. Ýeňse damaryň gatamak. Ýeňsesi
ýapylmak
durmuşa
çykarylmak.
Ýeňsäňden
tutulmak ser. Ýeňse damaryň gatamak.
Ýeňsäňi gaşamak 1) pikirlenmek, oýlanmak. Ol
ýeňsesini gaşap, ýarymgöwün halda howla girdi.2)
müýnli bolmak. Ol egnini gysyp, ýeňsesini gaşamaga
durdy. Ýeňsäňi görkezmek gitmek, gaçmak.
Nurjahan ýaly gudaçylyga geläýse-de, tizräk ýeňsäňi
görkez diýjek (B. Kerbabaýew). Ýeňsäňi el ýaly
etmek ser. Ýeňsäňi görkezmek. Işleýşiňiz şu bolsa,
ussa agalar, ýeňsäňizi el ýaly ediberiň! (B. Gulow).
Ýeňsäňi
tüňňertmek
närazylyk
bildirmek,
öýkelemek. Ol ýeňsesini tüňňertdi, öýkeledi... (B.
Kerbabaýew).
ÝEŇSEKI, syp. Ýeňse tarapdaky, yz tarapdaky,
art tarapdaky. Ýeňseki uly ýoldan hatar bolup gelýän
kerwen obanyň içine ala-zenzele salyp gelýärdi (B.
Gulow).
ÝEŇSELIK, at. 1. Gelin-gyzlaryň ýeňsesine
dakylýan şelpeli, gyzyl çaýylan kümüş şaýy. Gyzyň
ýeňseligi örän owadandy. 2. Kellekiniň malyň
gulaklarynyň syrtyndan aýlanyp geçýän gaýşy.
Uýanyň ýeňseligi üzülipdir.
ÝEŇSIKÇI, at. Agzyny dolduryp öwnüp, diýen
sözüniň yzynda durup bilmeýän, sözüniň eýesi däl
adam. Ýeňsikçiňki ýeke gün, ýetip barsa, ýedi gün
(Nakyl).
Do'stlaringiz bilan baham: |