Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet789/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   785   786   787   788   789   790   791   792   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝEPBEŞMEK, işl.1. Urlup, gysylyp, basylyp ýa-
da bir zada degip maşşarmak, epilmek, ýapbaşmak. 
Begenç ýerinden galanda, pagtaly ganaryň, 
hakykatdan-da, ýepbeşip gidenini gördi (B. 
Kerbabaýew). 2. ser. Ýepberilmek. 
ÝEPELEK, at. Däneliler maşgalasyna degişli 
bolup, boýy 20-30 sm. ýetýän ot (ol bogun-bogun 
baldakly, insizje uzyn ýaprakly, gül toplumy sübse 


488 
görnüşli, başjagazlary köp däneli, ujy gylçykly 
ösümlikdir).
ÝEPILMEK, işl. Urlup, gysylyp, basylyp 
ýemşermek. Kündügiň bir böwri içine ýepilipdir. 
ÝEPME, iş ady. Ýepmek ýagdaýy. 
ÝEPMEK, işl., gepl.d. Urup, gysyp, basyp ýa-da 
bir zada degrip ýemşertmek. 
ÝEPMEKLIK, iş ady. Ýepmek ýagdaýy. 
ÝEP-ÝEŇIL, syp. Örän ýeňil, gaty ýeňil.
ÝEP-ÝEŇLES, syp. Örän ýeňles, gaty ýeňles. 
Be, ol ýep-ýeňles eken-aý!
ÝER, at. 1. Öz okunyň we Günüň daşynda 
aýlanýan älem jisimi. 2. Suwly giňişliklerden galan 
uly giňişlik. 3. Topragyň üstki gatlagy. Atlar aýaklary 
bilen ýer peşediler (B. Kerbabaýew). 4. Ýurt, ülke,
döwlet, mekan. 5. Biriniň garamagynda, ygtyýarynda 
peýdalanylýan mellek. Men öz ýerimden ýylda üç 
hasyl alýaryn. 6. Tomaşa jaýlarynda, otluda we
ş.m. oturar ýaly orun. Oturanlar ykjamlanyşyp, oňa 
ýer berdiler (B. Seýtäkow). 7. Bir zady goýmak, 
ýerleşdirmek üçin jaý. Özleriniň ulaglaryna ýoldan 
sowulmaga 
ýer 
gözleýärler 
(A.Gowşudow).
8. Ýatmak üçin ýorgan-düşek ýazylan orun. Gelsem, 
ejem telärde ýer salypdyr (

Edebiýat we sungat

). 9
Gulluk wezipesi, kär, orun. Ol gowy ýerde işleýärdi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   785   786   787   788   789   790   791   792   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling