491
ÝETDIRMEK, işl. 1. Ýaryşda, ylgawda yzyndan
ýeter ýaly etmek, ýetmegine mümkinçilik bermek.
Men nädip yzymdan ýetdirenimi bilmändirin.
2.
göç.m. Garyp düşmek, lüt galmak, güzeran görmegiň
kynlaşmak.
3.göç.m. Garrylyk zerarly kuwwatdan
düşmek, lagşamak.
4. göç.m. Miýesser bolmak,
duçar bolmak, başartmak.
Men özüme ýazyjy bilen
gürrüňdeş bolmagyň ýetdirenine begenip, depäm
göge diredi (B. Gulow).
ÝETELIKLI, syp.Ýeter ýaly, ýetmän durmaz
ýaly (nahar hakynda).
Ýetelikli bolar ýaly, palawy
köpräk ataryň, myhman köp çagyrylandyr.
ÝETEŇKIRLEMEK,işl.
Ýetip
barmak,
ýetibermek.
Olaryň yzyndan ýeteňkirläberenimizde,
maşynymyzyň benzini gutaryp galdy (A. Nazarow).
ÝETERLIK, syp. 1. Talaby, islegi
kanagatlandyryp biljek,
gerek bolan mukdardaky,
kanagatlanarlyk.
2. göç.m. Bes, bolýar, ýetik.
ÝETERLIKLI, syp. Ýeterlik
mukdarda bolan,
talaby kanagatlandyryp bilýän, kanagatlanarlykly.
Ýeterlikli sowatly adamlar örän köpdür.
ÝETERLIKSIZ, syp. Ýeterlik
bolmadyk,
ýeterlik däl.
ÝETER-ÝETMEZ, syp. 1. Çala ýetýän, zordan
ýetýän.
Ýüpümiz ýeter-ýetmez boldy. 2. Çala ýeter
ýaly, zordan ýeter ýaly.
Gyz bir almany Temmeliň eli
ýeter-ýetmez ýerde goýupdyr (
Türkmen halk
ertekileri
).
3. Az mukdarly, azlyk edýän, ýetjegi-
ýetmejegi näbelli.
Halylyk ýüpümiz ýeter-ýetmez
boldy. 4. göç.m. Bolar-bolmaz, bolgusyz, ugursyz,
bihepbe.
Her ýeter-ýetmeze ynanyp bolmaz.
Do'stlaringiz bilan baham: