Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÝITME, iş ady. Ýitmek ýagdaýy. ÝITMEK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÝOGALMAKLYK
- ÝOGNAS
- ÝOGNASLYK
- ÝOGNAŞMAK
- Ýogsa . Bir keçe ýazaýaly, ýogsam otuň üsti çygdyr. ÝOGURT
- ÝOGYN-ÝOGYN
ÝITME, iş ady. Ýitmek ýagdaýy.
ÝITMEK, işl. 1. Gaçyp galmak, gürüm-jürüm bolmak, ýitirim bolmak, ýok bolmak. 2. Azaşyp başga ýere düşmek, azaşmak. Men ýiten düýämizi gözläp geldim. 3. Görünmez ýaly bolmak, bozulmak, öçmek. Köp wagt geçmegi bilen, ýazylan hatlar kagyzyň ýüzünden ýitip gidipdir. 4. Ýoga çykmak, puç bolmak. ÝITMEKLIK, iş ady. Ýitmek ýagdaýy. Toý boljak bolup durka, iş köpkä, beýle gara bermän ýitmeklik bormy? ÝITMEZLIK, iş ady.Ýitmän durmak, ýörmek. ÝODA [ýo:do], at. Kiçijik pyýada ýoly. Ýoda yzlasaň, ýola barar, ýoly yzlasaň – ile (Nakyl). ÝOGALMA [ýo:ğolmo], iş ady. Ýogalmak ýagdaýy. Kakasynyň ýogalmasy ýetginjege agyr degdi. ÝOGALMAK [ýo:ğolmok], işl. Aradan çykmak, wepat bolmak, ölmek, aýrylmak, dünýeden gaýtmak. Ejeň ýogalanda, sen ýaşyňa ýa ýetensiň, ýa-da ýeten dälsiň (B. Kerbabaýew). ÝOGALMAKLYK [ýo:ğolmokluk], iş ady. Ýogalmak ýagdaýy. ÝOGALMAZLYK [ýo:ğolmozluk], iş ady. Ölmän galmak, ýaşamaklyk, bar bolmaklyk. Onuň ýogalmandygyny eşidip begendik. ÝOGLA [ýoğlo], at. Deňizde asuda howa. Görýäňmi, bu bulut ýöne bulut däl, ynam ýokdur, howa bolsa-da ýogla (Ş. Borjakow). ÝOGNAMA [ýoğnomo], iş ady. Ýognamak ýagdaýy. Birneme ýognamasy oňa gelşik beripdir. ÝOGNAMAK [ýoğnomok], işl. 1. Ýogyn bolmak, düýbi, göwrümi ulalmak. 2. Semräp, ýogyn bolmak, doluşmak, semremek. Sen öňkiňden biraz ýognapsyň. ÝOGNAMAKLYK [ýoğnomokluk], iş ady. Ýognamak ýagdaýy. Biraz ýognamaklyk oňa zyýan berjek däldi. ÝOGNAMAZLYK [ýoğnomozluk], iş ady. Ýognaman durmak. ÝOGNAS [ýoğnos], syp. 1. Birneme ýogyn, ýogynrak. Ýognas pürs. 2. Dolmuş, semiz, etli-ganly. Ýognas adam. 3. Ýogynrak, gödek çykýan (ses hakynda). Şol wagt gapynyň daş ýüzünde biriniň ýognas sesi eşidildi (B. Pürliýew). 4. Doly ýogyn däl- de, çalarak ýogyn (suw hakynda). Içim suwy ýognasdy, özem uzakdan getirilýärdi ( Edebiýat we sungat ). 5. Irimçik dokalan, nepis däl. Ýognas dokalan haly. ÝOGNASLYK [ýoğnosluk], at. 1. Birneme ýogynlyk, ýognas halda bolmaklyk. 2. Dolmuşlyk, semizlik, etli-ganlylyk. Ýognaslyk ýaş adama gelişmeýär. ÝOGNASRAK [ýoğnosura:k], syp. Öňküsine ýa- da beýlekilere garanda birneme ýognas. Ýognasrak bir adam gapydan içerik ätledi. ÝOGNAS-ÝOGNAS [ýoğnos-ýoğnos], syp. Köpüsi, hemmesi ýognas. Ýognas-ýognas pyýadalar gelip, howla girdiler. ÝOGNAŞMAK [ýoğnoşmok], işl. 1. Kem- kemden ýognamak (birnäçe adam hakynda). Öňki gören inçesagt ýigitlerimiz ýognaşyp gidipdir. 2. Ýognas bolup başlamak (ses hakynda). Ýigdekçäniň sesi ýognaşypdyr. 3. Öňküsinden ýogyn bolmak, kem-kemden ýognamak. Şahalary ýognaşyp başlan ýaş çynar owadandy, buýsançlydy. ÝOGNATMAK [ýoğnotmok], işl. Ýogyn etmek. ÝOGSA [ýoğso], bagl. Garşylygy we şerti görkezýän söz. Bilseň, nesihatdyr, ýogsa, pesihat (Magtymguly). ÝOGSAM [ýoğsom/ýoğsa:m], bagl., ser.Ýogsa. Bir keçe ýazaýaly, ýogsam otuň üsti çygdyr. ÝOGURT [ýoğurt], at. Sygryň, dowaryň süýdüne gönezlik atylyp, uýadylyp alynýan önüm, gatyk. Ýogurt içseň, ýoky galar (Nakyl). ÝOGYN [ýoğuýn], syp.1. Göwrümi, möçberi taýdan adatdakydan ýokary, artyk, inçe däl. Ýogyn saçly gyz. 2. gepl.d. Etli-ganly, semiz, çişik, dolmuş. Ýogyn pyýada. 3. Zorruk we ýognas çykýan, gödek (ses hakynda). Ýogyn gödek sesini basybrak, myhmanyna ýüzlendi (B. Seýtäkow). Ýogyn çekimliler dil b. yzky hatarda hasyl bolýan çekimliler (a, o, u, y). ÝOGYNLY-INÇELI [ýoğuýnl(y)-i:nçeli], syp. 1. Arasynda hem ýogyny, hem inçesi bar bolan, ýogyn we inçe gatyşykly; her dürli. Gurluşyk üçin ýogynly- inçeli agaçlar taýýarlandy. 2. Kä ýogyn, kä inçe; hem ýogyn, hem inçe; belentli-pesli (ses hakynda). ÝOGYNLYK [ýoğuýnluk], syp. 1. Göwrümi uly bolmaklyk, inçe dällik, ýogyn bolmaklyk. Munuň daşynda bilek ýogynlygynda bir turba bar, nebit şonuň içinden akýar (B. Kerbabaýew). 2. Göwrümlilik derejesi. Şu çynaryň ýogynlygy näçeräk bardyr? 3. Etli-ganlylyk, semizlik, çişiklik, dolmuşlyk. Aram ýogynlygyndaky adam içerik girdi. Ýogynlyk sazlaşygy dil b. sözdäki çekimli sesleriň ýogynlyk taýdan sazlaşygy. ÝOGYNRAK [ýoğuýnura:k], syp. Öňküsinden ýa-da beýlekilerden birneme ýogyn. ÝOGYN-ÝOGYN [ýoğuýn-ýoğuýn], syp. 1. Birsydyrgyn ýogyn. Ýogyn-ýogyn gägirmek. 2. Hemmesi ýogyn. Ýogyn-ýogyn pürsler. ÝOK, at. Bir zatdan ýokup galan, degen çyrşak, hapa. Gaplary ýuwanyňda nahar ýokuny gowuja aýyrgyn. 496 Ýok bolmazlyk örän az bolmak; doýurmazlyk (nahar hakynda). Onuň ýaly bolsa, sen hem kömek eden ekeniň, ýöne ikimiz iýjek bolsak, bize ýokam bolmaz ( Türkmen halk ertekileri ). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling