ÝOK [ýo:k], 1. ugrukd s. Bir zat inkär edilende,
biriniň ýa-da bir zadyň ýoklugy aňladylanda
aýdylýar. Çyn ýagşynyň gahary bar, ýamany ýok
(Nakyl). 2. Ýok zat, bolmadyk zat. Baryna kanagat,
ýoguna – sabyr (Nakyl).
Ýoga çykarmak ýok etmek, puja çykarmak,
bar bolan zatdan dyndarmak. Wiý, sen-ä bar edilen
işi ýoga çykardyň oturyberdiň! Ýoguna ýanmak
(köýmek) 1) bir zady ýok etmek, ýitirim etmek,
soňuna çykmak. Olar mende gural goýmadylar,
hemmesiniň ýoguna ýandylar. 2) öldürmek, başyna
ýetmek. Ýoguny çekmek ýok bolup gitmek, ýitirim
bolmak. Ol ýaňy hem bardy-la, nirä ýoguny çekdikä?
Ýogy çekilmek ýok edilmek, ýoguna ýanylmak. Sen
gazan çukuryňa özüň düşensiň, indi bu dünýäden
ýoguň-a çekildi (
Türkmen halk ertekileri
). Ýok
bolmak 1) başyňy alyp gitmek, güm bolup gitmek,
owarra bolmak, garaňy görkezmezlik. Agaýunus peri
bular bilen görüşmek isledi, emma olar Agaýunus
bilen görüşmän, gaýra çekilip: – Sen bu jaýlara
saýaňy salmagyn, yzyň ýitmänkä, ýok boluber –
diýdiler (
Görogly
). 2) arany açmak, uzaklaşmak. Ol
atyna bir gamçy basdy-da, ýok bolaýdy. Ýokdan bar
etmek ýeter-ýetmez günde gerekli zatlary tapmak,
tapyp oňňut etmek. Ene urşuň haýhatly günlerinde
hem ýokdan bar edip, atasyz galan çagajyklaryny hor
etmän saklapdy. Ýok etmek 1) ýitirim etmek, güm
etmek, ýoklamak. Sen kitaby nirä ýok etdiň? 2)
kemçiligiň, ýetmezçiligiň soňuna çykmak, olary
düzetmek. Şu görkezilen kemçilikleri tiz ýok ediň.3)
derbi-dagyn etmek, çym-pytrak etmek. 4) tüketmek,
sowup, harçlap gutarmak (pul hakynda). Ýok ýaly
bary-ýogy bildirmeýän, tertipli hem ýuwaş. –
Pylankesiň ogly ýaly bolup bolaýsa, edil ýok ýalydyr,
azary-bizary bolmaz.
Do'stlaringiz bilan baham: |