Ýolçy mal hemişe gatnaýan ýoluny tapýan mal.
ÝOLDAŞ [ýolloş], at. 1. Bir ugur bilen bile
barýan, ýollary bir bolan ýolagçy, hemra. Ýola
çyksaň, ýoldaşyňy düzet (Atalar sözi). 2. Özüniň
garaýşy, pikiri, işi, durmuş şertleri we ş.m. boýunça
biri bilen umumylygy, ýakynlygy bar bolan adam.
Ýürekdeş ýoldaş bilen göwün açyşmakdan gowy zat
barmy näme? (B. Kerbabaýew). 3. Çaga bolanda,
çaganyň yz ýany bilen düşýän jansyz bir bölek agza,
düşgi. 4. Aýalyň äri, adamsy (bu söz, köplenç, aýallar
tarapyndan ulanylýar ); ýanýoldaş. Ýoldaşym ikimiz
mekdepde işleýäris. 5. göç.m. Bir ýere ugralanda sag-
aman barmak üçin yrym edilip ýanyň bilen alynýan
çörek we ş.m. mukaddes zatlar. Ýoldaş bolar ýaly
ýanyňa bir döwüm çörek al. 6. Oglana dakylýan at.
Ak gyz ýoldaşyň bolsun! öýlenmedik ýigide
aýdylýan taňryýalkasyn, dileg.
ÝOLDAŞ [ýo:lloş], syp. Bir ýoldan bile barýan
adam. Ýol ýoldaşy ýoldaşyna söýener (Magtymguly).
ÝOLDAŞLY [ýolloşly], syp.1. Ýany adamly,
hemraly, bile tirkeşýän adamly. Eger onuň ýany
ýoldaşly bolaýsa, onda gije hem oňa zat edip biljek
däl (A. Gowşudow). 2. Dürli ynançlara görä, halatly,
gudratly.
ÝOLDAŞLYK [ýolloşluk], at. 1. Ýoldaş
bolmaklyk ýagdaýy, ýoldaşlarça aragatnaşyk, biri-
biriňe edilýän ýakyn gatnaşyk. Ýoldaşlykda,
adamkärçilikde onuň taýy ýokdur. 2. göç.m. Resmi
ýaryşlardan daşgary geçirilýän, ýaryş hasabyna
girmeýän, türgenleşmek üçin geçirilýän (dürli
oýunlar hakynda). Küştçüleriň ýoldaşlyk duşuşygy.
ÝOLDURMAK [ýollurmok], işl. 1. Ýolmak işini
başga birine etdirmek. 2. gepl.d. Aldyrmak,
gidermek, ogurlatmak (köplenç, öňünden aldyrmak
işligi getirilip ulanylýar). Aldyran, ýolduran zadym
ýok, sag-aman geldim.
ÝOLGUÇ [ýolğuç], at. Sakgal-murt ýolmak üçin
ulanylýan agzy ýasyja esbap, müçenek. Aýnadyr
ýolgujy alyp, sakgalynyň kese eteklerini ýolmaga
oturdy (A. Durdyýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |