Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝOLHATY [ýo:lhaty], at. Ugry, ýerine ýetirmeli  iş görkezilip, sürüjä edarasy tarapyndan berilýän  resmi kagyz.  ÝOLKA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet815/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   811   812   813   814   815   816   817   818   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝOLHATY [ýo:lhaty], at. Ugry, ýerine ýetirmeli 
iş görkezilip, sürüjä edarasy tarapyndan berilýän 
resmi kagyz. 
ÝOLKA [ýo:lko], at. 1. Sowuga çydamly, gyşyn-
ýazyn gök öwsüp oturan arça meňzeşräk pürli agaç. 
2. Täze ýyl baýramçylygynda şol agajyň her hili 
oýnawaçlar, jäjekler bilen bezelen 
görnüşi. 
Çagajyklar el tutuşyp, bezelen ýolkanyň daşynda 
aýlanýardylar. 
ÝOLLAMA [ýo:llomo], 1. iş ady. Ýollamak 
ýagdaýy. 2. Belli bir ýere, dynç almaga, işe we ş.m. 
iberilýän adama berilýän resmi kagyz. 
ÝOLLAMAK [ýo:llomok], işl. Birini ýa-da bir 
zady bir ýere ibermek, ugratmak. 
ÝOLLAMAKLYK 
[ýo:llomokluk], 
iş 
ady.Ýollamak ýagdaýy. 
ÝOLLAMAZLYK [ýo:llomozluk], iş ady. 
Ýollamakdan 
saklanmak, 
ibermän 
saklamak, 
ugratmazlyk. 
ÝOLLANMAK [ýo:llonmok], işl. Bir ýere 
iberilmek; ýola düşülmek. Toý gününde arap atlar 
Durmaz, ýollanar, ýollanar (Baýram şahyr). 
ÝOLLANYLMAK [ýo:llonulmok], işl., ser. 
Ýollanmak. 
ÝOLLAŞDYRMAK 
[ýo:lloşdurmok], 
işl. 
Hemmesini iberişdirmek, ählisini ugradyşdyrmak, 
boldugyndan ýollap durmak. 
ÝOLLAŞMAK [ýo:lloşmok], işl. 1. Ýollamaga 
kömek 
bermek, 
ugradyşmak. 
Şähere 
üzüm 
ýollaşmak.2. Birnäçe bolup ýollamak, ýola ugratmak.
ÝOLLATMAK [ýo:llotmok], işl. Ýollamak işini 
başga birine etdirmek. Ol esgeriň hatyny öýlerine 
ýollatdy. 
ÝOLLAÝYŞ [ýo:lloýuş], iş ady. Ýollamak 
ýagdaýy. 
ÝOLLY [ýo:lly] I, syp.1. Ýöremek, gitmek üçin 
ýol edilen, öň ýörelen, ýol salnan (ýer). Ýolly ýerden 
ýöräň. 2. Oglana dakylýan at. 
ÝOLLY [ýo:lly] IIhal. Dogry, degerli, geçginli.
Gaýta şu at üstünde oňa-muňa çykmagam maňa 
kem ýaranok, Gutlymyrat  diýip, öz işini ýolly tapdy 
(A.Gowşudow).  
ÝOLMA [ýolmo] I, iş ady. Ýolmak ýagdaýy. 


500 
ÝOLMA [ýolmo] II,at. Öldürilen goýnuň 
derisinden ýolnup alnan ýüň. Ýolmaň hili pesräk 
hasaplanýar. 
ÝOLMAK [ýolmok], işl. 1. Bir zady sogrup 
aýyrmak, çirtip üzmek, çekip, dartyp, üzüp almak. 
Bagdan alma ýolmak. 2. Çekip, dartyp üzmek, 
gyrmak. Ýüpi ýolmak. 3. Müçenek, ýolguç bilen 
sogurmak. Aýnadyr ýolgujy alyp, sakgalynyň 
gyllaryny ýolmaga oturdy (A. Durdyýew). 4. Arasyny 
bölmek, böleklemek. Ol hamyryny ýolýança, men 
tamdyra ot goýberdim (H. Garabaýew). 5. göç.m. 
Aldap almak, ýonmak. 
ÝOLMAKLYK [ýolmokluk], iş ady. Ýolmak 
ýagdaýy. 
ÝOLMAZLYK [ýolmozluk], iş ady. Ýolmak 
işini etmezlik. 
ÝOLMALAMAK [ýolmolomok], işl. 1. Ýolup-
ýolup almak, çekişdirip ýolmak. Öwez gyzaryp çişdi, 
ol yzly-yzyna telpeginiň tüýüni ýolmalady we nämedir 
bir zat diýmekçi boldy (A. Gowşudow). 2. Biriniň 
ýüz-gözüni dyrnaçaklamak, tüýtmelemek. Ogulhan 
eje döşünden itip, ýüz-gözünden ýolmalasa-da, Töre 
çykarly däldi (B. Öwezow).
ÝOLMALANMAK [ýolmolonmok], işl. Ýolnup-
ýolnup alynmak. Deriniň ýüňi ýolmalandy. 
ÝOLMALAŞMAK [ýolmoloşmok], işl. 1. 
Ýolmalamaga kömek bermek. 2. Biri-biriňi 
çekelemek, eliňi hereketlendirip, çalarak uruşmak, 
dalaşmak. Çagalar biri-biri bilen ýolmalaşyp 
durdular. 
ÝOLMALAŞYK [ýolmoloşuk], at. Biri-biriň 
bilen ýolmalaşyp edilýän basalaşyk, uruş, dalaşyk. 
Boldy bir başagaýlyk, ýolmalaşyk (A. Durdyýew).
ÝOLPOLIS [ýo:lpoli:s], at. Ýol hereketiniň 
howpsuzlygyna gözegçilik edýän polisiýa işgäri. 
ÝOLUGRAK [ýoluğra:k], syp. Ýolunjak bolup 
duran. Ýolugrak ýüp. 
ÝOLUGYŞ [ýoluğuş], iş ady. Ýolukmak 
ÝOLUJY, syp., gepl.d. Iliň hakyny iýýän, ütüji. 
ÝOLUK, syp. Ýolnup bölek bolan, üzük, gyryk, 
kesik. Ýoluk sapak
ÝOLUKDYRMAK [ýolukdurmok], işl. 1. Birini-
birine duşurmak, duçar etmek. Ýolda ýolukdyrdym
çeşmi-jadyny, Ölçerdim, el çoýdum yşgyň oduna 
(Magtymguly). 2. Sezewar etmek, uçratmak, 
sataşdyrmak. 
ÝOLUKMA [ýolukmo], iş ady. Ýolukmak 
ýagdaýy. 
ÝOLUKMAK [ýolukmok], işl. 1. Duçar bolmak, 
sezewar bolmak, sataşmak, duşmak. 2. Bir zat 
degmek, ýokuşmak (kesel), bir zada uçramak.
Kelläňe gaýsar diýen bir dert ýolugypdyr 
(

Görogly

).

Ýolda ýolukmak (ýolukdyrmak)sataşmak, 
duşmak. 
Ýolda 
ýolukdyrdy 
çeşmi-jadyny 
(Magtymguly). Aý, olam bir ýolda ýolugandyr-da, 
maňa bir zat boldy diýip, jany agyrap durasy ýok. 
ÝOLUKMAKLYK [ýolukmokluk], iş ady. 
Ýolukmak ýagdaýy. 
ÝOLUM-ÝOLUM, syp. Gyrym-gyrym, üzüm-
üzüm bolan. 
ÝOLUNMAK [ýolunmok], işl. 1. Özüň üçin 
ýolup almak. Ol ilki özüne waharman ternesini 
ýolundy. 2. Öz-özünden sapagyndan tänmek; öz-özi 
üzülmek (ýüp, sapak, sim hakynda). – Bişenini 
tanamarsyň, indi ýolaýma. – Kaka, bu garpyzyň özi 
ýolnupdyr. 3. Ýolguç, müçenek bilen sogrulmak. 
Sakgalyň töweregindäki gyllar ýolundy. 4. Arasy 
açylmak, böleklenmek, bölünmek. Ýolnup goýlan 
hamyr. 
ÝOLUŞ,iş ady. Ýolmak ýagdaýy. Gawuny ýolşuň 
nähili, pazylyny goparýaň! 
ÝOLUŞDYRMAK [ýoluşdurmok], işl. 1. Bir 
ýanyndan ýolmak, ýolup çykmak. Tilki haýdan-haý 
garganyň tüýüni ýoluşdyryp başlaýar (

Türkmen halk 
ertekileri

). 2. Ýolum-ýolum etmek, ýolup birnäçe 
bölek etmek, üzüşdirmek, gyryşdyrmak. Ýüpi 
ýoluşdyrmak. 
ÝOLUŞMAK [ýoluşmok], işl. 1. Ýolmaga 
kömek bermek. Ol deriniň ýüňüni ýoluşdy. 2
Bilelikde ýolmak.
ÝOL-ÝODA [ýo:l-ýo:do], at. 1. Pyýada, ulagly 
ýörelýän ýollar, ýodalar. 2. göç.m. Iş usuly, täri, ugry. 
Her bir işiň öz ýol-ýodasy bar. 
ÝOL-ÝOL [ýo:l-ýo:l], syp. Zolak-zolak, zol-zol. 
Ýol-ýol matadan tikilen düşekçe. 
ÝOMAK [ýomok], 1. Ýiti sözli, şorta gürrüňli, 
gülküli degişme, şorta söz. 2. Halk döredijiliginiň bir 
görnüşi. 

Ýomak atyşmak biri-biriň bilen degişmek, 
gülküli degişmeler aýdyşmak. Olaryň şadyýan 
gülküleri, biri-birine atyşýan ýomaklary düşelgäni 
ala-ýaz etdi (N. Baýramow).
ÝOMAKÇY [ýomokçy], at. Ýomak atyjy, ýomak 
atmaga ökde adam. Degişgen ýomakçy, diýseň 
keýpihon, Gara saçy sekil atan adamdyr (A. 
Atajanow). 
ÝOM-ÝOK [ýom-ýo:k]: ýom-ýok bolmak 
birdenýitirim bolmak, zym-zyýat bolmak. Ol birden 
ýom-ýok boldy. Ýom-ýok etmek harç etmek, bütinleý 
ýok etmek, bolmadyk ýaly etmek. 
ÝON [ýo:n], at. Bil oňurganyň iki gapdaly, ýan. 
Olaryň içinde hyňňy-syňňy etjek bolanlaryňam 
ýonuna çekäýýärdi (

Türkmen halk ertekileri

).


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   811   812   813   814   815   816   817   818   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling