Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet812/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   808   809   810   811   812   813   814   815   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ýol görkeziji etmeli işleri ugrukdyryjy, ýolbaşçylyk 
ediji. Ýol görkeziji belgiler. Ýol görkezmek maslahat 
bermek, akyl bermek, ugrukdyrmak, öwretmek, salgy 
bermek. Ýol gözlemek çykalga, ugur agtarmak
çykalga gözlemek, tärini, ýoluny tapjak bolmak. Ol 
çykalgasyz ýagdaýdan çykmak üçin ýol görkezdi. Ýol 
kesmek 1) uzak ýolda ýadamaz ýaly, ýoluň
gysgalan ýaly bolmagy üçin söhbet açmak, 
ondan-mundan gürrüň edip başlamak. Hudaý berse, 
ap-aňsatdyr diýip, Ogusoltan eje tä öýüne barýança 
ýol kesdi (R. Allanazarow). 2) ser. Ýol urmak. Ýol 
külterlemek tizlik bilen ýol geçmek, ýol almak, ýol 
sökmek. Ulag ýoly külterläp gidip oturandyr. Ýol 
salmak 1) uçramak, sezewar bolmak, başyna 
düşmek. Uruş başlanaly bäri, ençeme öýüň üstünden 
ölüm habary ýol salypdy. 2) köp gatnap ýol etmek, 
gidip-gelip durmak, bir ýere köp gatnamak, gatnaw 
etmek. Onsoň ol özüniň tanalmaýan ýerine ýol saldy 
(A. Gowşudow). Ýol sökmek köp ýöremek, ýöräp 
köp ýol geçmek. Ýol tapmak ugur, çykalga tapmak, 
tärini, ebeteýini gözlemek. Ýoluna düşmek bir zadyň 
ugruna çykmak, bir zadyň ugrunda hereket etmek, bir 
zadyň küýüne, kül-külüne düşmek. Annaguly şony 
bilmegiň ýoluna düşdi (A. Durdyýew). Ýoluna 
seretmek biriniň gelerine garaşmak, seredip durmak, 
intizar bolmak. Tä gün batyp, garaňky düşýänçä, 
oglunyň ýoluna seretdi. Ýoluny kesmek gidere ugur, 
barara ýer goýmazlyk, dalda gözlemez ýaly etmek. 
Ýoluň açyk bolsun!ser. Ýoluň ak bolsun. Ýoluň ak 
bolsun! ugran ugruňda işiň şow alsyn, päsgelçilige 
duş gelme! Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň  hak (Dileg). 
Ýoluň düşmek ýörite däl-de, ýüzüň ugruna degmek, 
bir söý bilen üstünden barmak. Ýoluň düşen wagty 
bize-de baryp dur! Ýoluňy düzetmek dogry ýola 
düşmek, ile goşulmak, hakyky ugur, durmuşyň 
düzgüni bilen gitmek. Ýoluňy urdurmak bozulmak, 
azmak, ýoldan azaşmak, ters ýola düşmek. Ýol 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   808   809   810   811   812   813   814   815   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling