Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


urmak garakçylyk etmek, geleni-geçeni talamak,  soýmak. Ýoly köp


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet813/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   809   810   811   812   813   814   815   816   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

urmak garakçylyk etmek, geleni-geçeni talamak, 
soýmak. Ýoly köp ugurtapyjy, mekir, hilegär. 
ÝOLA [ýo:lo], at. Gezek, gaýta, sapar. Ýaşuly 
bir-iki ýola ardynjyrady. 


499 
ÝOLAGÇY [ýo:loğçy], at. Ulagly ýa-da ulagsyz 
bir ýere ugran, ýola düşen, gidip barýan adam. 
Ýolagçy ýolda ýagşy (Nakyl). 
ÝOLAGÇYLYK [ýo:loğçuluk], at. Ýolagçynyň 
ýagdaýy, ýolagçy bolmaklyk. Bu uzak ýolagçylyk 
oglanlary biri-birine has ýakynlaşdyrýar. 
ÝOLAÝRYT [ýo:laýryt], at. Ýoluň aýrylýan 
ýeri, ýoluň dürli tarapa bölünýän ýeri. Hol ýolaýyrtda 
irden tapyşýardyk biz (R. Seýidow). 
ÝOLBARS [ýolvors], at. 1. Göwresi uly, 
berdaşly aýakly, sarymtyl tüýli ýyrtyjy haýwan; şir, 
peleň. Bir bar eken, bir ýok eken, öň zamanlarda bir 
ýolbars bar eken (

Türkmen halk ertekileri

). 2
Oglana dakylýan at. 
ÝOLBAŞÇYLYK 
[ýo:lvaşşylyk], 
at. 
1. 
Ýolbaşçynyň wezipesi, ýagdaýy. Oňa uly 
kärhanaýolbaşçylyk etmek ynanyldy. 2. Kärhana ýa-
da edara işlerini dolandyrýan guramalar. Gowy 
işleýänlere ýolbaşçylyk tarapyndan sag bolsun 
aýdyldy. 
ÝOLBELET [ýo:lvelet] Ýolagçylar otlusynda 
wagonyň içiniň düzgün-tertibine gözegçilik edýän 
demir ýol gullukçysy.
ÝOLBOÝY [ýo:lvoýy], hal. Ýoluň bütin 
dowamynda, bir ýerden ikinji ýere barylýança, 
tükeniksiz, üznüksiz. Ol rowaýaty ýol boýy gürrüň 
berip geldi. 
ÝOLÇY [ýo:lçy], at. 1. Bir ýere ugramakçy 
bolup, ýola çykan. Anka aýdar: 

Ýolçyýam


 Hüt-hüt 
aýdar: 

Ilçiýem

(Magtymguly). 2. Ýol gurluşygynyň 
hünärmeni; ýol gurluşygynda işleýän işçi. Ýolçular 
köçäniň zaýalanan ýerini derrew bejerdiler. 3. Demir 
ýoluň ugruny syryp, ýoly barlaýan demirýolçy. Ol 
Duşaga gidýän ýolda ýolçy bolup işleýär (B. 
Kerbabaýew). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   809   810   811   812   813   814   815   816   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling