Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝORUNJALYK [ýorunjoluk], at. Ýorunja ekilen  giň meýdan. Kaka, ýorunjalykdan aty tapmadym (A.  Durdyýew).  ÝORUŞMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet821/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   817   818   819   820   821   822   823   824   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝORUNJALYK [ýorunjoluk], at. Ýorunja ekilen 
giň meýdan. Kaka, ýorunjalykdan aty tapmadym (A. 
Durdyýew). 
ÝORUŞMAK [ýoruşmok], işl. 1. Ýormaga 
kömek bermek. Gel, maňa düýş ýoruşsana! 2
Bilelikde ýormak. Aýallar agşam gören düýşlerini 
ýoruşyp otyrdylar. 
ÝOW, at. 1. Duşman, ýagy. Arkalaşan ýow 
gaýtarar (Nakyl). 2. Biri-birine ýagy taraplaryň 
arasynda bolýan uruş, söweş, jeň. Ýow güni gaýrata 
gatlan (Magtymguly). 
ÝOWAMAK [ýowomok], işl., gepl.d. Täsir edip 
bilmek, ýakyn gelip bilmek, ýakynlaşmak. Arkaýyn 
oýnaber, birem saňa ýowap bilmez. Oňa ýowan zat 
bolmaz. 
ÝOWAR [ýowor], at. 1. Biriniň hojalyk işine 
kömek bermek maksady bilen üýşüp ýerine ýetirilýän 
iş. Aşyr aga jaý salyşmak üçin goňşularyny ýowara 
çagyrdy. 2. Dynç günleri bag ekmek, şäheri 
arassalamak 
we 
ş.m. 
boýunça 
geçirilýän 
köpçülikleýin jemgyýetçilik çäresi, işi. Bu ýowar 
baýryň ýüzünde bag oturtmaklyga bagyşlandy. 
ÝOWARÇY [ýoworçy], at. Ýowara gatnaşyjy, 
ýowara gatnaşýan adam. 
ÝOWMAK [ýowmok], işl., gepl.d., ser. 
Ýowamak. 
ÝOWŞAN [ýowşon], at. Ownuk gülli, ýiti ysly, 
ajy tagamly, dagda, gumda bitýän pürli ösümlik. Ak 
jerenli alalardan geçemde, Ýowşanlaryň ysy başym 
aýlasyn! (B. Hudaýnazarow).
ÝOWŞANLYK [ýowşonluk], at. Ýowşanyň köp 
biten ýeri, ýowşanyň bol ýeri. Obanyň golaý-
goltumyndaky ýowşanlykda owlak-guzular 
bökjekleşip oýnaýardy (

Edebiýat we sungat

). 
ÝOWUK, syp. Daş däl, ýakyn, golaý. Haýyr 
işlere ýowuk, şerden daş özüm (Seýdi). Razy boluňlar, 
görenler, Ýowukdyr zamana, begler! (Hatam şahyr). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   817   818   819   820   821   822   823   824   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling