502
ÝORGUDYKLAMAK [ýorğuduklomok],
işl.,
ser. Ýorgalamak 2.
Gapyda bir guşjagaz nämedir bir
zat kowalap, ýorgudyklap ýördi (N. Geldiýew).
ÝORGUN [ýorğun],
syp. Ýadaw, argyn.
ÝORGUNLYK [ýorğunluk],
at. Ýadawlyk,
argynlyk.
ÝORGUT [ýorğut],
at. Düýş ýorup bilýän adam
tarapyndan görlen düýşüň manysyna, nämäniň
alamatydygyna berilýän düşündiriş. –
Ýaşuly, bu
düýşüň ýorgudyny özüň aýdaýmasaň, menden-ä
ýoran ýok (N. Pomma).
ÝORKA [ýorko],
at. Gözüň görejini örtýän
ýukajyk barda, perde.
Şunuň netijesinde gözüň
görmek güýji kemelip, ahyrda görejiň ýüzünde ýorka
peýda bolýar we oňa gül düşüp, gözi kör edýär (S.
Karanow).
ÝORKALAMAK [ýorkolomok],
işl. Ýukajyk
perde, barda bilen örtülmek.
Onuň görejiniň öňi
ýorkalapdyr.
ÝORMA [ýormo],
iş ady. Ýormak ýagdaýy.
Düýş
ýormanyň hem öz ugry-ýoly bar.
Do'stlaringiz bilan baham: