Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝONMAKLYK [ýo:nmokluk], iş ady. Ýonmak  ýagdaýy.  ÝONUJY


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet817/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   813   814   815   816   817   818   819   820   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝONMAKLYK [ýo:nmokluk], iş ady. Ýonmak 
ýagdaýy. 
ÝONUJY [ýo:nujy], at. 1. Tagta, demir we ş.m. 
zatlary ýonýan adam. 2. göç.m. Birinden bir zady hile 
bilen alýan, ýolujy (adam hakynda). 
ÝONULMAK [ýo:nulmok], işl. 1. Ýonujy 
gurallar bilen ýylmanmak, tekizlenmek. Indi daş 
ýonulmagynyň sesine agaç ussalarynyň rendeleriniň 
hem başga gurallarynyň sesi goşulýardy (A. 
Gowşudow). 2. göç.m. Aldaw, hile bilen alynmak. 
ÝONUŞ [ýo:nuş], iş ady. Ýonmak ýagdaýy. 
ÝONUŞDYRMAK [ýo:nuşdurmok], işl. Ýonup 
çykmak, kä ýerlerini ýonup düzetmek. Tagtalary 
ýonuşdyrdym. 
ÝONUŞGA [ýo:nuşğo], at. Agaç, demir we ş.m. 
zatlar ýonulanda, olardan aýrylýan burum-burum 
ýukajyk, insizje bölejikler. Ol üýşüp ýatan agaç 
ýonuşgalaryny süpürip aýyrdy. 
ÝONUŞMAK [ýo:nuşmok], işl. 1. Ýonmaga 
kömek bermek. Agaç ýonuşmak. Pil saplaryny 
ýonuşmak. 2. Bilelikde ýonmak. 
ÝOŇ I, at. Sowuklama, üşeme we ş.m. 
netijesinde döreýän näsaglyk, dümew. 
ÝOŇ II, at. Täze dörän, köpçülikleýin ürç edilýän 
zat, nysak (geýim, köwüş, oýun we ş.m.)., 

Ýoň bolmak giňden ýaýramak, bir zat nysak 
bolmak. 
ÝOŇLAMA [ýoňlomo], iş ady. Ýoňlamak 
ýagdaýy. 
ÝOŇLAMAK 
[ýoňlomok], 
işl. 
Üşemek 
netijesinde näsaglyk tapynmak, dümewlemek, 
sowuklamak. 
ÝOŇLAMAKLYK [ýoňlomokluk], iş ady. 
Ýoňlamak ýagdaýy. 
ÝOŇLAÝYŞ [ýoňloýuş], iş ady. Ýoňlamak 
ýagdaýy. 
ÝOŇSUZ, syp. 1. Göwrüm, möçber, mukdar 
taýdan köp; ep-esli, uly, gabarasy esli. Bir atadan 
ýeke Taýmaz, Indi görseň, ýoňsuz ata (K. 
Gurbannepesow). 2. Ep-esli; esli wagt. Suw başynda 
ýoňsuz wagt güýmendi (A. Kekilow).
ÝORDUM,at. Çeper eserde wakalaryň ösüşiniň, 
gahrymanlaryň suratynyň çekiliş, görkeziliş täri,
ugry. Pikir ýordumy. Sýužet ýordumy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   813   814   815   816   817   818   819   820   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling