Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet820/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   816   817   818   819   820   821   822   823   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝORMAK [ýormok], işl. 1. Görlen düýşüň 
manysyny aýtmak. Aman pälwan düýş ýormaga, 
adamyň ýylyny öwrüp, ýaşyny anyklamaga ökdedi (B. 
Seýtäkow). 2. Bir işi, hereketi başga bir zada 
ýanamak. Möwsümiň şeýle şowly gelmegine biz 
gowulyga ýorýarys (

Türkmenistan

). 
ÝORMAKLYK [ýormokluk], iş ady. Ýormak 
ýagdaýy. Düýş ýormaklyk aňsat däl. 
ÝORTMA [ýortmo], iş ady. Ýortmak ýagdaýy. 
ÝORTMAK [ýortmok], işl., gepl.d. Ylgamak, 
çalt gitmek. Ýortan ozar, ýatan tozar (Nakyl). 
ÝORTMAKLYK [ýortmokluk], iş ady. Ýortmak 
ýagdaýy. 
ÝORTUŞ,iş ady. Ýortmak ýagdaýy. 
ÝORTUŞMAK [ýortuşmok], işl. Çalt ýöreşip, 
ylgaşyp barmak. Ýapylarda ýortuşyp, Oýnadylar bu 
ýerde (M. Myşşyýew). 
ÝORULMAK [ýorulmok] I, işl. Düýşüň ýorgudy 
aýdylmak. 
ÝORULMAK [ýorulmok] II, işl. Ýadamak, 
armak. Sen ýöne ýorlupsyň, ysgyndan düşüpsiň (B. 
Kerbabaýew). Uzak ýoly söküp, ýorlan ýolagçy biziň 
şäherimiziň howaly baglaryna gözi düşende, 
argynlygy sowlan ýaly bolýar (

Edebiýat we 
sungat

). 
ÝORUNJA [ýorunjo], at. Mal iými üçin ekilýän
uzyn, inçe baldakly, owunjak ýaprakly, mawy gülli 
köpýyllyk ot. Gül açypdyr gowaçalar, Ýorunja 
geçipdir dyzdan (Ç. Aşyrow). 

Eşek 
ýorunja kösükliler maşgalasyna 
degişli ak kökli, boýy 20-100 sm. ýetýän uzyn 
baldakly, gyralary kertik-kertik üç ýapraky, iki ýyllyk 
otjumak ösümlik. Bu ösümligiň ownuk sary gülleri 
salkym görnüşlidir. Miwesi süýrgült kösük görnüşli 
bolýar. 
ÝORUNJAÇYLYK [ýorunjoçuluk], at. Oba 
hojalygynda: ýorunja ösdürip ýetişdirmek, ondan iým 
taýýarlamak bilen meşgullanýan ugur. Ýorunjaçylyk 
bilen giňden meşgullanylýar. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   816   817   818   819   820   821   822   823   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling