Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet828/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   824   825   826   827   828   829   830   831   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ýuwha ýaly (dek) 1) betnyşan, gelşiksiz, 
görksüz. 2) reňk-peti ýok, gorkan. Çekge süňkleri 
somalyp, Ak ýuwha dek boldy ýüzi (Ç. Aşyrow). 
ÝUWLUK,at. Çowlukdan bolan çaga. Käsi 
çowlukdan soň ýuwluk diledi, Käsi dosty üçin saglyk 
diledi (K. Gurbannepesow).
ÝUWMA [ýuwmo], iş ady. Ýuwmak ýagdaýy. At 
ýuwma şeýle bir lezzetli iş. 
ÝUWMAK [ýuwmok], işl.1. Hapany, kiri suw 
bilen arassalamak, suw bilen tämizlemek. 2. gepl.d. 
Biriniň durmuşynda bolýan oňaýly wakany, üstünligi, 
şowlulygy we ş.m. bellemek, onuň şanyna oturyşyk 
guramak. 
ÝUWMAKLYK [ýuwmokluk], iş ady. Ýuwmak 
ýagdaýy. Nahardan öň we soň eliňi ýuwmaklyk 
arassaçylyk üçin gowudyr. 
ÝUWMARLAMA [ýuwmorlomo], iş ady. 
Ýuwmarlamak 
ýagdaýy. 
Onuň 
ýagdaýy 
ýuwmarlamasy düşnüklidi, çünki dostunyň gaharyny 
getirip, utjak zady ýokdy. 
ÝUWMARLAMAK 
[ýuwmorlomok], 
işl. 
Biriniň ýaramaz hereketini ýumşadyp görkezmek, 
ýuwup-ýaýmak. Annagylyç her niçik-de bolsa, 
ýoldaşynyň günäsini ýuwmarlamaga çalyşdy (Ş. 
Borjakow).
ÝUWMARLAMAKLYK [ýuwmorlomokluk], iş 
ady. Ýuwmarlamak ýagdaýy. 
ÝUWMARLAMAZLYK [ýuwmorlomozluk], iş 
ady. Ýuwmarlap aklajak bolmazlyk. 
ÝUWMARLANMAK [ýuwmorlonmok], işl. 
Günäniň, aýybyň üsti basyrylmak, aklajak bolunmak. 
ÝUWMARLATDYRMAK [ýuwmorlotdurmok], 
işl. Başga birine ýuwmarlatmak. 
ÝUWMARLATMAK [ýuwmorlotmok], işl. 
Biriniň 
ýaramaz 
hereketini 
ýumşadyp 
görkezdirmek. Ol günäsini ýuwmarlatjak bolup köp 
çalyşdy. 


510 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   824   825   826   827   828   829   830   831   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling