bulamak bozgakçylyk, erbetçilik, bimazaçylyk
etmek, ýurdy çaýkamak. Ýurdy çaýkamak ser.
Ýurdy bulamak. Ýurt çalmak täze ýurdy bellemäge
gitmek, gonuljak, göçüp baryljak ýeri öňünden
görmek. Kimkä? Bagşymyka ýa-da ýurt çalyp
ýörenmikä? (N. Saryhanow). Ýurt baştutany
döwletiň ýolbaşçysy. Ýurtda galan ejiz, biçäre,
ýalňyz, ýeke, hossarsyz. – Neneňsi, şu ýurtda galan
ýumruk ýaly oglana eliň göterilýär?! – diýip, yzyna
gaýtdy (H. Derýaýew). Ýurt salyp gitmek watanyňy
taşlap, başga bir ýurda gitmek, iliňi terk etmek,
oturymly ýeriňi taşlamak. Ýurt salyp gitmäge ýeke
gara başyňmy näme? (Ý. Pirgulyýew). Ýurt
soramak höküm sürmek, öz diýeniňi etdirmek. Ýurt
sökmek aýlanmak, gezmek, syýahat etmek. Ýurt
tutmak jaý gurunjak ýeriňi bellemek. Ýurt ýykan 1)
bet, kezzap, hilegär, ýaman; ýakymsyz. 2) ahlak
taýdan bozulan, bozuk, ilden çykan.
ÝURTBASAR [ýu:rtbasar], at. Başgalaryň ýer-
ýurduny zor bilen basyp alýan, basybalyjylykly
syýasaty ýöredýän jeňbaz.
ÝURTDAŞ [ýu:rtdoş], at. Ýurdy, ýaşaýan ýeri
bir, umumy bolan adam.
ÝURTDAŞLYK [ýu:rtdoşluk], at. 1. Ýurtdaş
bolmaklyk. 2. Ýurtdaş, ildeş adamlaryň başga
ýerdäki, başga ýurtdaky biri-birine raýdaşlyk etmek
maksady bilen guralan birleşmesi.
ÝUWA [ýuwo], at. Ýaşyl sogana meňzeş,
ajymtyk tagamly, iýilýän ýaz oty.
Ýuwaň seçegi ýaly syrdamdan uzyn boýly.
Obamyzyň ýuwaň seçegi ýaly gyzlary, olara mynasyp
naw ýaly ýigitleri bardyr.
ÝUWAN [ýuwon], syp.1. Duzy, çaýy az atylan,
duzy kem. Ýuwan nahar. 2. Turşy däl, iýmäge
mylaýym. Ýuwan gatyk. 2. göç.m. Ýuwnuksyz, edýän
hereketi, aýdýan sözi batnyksyz.
Do'stlaringiz bilan baham: |