Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet824/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   820   821   822   823   824   825   826   827   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝUKALAMAKLYK [ýu:kolomokluk], iş ady. 
Ýukalamak ýagdaýy. 
ÝUKALAMAZLYK [ýu:kolomozluk], iş ady. 
Ýukalamak işini amal etmezlik. 
ÝUKALANMAK [ýu:kolonmok], işl. Ýuka 
bolmak; ýuka edilmek. Gat-gat bulutlar ýeliň ugruna 
çalt süýşüp, birneme ýukalandy (Ş. Borjakow). 
ÝUKALATDYRMAK [ýu:kolotdurmok], işl. 
Ýuka etdirmek. 
ÝUKALAÝYŞ [ýu:koloýuş], iş ady. Ýukalamak 
ýagdaýy. 
ÝUKALMA [ýu:kolmo], iş ady. Ýukalmak 
ýagdaýy. 
ÝUKALMAK 
[ýu:kolmok], 
işl. 
 
Köp
ulanylmagy ýa-da başga bir sebäp bilen ýuka bolmak; 
sürlüp, iýlip, eräp we ý.m. sebäpli ýuka hala geçmek. 
Gara bulut indi kem-kemden dargap, barha 
ýukalýardy (B. Gurbanow). 
ÝUKALAŞMAK 
[ýu:koloşmok], 
işl. 
Ýukalamaga kömekleşmek. 
ÝUKALTMAK [ýu:koltmok], işl. Ýuka etmek, 
ýukalamak. 
ÝUKALYŞ [ýu:koluş], iş ady. Ýukalmak 
ýagdaýy. 
ÝUKALYŞMAK [ýu:koluşmok], işl. 1. Kem-
kemden ýukalmak. 2. Birneme ýukalmak. 
ÝUKARAK [ýu:kora:k], syp. Birneme ýuka. 
Gandym kaka, elimiziň ýukarak wagty myhmanam 
üstümizi basaýdy (A. Gowşudow).
ÝUMAK [ýumok], at. Ýüp, ýüplük, eriş we ş.m. 
zatlaryň bir zadyň daşyna saralmagyndan emele 
gelýän togalak sargy. 

Ýumak çözlenmek gürrüňiň, işiň, wakanyň 
beýany äşgär, aýan bolup, ýüze çykyp başlamak, uç 
tapylmak.Çöşlensin bar ýumak, galmasyn düwün, 
Men size açygny aýdaýyn şu gün (A. Kekilow). 
Ýumak ýaly togalanmak (tigirlenmek) 1) biriniň 
hyzmatynda bolmak. Bossan-da onuň öňünde ýumak 
ýaly togalandy (B. Kerbabaýew). 2) daşynda 
pyrlanmak, aýlanmak, söýmek, gowy görmek. Gyzyň 
daşynda ýumak ýaly bolup aýlansaňam, öýe salmarys 
(B. Seýtäkow). 3) çalasyn, çalt hereket etmek. 
Birdenkä açyk gapydan bir çagajyk ýumak ýaly 
tigirlenip geldi (

Edebiýat we sungat

). Ýumak ýaly 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   820   821   822   823   824   825   826   827   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling