Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet832/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   828   829   830   831   832   833   834   835   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝÜPEK [ýüpök], at. 1. Ýüpek gurçugynyň 
pilesinden alynýan inçe süýümli önüm. 2. 
Ýüpekden taýýarlanan, ýüpekden öndürilen. Ýüpek 
mata. 

Ýüpegiň uçly bolsun! ýüpek çekijä işiniň 
şowly bolmagyny arzuw edip aýdylýan dileg. – 
Ýüpegiň uçly bolsun! – diýlende: – Döwletiň güýçli 
bolsun! – diýip, jogap berilýär. Ýüpek çekmek piläni 
ýörite gazanda gaýnadyp uç almak; piläni ilkinji 
gezek işlemek. Gyzlar ýüpek çekmek işine 
türgenleşipdirler. Ýüpek ýaly örän gowy häsiýetli, 
mylaýym, adamkärçilikli. 
ÝÜPEKÇI [ýüpökçü], at. Gurçuk tutup pile 
hasylyny almak işi bilen meşgullanýan işgär, 
ýüpekçilikden hünärmen.  
ÝÜPEKÇILIK 
[ýüpökçülük], 
at. 
Oba 
hojalygynyň ýüpek gurçugyndan pile hasylyny almak 
bilen meşgul bolýan pudagy. Bize hökman gerek şu 
ýüpekçilik, Gowy zat şu ýüpek, söýýär köpçülik (G. 
Seýitliýew). 
Ýüpekçilik 
hojalygy. 
Ýüpekçiligi 
ösdürmek. Ýüpekçilik bilen meşgullanmak. 
ÝÜPEKLI [ýüpöklü], syp. Ýüpek garylan, ýüpek 
gatanjy bolan. Ýüpekli don. 
ÝÜPLÜK, at. Dokmaçylyk, tara we tikin-çatyn 
işlerinde ulanmak üçin pamyk süýüminden egrilip 
taýýarlanan önüm, nah sapak. Ak ýüplükden, gök 
erişden, Saçyna ýüpden bag eder (Kemine).

Ýüplük ýaly bolmak gaty horlanmak
inçelmek. Enesi görse, Zöhre ýüplük ýaly bolupdyr 
(

Zöhre – Tahyr

). 
ÝÜP-SÜP,at. Baglamak, daňmak üçin gerek 
bolan ýüp, bag, ýüplük. Aýnek ýüp-süp bilen saralyp, 
seplenmeginden başga-da, gurnalyp çeňklenipdir (A. 
Gowşudow). 
ÝÜP-ÝÜZLEÝ [ýüp-ýüzlöý], syp. Örän ýüzleý. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   828   829   830   831   832   833   834   835   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling