Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet833/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   829   830   831   832   833   834   835   836   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝÜREK [ýürök] I, at. 1. Adamyň, haýwanyň döş 
boşlugynyň çep tarapynda ýerleşýän merkezi gan 
aýlanyş agzasy. 2. göç.m. Adamyň ruhy dünýäsini 
jemleýän agza. Şeýle hem bolsa, her sapar ýola 
atlananda ýüregi ezilýärdi, närahat pikirler üstüni 
basýardy (G. Kulyýew) 3. göç.m. Bir ýeriň, ýurduň 
ýa bir zadyň iň esasy ýeri, merkezi. Ýurdumyzyň 
ýüregi Aşgabatda gurulýan binalar diňe bir başga 
şäherlileri däl, aşgabatlylaryň özünem haýran 
galdyrýar. 
4. 
göç.m. 
Güýç-kuwwat, 
gaýrat. 
Tüweleme, bu işe hötde gelip bilen bolsaň, sende 
ýürek bar! 6. Mis kündügiň iki gapdalynda 
owadanlyk üçin güberçek edilip goýulýan ýürek 
şekilli nagyş. 

Ýürege düşmek halys etmek, irizmek, 
ýadatmak, bizar etmek. Horazyň sesi baýyň ýüregine 
düşdi (

Türkmen halk ertekileri

). Ýürege dykyn 
bolmak bir zatdan kine galmak. Onuň aýdan sözleri 
ýüregime dykyn bolup dur. Ýüreginden önen 
özünden bolan perzent, çaga. Ýüregiňden turmak 
göwnüňe, islegiňe görä hereket etmek, sözlemek, 
aýtmak, göwnüňden turmak. Edil meniň ýüregimden 
turupsyň, balam! Ýüregiň dilinmek gaty haýpyň 
gelmek, rehimiň inmek, gaty gynanmak. Ýüregiň 
dykylmak işdäň zat alman, bir hili ýüregiň 
petiklenen, dolup duran ýaly bolmak. Ýüregiň 
ezilmek gaýgylanmak, pikire batmak, ejizlemek. 
Onuň 
her 
sapar 
ýola 
atlananda, 
ýüregi 
ezilýärdi.Ýüregiňe daş baglamak näme bolsa, şol 
bolsun edip, kesgitli karara gelmek, ölsem öleýine 
salmak. Ýüregiňe düşmek 1) aýraçylykda halys 
göresiň gelmek. Oglum, seni şeýle bir küýsedim, seni 
şeýle bir göresim geldi, şeýle bir ýüregime düşdüň! 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   829   830   831   832   833   834   835   836   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling