Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


dönmek ser. Ýüzi ak tam bolmak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet841/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   837   838   839   840   841   842   843   844   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

dönmek ser. Ýüzi ak tam bolmak. Onuň ýüzi üç 
ýuwlan ak esgä döndi. Ýüzi üýtgemek utanmakdan, 
gaharyň gelmekden ýaňa ýüzüň reňki üýtgemek. 
Ýüzi ýagtylmak1) ýüzünde şatlyk alamaty peýda 
bolmak, şatlanmak, begenmek. 2) sagalyşmak, reňki 
kesikligi aýrylmak. Dynç alyp gelenindenmi nämemi, 
onuň ýüzi ýagtylypdyr. Ýüzi ýere berilmek ýüzin 
ýykylmak. Ol daşa büdräp, ýüzi ýere berildi. Ýüzi 
ýok 1) biriniň ýanynda abraýy, hormaty, sylagy 
bolmadyk. Oňa jogap berip bilere biziň ýüzümiz ýok 
(B. Kerbabaýew). 2) bazarda satyn alynmaýan, 
onçakly geçginli bolmadyk. Bu günler halynyň ýüzi 
ýok. Ýüzi ýyrtyk utanyp-çekinip durmaýan. Ýüz 
öwürmek ser. Ýüz döndermek. Gadyrdan 
dostuňdan ýüzüň öwürme, Barsaň depesine täç eder 
seni (Magtymguly). Ýüz saraltmak boýun burup, 
dileg bilen ýüz tutmak, ýalbarmak. Ýüz sowmak ser. 
Ýüz öwürmek. Ýaşaşardyk, ýüz sowuşyp ýörmezdik, 
Hemişe ikimiz bileje gezdik (M. Seýidow). Ýüz 
tapmak hormatlanmak, gowy kabul edilmek, oňat 
garşy alynmak. Görogludan ýüz tapman gelen aga 
diýerler saňa (

Görogly

). Ýüz tutmak dileg, 
kömek, haýyş, sorag, maslahat we ş.m. bilen birine 
ýüzlenmek. Ýüz tuwagy edinmek birini gowy adam, 
gowy işgär we ş.m. hökmünde öňe tutmak, sizden 
kim bar diýlende, pylany bar diýip, şony 
görkezmek.Onuň ýüz tuwagy edinýäni ýeke sendiň.
Ýüz urmak bir işe baş goşmak, bir kär bilen meşgul 
bolmak. Aman arap bolsa söweşi düýbünden taşlap, 
sopuçylyga ýüz uranyny aýdýar (

Görogly

). 
Ýüzünden gan damaýyn diýýär semiz, ýüzi gyzyl, 
ýüzi jozzuk ýaly, sagdyn. Ýüzünden gar ýagmak 
ýüz-gözünde rehim-şepagat bolmazlyk, gaharly, örän 
gazaply bolmak. Ýüzünden ýüz güjükdoýjak ýüzi-
gözi hapa, çyrşak-çyrşak, hapa (ýaş çaga 
hakynda).Ýüzüne serediň, ýüzünden ýüz güjük doýjak 
(A. Durdyýew). Ýüzüne almak sähelçe zat bildirip 
durmak, hapalamak. Ak tam azajyk hapany-da ýüzüne 
alýar (N. Saryhanow). Ýüzüne almazlyk adýlan 
dogry söz täsir etmezlik, ondan utanmazlyk. Ýüzüne 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   837   838   839   840   841   842   843   844   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling