Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet844/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   840   841   842   843   844   845   846   847   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ýüzüň ganyny gaçyrmak gaharyň gelip, ganyň 
gyzmak. Ýüzüň gyzarmak örän utanmak, uýalmak. 
Weziriň bolsa gaty gahary gelipdir we utanjyna ýüzi 
gyzarypdyr (

Türkmen halk ertekileri

). Ýüzüň 
gyzmak ser. Ýüzüň gyzarmak. Ýüzüňe sylmak iki 
eliňi ýazgyn ýagdaýynda ilki sylýan zadyňa baka 
tutup, soňra şonuň ýaly edip, öz ýüzüňe degirmek. 


516 
Ene durup, barýan gelnalyjyny ýüzüne syldy. Ýüzüňi 
aşak salmak müýnlüdigiňi ýa-da närazylygyňy 
bildirmek, nadyl bolmak. Emma hiç bir zat aýdyp 
bilmän, ýüzüni aşak salyp otyr (H. Derýaýew). 
Ýüzüňi garaňka tutmak garaňkynyň öň ýanynda bir 
ýere ugramak. Ýüzüni garaňka tutup gelen atlynyň 
kimdigini, nireden gelip, nirä barýandygyny 
soramagy soňa goýan Halyl aga myhmanyň atyny 
tutmagy inisine tabşyryp, sekiz ganat ak öýe tarap 
ýöneldi (N. Gurbanmyradow). Ýüzüňi gyjakçyň 
ýüzi ýaly etmek gürrüňdeşiňe göwnüň ýetmän ýa-da
onuň gürrüňine pisint etmän, äsgermezçilik bilen 
ýüzüňi kese-kese sowmak. Näme, ýüzüňi gyjakçyň 
ýüzi ýaly edip otyrsyň? Ýüzüňi sallamak ser. Ýüzüňi 
aşak salmak. Ýüzüňi sortdurmak nägile bolmak, 
öýke etmek, torsarmak. Ýüzüňi ton ýarym edip 
oturmak ýüzüňi agryljyradyp, agrassyrap gomparyp 
oturmak. Ýüzüňi ýalap barmak örän ýiti sowuk 
bolmak. Ýüzüň üstünde burnuň bar diýmezlik 
edenine däl diýmezlik, seniňki telek diýmezlik. Näme 
etseň hem indi biz saňa 

ýüzüň üstünde burnuň bar

 
diýmäli diýip, sözüne başlady (A. Gowşudow). 
Ýüzüňi ýokaryk (göge) tutmak ulumsylyk etmek, 
özüňi hondanbärsi görkezjek bolmak, men-menlik 
etmek, gopbamsyramak. 
ÝÜZ II, san. 100 belgisi bilen aňladylýan san we
mukdar. Ýüzden ýüwrük çykar, müňden – tulpar 
(Nakyl). Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda, Altmyş 
nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir (Magtymguly). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   840   841   842   843   844   845   846   847   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling