Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝYKYK, syp. Abat däl, weýran, berbat bolan,  ýykylan, ýumrulan.  ÝYKYK-ÝUMRUK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet852/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   848   849   850   851   852   853   854   855   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝYKYK, syp. Abat däl, weýran, berbat bolan
ýykylan, ýumrulan. 
ÝYKYK-ÝUMRUK, syp. Weýran bolup galan, 
berbat bolan, haraba öwrülen. Uly ýol bilen gidip 
barşymyza ýykyk-ýumruk jaýlara gözümiz düşmedi. 
ÝYKYLMAK, işl. 1. Agdarylyp ýere düşmek, 
bir zadyň üstünden ýere gaçmak. Düýeden ýykylmak. 
2. Dik oturan zat bir gapdala agmak, gaýtmak.
Demlengi demkeş ýykyldy. Agaç ýykyldy. 3. 
Ýeňilmek, asgyn gelmek. Ýykylsaň, uludan ýykyl 
(Nakyl). 4. Taýyp, büdräp ýere ýazylmak. Ýykylany 
ýer götär (Nakyl). 5. göç.m. Keramatly hasap edilýän 
güýçlere kömek sorap ýüz tutmak. Ak işana 
ýykylmak. 6. Synmak, dargamak, ýaşamagyny bes 
etmek. On ýedinji ýylda ak patyşa ýykyldy. 7. 
Synagda kanagatlanarsyz baha goýulmak, ikilik 
almak. Sürmekden synag geçirilende ýykyldym. 

Ýykylanyň ýeňsesinden depmek ýoldaşlyk, 
hossarlyk etmezlik, kynçylyga düşülende goltgy 
bermezlik. Ýykylanyň ýeňsesinden depmek biziň 
häsiýetimize mahsus däldir. Ýykylsaň dişiň 
döwüljek hiç zat bitmedik, şyr takyr, gaty (ýer 
hakynda). Ýykylyp ýatmak gaty söýmek, gowy 
görmek, halamak. Sen şol gyz diýip ýykylyp ýatyrsyň-
la...  
ÝYKYLYP-SÜRÜŞMEK [ýykylyp-sürüşmök], 
işl. 1. Kä ýykylyp, kä aýaga galyp, kynlyk bilen ýol 
geçmek, öňe gitmek. Ýykylyp-sürşüp, haşlap, Barýar 
goşlaryn taşlap (R. Seýidow). 2. göç.m. Durmuşda 
ýalňyşlyk goýberip, şowsuzlyga sezewar bolmak. Ara 
şeýtan düşürmejek bolmaly, birek-biregiň ýykylan-
sürşen ýerinde maňlaýyndan direjek bolmaly (G. 
Kulyýew). 
ÝYKYLYŞMAK, işl. 1. Ýumrulyşyp, dargaşyp 
başlamak, çagşaşyp başlamak. Tam ýykylyşypdyr, 
onuň suwaglaryny täzeläp, käýerlerini täzeden 
örmeli. 2. Köp zat ýykylmak. Üzümiň direg agaçlary 
ýykylyşyp ýatyr. 3. Ýerli-ýerden, birnäçe bolup 
ýykylmak. Oglanlar näme ýykylyşyp ýatyrlar? 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   848   849   850   851   852   853   854   855   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling