Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝYLAKLYK,at. Ýylagyň köp biten ýeri. Çopan  goýun sürüsini ýylaklyga tarap gaýtardy.  ÝYLAMA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet854/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   850   851   852   853   854   855   856   857   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝYLAKLYK,at. Ýylagyň köp biten ýeri. Çopan 
goýun sürüsini ýylaklyga tarap gaýtardy. 
ÝYLAMA,iş ady. Ýylamak ýagdaýy. 
ÝYLAMAK, işl. 1. Çala gyzmak. Oduň başynda 
goýlan kündügiň suwy ýylady. 2. Maýlamak. Howa 
ýylady. 
ÝYLAMAKLYK,iş ady. Ýylamak ýagdaýy. 
ÝYLAMAZLYK, iş ady. Ýylamak derejesine 
ýetmezlik, ýylap bolmazlyk. 
ÝYLAN [ýyla:n], at.haýwanat d. Egrem-bugram 
bolup suwlup hereket edýän zäherli we zähersiz 
süýreniji. Ýylanyň ýigreneni narpyz, ol hem hininiň 
agzynda gögär (Nakyl). 

Ýylan garagy (garaçygy)ýok ýagsyz, 
düýbünden ýagy bolmadyk (nahar hakynda). 
Çorbada eger-eger ýylan garagy-da ýok eken 
(

Edebiýat we sungat

).  
ÝYLANBALYK [ýyla:nma:lyk], at. haýwanat d.  
Ýylana menseş inçe, uzynja balyk. 
ÝYLANBAŞ [ýyla:nmaş], at.haýwanat d. 1. 
Görnüşi ýylanyň kellesine çalymdaş, köplenç, süýji 
suwly akar suwlarda ýaşaýan kiçijik jandar. 2. Içi diş-
diş boşlukdan emele gelen ýylanyň akja kelle 
süňküne meňzeş, göz degmesin diýip yrym edilip
köplenç, çagalaryň egin-eşigine dakylýan tebigy ýa-
da emeli bezeg daşy. 3. Kebelek ýa-da owadan älem 
atly äleme salynýan nagşyň goçagynyň towlanyp 
duran ýylana meňzedilip çitilýän ýaşyl çitimi. 
ÝYLANÇYR 
[ýyla:nçyr] 
I, 
at.haýwanat 
d.Suwulgandan ulurak, ýylpyldap duran hamly 
süýreniji. 
ÝYLANÇYR [ýyla:nçyr] II, at. 1. Gaňyrçak 
görnüşli nagyş. 2. zergärç.s. Şaý-sepleriň gyralaryna 
salynýan alagowurdaga meňzeş nagşyň ady. 
ÝYLANDODAK [ýyla:nno:dok], at. Ýapraksyz, 
owadan ak gülli, gumda bitýän gol boýy ösümlik. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   850   851   852   853   854   855   856   857   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling