Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet856/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   852   853   854   855   856   857   858   859   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝYLGYRJAKLAMAK [ýylğyrjaklamak], işl. 
Sessiz gülümsiremek, çalarak ýylgyrmak.
ÝYLGYRJAKLAŞMAK [ýylğyrjaklaşmak], işl. 
Ýerli-ýerden, 
birnäçe 
bolup 
ýylgyrjaklamak. 
Ýetginjekler işikden ýylgyrjaklaşyp girdiler
ÝYLGYRJAKLATMAK 
[ýylğyrjaklatmak], 
işl.1. Ýylgyrjaklaýan halda bolmak. Ol bir hili ýüz-
gözüni ýylgyrjakladyp işikden girdi. 2. Ýylgyrjaklar 
ýaly etmek.
ÝYLGYRJYRAMAK [ýylğyrjyramak], işl., ser
Ýyljyraklamak. Dostum ýylgyrjyrady we aşak 
oturdy. 
ÝYLGYRJYRAMAKLYK [ýylğyrjyramaklyk], 
işl. Ýylğyrjyramak hereketi. 
ÝYLGYRJYRAMAZLYK [ýylğyrjyramazlyk], 
iş ady. Ýyljyraklamazlyk. 
ÝYLGYRJYRAŞMAK [ýylğyrjyraşmak], işl. 
Bilelikde ýylgyrjyramak. Onuň aýdanlaryna gyzlar 
ýylgyrjyraşdylar. 
ÝYLGYRMA [ýylğyrma], iş ady. Ýylgyrmak 
ýagdaýy.
ÝYLGYRMAK [ýylğyrmak], işl. Gülümsiremek, 
sessiz ýuwaşja gülmek.
ÝYLGYRMAKLYK [ýylğyrmaklyk], iş ady. 
Ýylgyrmak ýagdaýy. 
ÝYLGYRMAZLYK [ýylğyrmazlyk], iş ady. 
Ýylgyrman durmak, ýylgyrmakdan saklanmak. 
ÝYLGYRTMAK [ýylğyrtmak], işl. 1. Ýylgyrar 
ýaly etmek. Lak atyp, çagany ýylgyrtmak. 2. 
Ýylgyrmaga sebäp bolmak. Sen meni ýylgyrtdyň. 3. 
Ýylgyrmaga 
şert 
döretmek, 
maý 
bermek, 
mümkinçilik döretmek. 

Dişini ýylgyrtmak bir zat bilen begendirmek. 
ÝYLGYRYŞ [ýylğyryş], iş ady. Ýylgyrmak 
ýagdaýy. 
ÝYLGYRYŞMAK [ýylğyryşmak], işl. Bilelikde 
ýylgyrmak. Saglyk-amanlyk soraşyp, ata-ogul biri-
biriniň 
ýüzüne 
ýylgyryşyp 
seredişdiler 
(A. 
Durdyýew). 
ÝYLJAKsyp1. Ýylysy gitmedik. Ýyljak ýer. 2. 
Sowuk ýer gowy ýyladylan, gyzdyrylan. Ýyljak 
ýerde işläp otyrdym. 
ÝYLJAJYK, syp. Ýylysy gowuja saklanyp 
galan. Ýyljajyk çorba iýseň-ä şu wagt kem däl ýaly. 
2. Gowuja ýyladylan, gyzdyrylan. Içeri ýyljajyk eken, 
heziller etdim 
ÝYLJYRAKLABERMEK [ýyljyrakla:vermek], 
işl. Ýyljyraklap ugramak. 
ÝYLJYRAKLAMA, iş ady. Ýyljyraklamak 
ýagdaýy. 
ÝYLJYRAKLAMAK, işl. Gözüni güldürip 
ýylgyrmak. 
ÝYLJYRAKLAMAKLYK, 
iş 
ady. 
Ýyljyraklamak ýagdaýy
ÝYLJYRAKLAMAZLYK, iş ady. Gözüni 
güldürip ýylgyrmazlyk. 
ÝYLJYRAKLAŞMAK, işl. Ýerli-ýerden birnäçe 
bolup ýyljyraklamak. Olar hiç zat bolmadyk ýaly 
ýyljyraklaşyp barýardylar (R. Allanazarow). 
ÝYLJYRAKLATMAK, 
işl. 
Ýyljyraklamak 
katdyna ýetirmek. 
ÝYLKY, at.haýwanat d. Atyň ähli jynsyny öz 
içine alýan umumy ady, gylýal. Müň boldy goýuny, 
ýüz boldy ýylky, Döwlet başa gelen jaýlar, hoş indi 
(Hatam şahyr). 
ÝYLKYBAN [ýylkyva:n], at. Ýylky çopany, 
ýylky bakýan adam. 
ÝYLLYK, at. Bir ýyl üçin hasaplanan, bir ýyl 
möhletli, bir ýyl dowamynda bolýan. Talyplar birinji-
üçünji ýyllarda ýyllyk işlerini ýazýarlar. 
ÝYLMA , iş ady. Ýylmak ýagdaýy. 
ÝYLMAK I, işl. Täze gaýan düýäniň düwen 
düwünçegi onuň patyrdyklap gitmegi sebäpli 
bozulmak. Düýämiz ýylypdyr. 
ÝYLMAK II, işl., gepl.d. Sözüňde, ähdiňde 
tapylmazlyk, wadaňda durmazlyk. 
ÝYLMAMA, iş ady. Ýylmamak ýagdaýy. 
ÝYLMAMAK, işl. 1. Ýüzüni endigan, tekiz 
etmek, büdür-südürini aýyrmak. Tagtanyň ýüzüni 
ýylmamak. 2. göç.m. Timar bermek. Oraz geýnip, 
saçlaryny ýylmady. 
ÝYLMAMAKLYK, iş ady. Ýylmamak ýagdaýy. 
ÝYLMAMAZLYK, iş ady. Ýylmanak şekile 
getirmezlik. 
ÝYLMANAK, syp. 1. Ýüzi endigan, tekiz, 
büdür-südürsiz. Ýylmanak oklaw hamyryň içinde bir 
ýitip, bir görnüp gidýärdi.2.göç.m. Görmegeý, 
görmekli, syratly, owadan. Ol iri süňkli, gara 
sakgally, ýylmanak ýüzli daýaw adamdy (B. 
Seýtäkow).

Ýylmanak gürrüň (söz) sypaýyçylykly, 
mylaýym söz, hoşamaý gürrüň. 
ÝYLMANMAK, işl. 1. Tekizlenmek, büdür-
südüri aýrylmak. Ýylmanan dört goşma bilezigi etlek 
bileklerine dakynyp, kümüşli heýkeli ýanyn dakyndy 
(B. Kerbabaýew). 2. Özüňe timar bermek. Näme 
beýle ýylmanýarsyň, bir ýere gitjekmi? 3. göç.m. Belli 
bir tertibe, mazmuna salynmak, düzedilmek, 
yzygiderli beýan edilmek. Şol hekaýadaky büdür-
südürlikler ýylmansa, ony okyjylar köpçüligine 
hödürlemek bolar (

Edebiýat we sungat

). 
ÝYLMANYLMAK, işl., ser. Ýylmanmak 2. 
ÝYLMANYŞMAK, işl. Ýerli-ýerden, birnäçe 
bolup ýylmanmak. Gyzlar saçlaryny darap, 
sypanyşyp, ýylmanyşyp otyrdylar. 


524 
ÝYLMAŞDYRMAK, işl. Bir ýan ujundan 
yzygiderli ýylmamak. Soňra ige bilen onuň o 
taýyny, bu taýyny ýylmaşdyrdy (G. Kulyýew). 
ÝYLMAŞMAK, işl. 1. Ýylmamaga kömek
etmek. Ussa tagta ýylmaşmak. 2. Bilelikde birnäçe 
bolup ýylmamak. Olar şire suwag bilen gara 
suwagyň ýüzüni ýylmaşyp durlar. 
ÝYLMATMAK, işl. 1. Ýylmamak işini başga 
birine etdirmek. Keseriň sapyny ýylmadanyň gowy 
bolaýdy. 3. Ýylmamak başartmak, başa barmak. Agaç 
gaty eken, zordan ýylmatdy. 
ÝYLMAÝJYat.Ýylmaýan, tekizleýän işçi ýa-da 
ýörite maşyn. 
ÝYLP, s.ş. aňl.söz. Birbada öçügsiräk ýanyp-
sönen,ýylpyldan yşygyň, oduň we ş.m. şekiliniň ady, 
öwüşgini. Garaňkynyň içinde öňümizde bir zat ýylp 
eden ýaly boldy. 
ÝYLPYLDAMA 
[ýylpyllama], 
iş 
ady. 
Ýylpyldamak ýagdaýy. 
ÝYLPYLDAMAK 
[ýylpyllamak], 
işl. 
1. 
Öçügsiräk ýylpyldyly şöhle, ýagty saçmak, ýylp-ýylp 
etmek. Garanky gijede al-asmanda çala ýylpyldap 
görünýän ýyldyzlar meni pikirlenmäge mejbur etdi. 
2. göç.m. Häli-şindi göze kaklyşmak.
ÝYLPYLDAMAKLYK [ýylpyllamaklyk], iş 
ady. Ýylpyldamak ýagdaýy. 
ÝYLPYLDAŞMAK [ýylpyllaşmak], işl. Yzly-
yzyna ýylpyldyly şöhle saçmak (köp zat hakynda). 
Ýylpyldaşyp galan enaýy ýaşyl ýapraklar agaçlaryň 
heniz ýalaňaç endamlaryny bütinleý örtüp bilmändir 
(B. Kerbabaýew).
ÝYLPYLDATMAK 
[ýylpyllatmak], 
işl. 
Ýylpyldar ýaly etmek, ýylpyldamak katdyna 
ýetirmek . 
ÝYLPYLDAWUK 
[ýylpyllowuk], 
syp. 
Ýylpyldap duran, ýylpyldyly öwüşgin atýan. 
Ýylpyldawuk daş.  
ÝYLPYLDAÝYŞ [ýylpyllaýyş], iş ady. 
Ýylpyldamak ýagdaýy. 
ÝYLPYLDY [ýylpylly], at. Arasy kesilip, yzly-
yzyna öçügsiräk ýylpyldaýan yşygyň, oduň we ş.m. 
şekiliniň ady, öwüşgini. Oduň ýylpyldysy. Çala 
görünýän ýylpyldy. 
 ÝYLPYR,at. Gara däneli, bogun-bogun bolup 
ösýän arpa meňzeş ot. 
ÝYLP-ÝYLP, s.ş. aňl.söz. Arasy kesilip, yzly-
yzyna ýylpyldaýan yşygyň, oduň we ş.m. şekili. 
Tamlaryň, kepbeleriň, öýleriň içinden yşyklar 
garaňkynyň içinde ýylp-ýylp edip görünýärdi (A. 
Durdyýew). 
ÝYLSAÝYN [ýylsa:ýyn], hal. Ýyl geçdigiçe, 
geldigiçe, ýyl-ýyldan; barha, gitdigiçe. Bugdaýdan 
we pagtadan alýan hasylymyz ýylsaýyn artýar. 
ÝYLY, syp. 1. Çalaja gyzan, çala gyzgyny bar 
bolan, sowuk däl. Ýyly suw. 2. Sowuk däl, maýyl. 
Ýyly jaý. 3. Sowuk geçirmeýän, gyzgyn saklaýan. 
Ýyly geýim. 

Ýyly mähir (duýgy) rehimdarlyk duýgusy, 
yhlasly ýürek söýgüsi. Ýyly nazar örän mähirli, 
söýgi bilen garaýyş. Ýylysy bilen derrew, gijä 
goýman, pursaty elden bermän. Ýylysy bilen işe 
girişmek gerek. 
ÝYLYLYK,at. Howanyň ýa-da bir zadyň 
gyzmagy netijesinde ýüze çykýan 
yssylyk. 
Mekgejöwen ýylylyk söýüji we gurakçylyga çydamly 
ösümlikdir. Gün hem ýagtylyk, hem ýylylyk berýär. 
ÝYLYM, at. 1. Bir ujy kenarda berkidilip, beýleki 
ujy suwa alnyp girilip, aýlaw edip yzyna çykmak 
arkaly balyk tutulýan, ortasyna ýakyn ýerleri ownuk 
gözli, haltaly tor. 2. Guş tutmak üçin ulanylýan tor. 
ÝYLYMSYRAMAK, işl. Ýylym-ýylym etmek, 
çala ýylgyran bolmak, ýyrşarmak, gülümsiremek. 
Köçede duran ýük maşynyň üstünde abşarylyp duran 
murtlak pyýada oňa ýylymsyrap seredýärdi (N. 
Jumaýew).
ÝYLYM-ÝYLYM: ýylym-ýylym etmek dylym-
dylym etmek, iki erni bir ýere gelmän gülümsiremek. 
ÝYLYNDYRMAK [ýyllynnyrmak], işl. 1. 
Ýylnar ýaly etmek. Gar oýnan elleri buz ýaly 
çagalary öýe salyp ýylyndyrdyk. 2.Ýylynmagyna 
sebäp bolmak. Seniň meni ýylyndyranyň gowy boldy. 
3. Ýylynmaga mümkinçilik bermek. 
ÝYLYNMA, iş ady. Ýylynmak ýagdaýy. 
ÝYLYNMAK, işl., ser. Ýylanmak. Muny 
aňsatlar tutaşdyrybam bolmaz, ýylnybam bolmaz (N. 
Saryhanow). 
ÝYLYNMAKLYK, iş ady. Ýylynmak ýagdaýy.
ÝYLYNMAZLYK, iş ady. Ýylynman durmak, 
ýylynmakdan saklanmak. 
ÝYLYŇ-ÝYLYNA, hal. Ýyl-ýyldan, ýylyň-
ýylynda. Dilimiz ýylyň-ýylyna kämilleşip, barha 
ösýär we baýlaşýar. 
ÝYLYRAK [ýylyra:k], syp. Birneme ýyly. 
ÝYLYSSY, at. Ýönekeý ýyly nahar. 
ÝYLYTDYRMAK,işl. Ýylytmak işini başga 
birine etdirmek. Nahary täzeden ýylytdyrmak. 
ÝYLYTMA I, iş ady. Ýylytmak ýagdaýy. 
ÝYLYTMA II, syp. Ýyladylan nahar. 
ÝYLYTMAK, işl., ser. Ýylatmak 
ÝYLYTMAKLYK, iş ady. Ýylytmak ýagdaýy. 
Jaýy ýylytmaklyk işi talabalaýyk ýola goýlupdyr. 
ÝYL-ÝYLDAN [ýyl-ýyllan], hal. Ýylba-ýyl. 
Bardykça, ýyl-ýyldan möwç urar gyşyň, Dert ýamany 
garrylykdyr, ýaranlar (Magtymguly). 
ÝYMPYGRAK [ýympyğyra:k], syp. Tagamy 
birneme ýympyk. 
ÝYMPYK, syp. Duzsyz, duzy az atylan, ýuwan; 
tagamyna doly gelmedik (nahar hakynda). 
ÝYMPYKLYK, 
at. 
Ýympyk 
bolmaklyk, 
ýuwanlyk, turşy dällik. Maňa naharyň ýympyklygy 
ýarap baranok. 
ÝYMSARMAK, işl. Ýerliksiz çekinjeňlik, 
utanjaňlyk sebäpli diýjegiňi diýip, aýtjagyňy aýdyp 
bilmezlik, gerek zadyňy, hakyňy talap edip bilmezlik.  
Beýdip ýymsaryp durma-da, gerek zadyňy aýdyber!  
ÝYMSY, syp. Ýerliksiz çekinjeňlik, utanjaňlyk 
sebäpli diýjegini diýip, aýtjagyny aýdyp bilmeýän, 
gerek zadyny, hakyny talap edip bilmeýän. Senem 
gaty ýymsy bolýaň, gyssagly işiň çykan bolsa, 
başlygyňdan rugsat soraýarlar. 


525 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   852   853   854   855   856   857   858   859   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling