Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet859/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   855   856   857   858   859   860   861   862   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ZALYMLYK [za:lymlyk], at. Sütemkärlik, 
doňýüreklilik, ýowuzlyk. Heý, şeýle-de bir zalymlyk 
bolarmy?! (G. Seýitliýew). 
ZAMAN [zama:n], at.1. Döwür, zamana, eýýam. 
Müň şükür, zaman ýagşylyga barýar (

Watan

). 2. 
Wagt, çag, mütdet. Bir zaman diňle sözümni, Sen eşit 
arzymny bu (

Gül – Bilbil

). Bir zamanda bagt bilen 
akyl jedel edipdirler (

Türkmen halk ertekileri

). 3. 
dil b. Hereketiň öten, geljek we häzirki wagta 
degişlidigini aňladýan işlik şekili. Işlik zamanlary. 
Işligiň öten zaman şekili. Işligiň häzirki zaman şekili. 
Işligiň geljek zaman şekili. 4. Oglana dakylýan at. 
ZAMANA [zama:na], at, ser. Zaman I. 
ZAMANABAP [zama:nava:p], syp. Öz döwrüne, 
zamanasyna 
dogry, 
bap 
gelýän, 
döwrebap. 
Zamanabap bolmak. 
ZAMANDAŞ [zama:nnaş], at. Biri bilen sol bir 
zamanda ýaşan, biri bilen bir döwürin adamy, 
döwürdeş. Biz öz Watanymyzyň, öz halkymyzyň, öz 
zaman-daşlarymyzyň bagtyna guwanýarys. 
ZAMBUR [zammur], at, k.d. Ary. Zambur deý 
ýapyşyp, tutar bilgeniň (Zynhary). 
ZAMÇA, at. Togalakdan ýumşagrak, daşy dilim-
dilim gawunyň bir görnüşi.  
ZAMUN [za:mu:n], at. 1. Bir adamyň eden 
etmişini gaýtalamajagyna güwä geçip, onuň ähli 
jogapkärçiligini öz üstüňe almaklyk, kepil. 2. Güwä 
geçmeklik, şaýat bolmaklyk. Şol dänäni daýhana 
paýlasaň, indiki ýyla çenli ölmän çykjagyna men 
zamun! (B. Kerbabaýew).
Zamuna almak kepil bolup, garamatyny öz 
üstüňe alyp azat etmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   855   856   857   858   859   860   861   862   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling