Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ZÄHERLEME, iş ady. Zäherlemek ýagdaýy.  ZÄHERLEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet867/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   863   864   865   866   867   868   869   870   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ZÄHERLEME, iş ady. Zäherlemek ýagdaýy. 
ZÄHERLEMEK, işl. 1. Janly-jandara zäher 
bermek; bir zada zäher gatmak, awy goşmak, bir 
zady awulamak. Zyýanly mör-mojekleri zäherlemek. 
2. göç.m. Birine erbet söz bilen täsir edip, ters pikire 
uýdurmak. 
ZÄHERLEMEKLIK, iş ady. Zäherlemek 
ýagdaýy. 
ZÄHERLEMEZLIK, iş ady. Zäher bermezlik; 
zäher goşmazlyk, zäher garmazlyk. 
ZÄHERLENMEK, işl. 1. Bir zada zäher 
gatylmak, awy goşulmak, awulanmak. 2. Zäher 
berilmek; zäher berlip öldürilmek, awulanyp 
öldürilmek. 3. göç.m. Biri erbet söz bilen täsir edilip, 
ters pikire uýdurylmak. 
ZÄHERLEÝJI, 
syp. 
Zäherläp 
öldürýän, 
zäherleýän. Zäherleýji jisimler. Zäherleýji gaz. 
ZÄHERLI, syp. 1. Düzüminde zäher bar bolan
awuly. Zäherli ýylan. Zäherli jisim. 2. göç.m. Erbet 
täsir edýän ýaramaz söz. Zäherli sözi hergiz-hergiz 
diliňize almajak boluň! 
ZÄHERLILIK, at. Zäheri barlyk, awulylyk.
ZÄHERSIZ, syp. Düzüminde ýa-da özünde 
awusy, zäheri bolmadyk, zäherli däl. Zähersiz ýylan. 
ZÄHIM, at. Kesel, şikes, azar. Gyşyň zähmi 
bardyr, ýazyň howasy, Ol hem maňa degsin, ýara 
degmesin (

Saýatly – Hemra

). 
ZÄHMET, at. l. Belli bir maksat üçin adamyň 
akyl hem-de beden güýjüni talap edýän iş. 2. göç.m. 
Azap, görgi, jepa. Ýeriň zähmetini çekmedik eşret 
görmez. 3. Oba ady. 
Zähmet bermek birini azara goýmak, 
işdengoýmak. Size zähmet berdim. Zähmet çekmek 
köp işlemek, köp güýç sarp etmek, azap görmek, jepa 
çekmek. Zähmet depderçesi gullukçynyň ýa-da 
işçiniň işlän döwrüniň dowamlylygy, alan sylaglary 
hem-de işine degişli başga bellikler görkezilýän 
depderçesi. Zähmet görmezlik bir işi etmegi, ýerine 
ýetirmegi kyn görmezlik. Sen, inim, zähmet görme-
de, bazara gidip gel. Zähmet haky çekilen zähmet 
üçin tölenmeli hak, aýlyk. Işleýänleriň zähmet haky 
girdejiniň hasabyna barha ýokarlanýar. Zähmet 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   863   864   865   866   867   868   869   870   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling