Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ZÄKLEME [zä:kleme], iş ady. Zäklemek  ýagdaýy.  ZÄKLEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet869/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   865   866   867   868   869   870   871   872   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ZÄKLEME [zä:kleme], iş ady. Zäklemek 
ýagdaýy. 
ZÄKLEMEK [zä:klemek], işl. 1. Ýüpek, ýüň we 
ş.m. zatlary öz agramynyň bäşden birine deň bolan 
zägiň ergininde gaýnatmak. Ýüpegi zäklemek. 2. Zäk 
atmak, zäk gatmak. 
ZÄKLEMEKLIK 
[zä:klemeklik], 
iş ady. 
Zäklemek ýagdaýy. 


533 
ZÄKLENMEK [zä:klenmek], işl. Bir zada zäk 
gatylmak, goşulmak. Bu ýüň zäklenipdir. 
ZÄKLEŞDIRMEK [zä:kleşdirmek], işl. Köp 
zady zäkläp çykmak. 
ZÄKLEŞMEK [zä:kleşmek], işl. Zäkletmäge 
kömekleşmek. 
ZÄKLETMEK [zä:kletmek], işl. Zäk atdyrmak, 
zäk gatdyrmak. 
ZÄKLEÝIŞ [zä:kleýiş], iş ady. Zäklemek 
ýagdaýy. 
ZIBIL [zivil], at. Taşlandy, hapa-hupa, galyndy, 
köne-sana, zir-zibil. 
ZIBILHANA [zivilha:na], at. Zibil atylýan ýer. 
Zibilhanalary ýaşaýyş jaýlaryndan uzagrakda 
goýmaly. 
ZIBILLIK [zivillik], at. Köp hapa atylan ýer, 
zibiliň köp ýygnanan ýeri. Zibillik ýer. 
ZIKGE, at. Metaldan ýasalan pul.
Zikge kakmak pul ýasamak, pul çykarmak.
Zikge kakylýan ussahanalaryň tüýnüklerinden çykýan 
gara tüsse galanyň depesindäki gara keçe ýaly asylyp 
duran gijäniň içine siňip gidýärdi (B. Seýtäkow). 
Näme, men zikge kakýandyr öýdýärmiň? 
ZIKGEHANA [zikgeha:na], at. Metal pullary
şaýylyklary zikgelemek we döwletiň metaldan 
ýasaýan döşe dakylýan tapawutlandyryş nyşanlaryny 
taýýarlamak bilen meşgullanýan kärhana. 
ZIKIR, at, k.d. 1. Ýatlama, ýat etme. 2. Hudaýyň 
adyny gaýtalama. Ryzk üçin gam iýme, haka zikr eýle, 
Ezelde ýazylan senden daş bolmaz (Magtymguly). 3. 
Küştdepdiniň bir görnüşi. Toýlarda ýerine ýetirilýän 
zikire

Yşky zikir

 diýlipdir (A. Jykyýew). 
 Zikir çekmek hudaýyň, öwlüýäleriň adyny 
tutup, köne dini kitaplardan sesli gazal okamak.
ZIL [zi:l], at, gepl.d. Tutuş. Almalar zil 
gurçuklapdyr. 
ZILLE: zille bolmak 1. kön.s. hor bolmak, 
horlanmak. Men bu ýolda şunça zille bolmuşam, 
Munda galyp, ejizligim bilmişem (Magtymguly). 2.  
kimdir birine ýa-da bir zada garaşyp-garaşyp bizar 
bolmak, halys bolmak. Zilläň çykmak bizaryň 
çykmak, 
lütüň 
çykmak, 
halys 
ýadamak. 
Garaşmakdan ýaňa zillämiz çykdy. 
ZILLEZAR [zilleza:r], at, gepl.d. Intizar. 
Garaşyp-garaşyp zillezar boldum. 
ZINDE [zinne], syp., k.d. Diri, janly. Imanyň 
bolsa, zinde sen, Sen hem öter sen ogulsyz 
(

Hüýrlukga – Hemra

). 
 ZINET [zi:net] I, at, kön.s. Hormat, sylag. On 
 sekizgün at baýragy berildi. Günde ýüz müň zinet-
de-şan ýetişdi (Allahy). 
ZIŇK: ziňk etmek ser. Ziňkildemek 1. Ol ziňk 
edip tisgindi. 
ZIŇKIDIKLEMEK, işl. Agsaklap çalt ýöremek, 
leňkildäp çalasyn hereket etmek, ziňk-ziňk edip çalt 
ýöremek. 
ZIŇKILDEME [zinkilleme], iş ady. Ziňkildemek 
ýagdaýy.
ZIŇKILDEMEK [ziňkillemek], işl. Birden 
tisginip gitmek, ziňk etmek. Ol edil böwrüne dürtülen 
ýaly ziňkildäp gitdi. 
ZIŇKILDEMEKLIK [ziňkillemeklik], iş ady. 
Ziňkildemek ýagdaýy. 
ZIŇKILDEMEZLIK [zmkillemezlik], iş ady. 
Ziňkildäp durmazlyk. 
ZIŇKILDEŞMEK [ziňkilleşmek], işl. Bilelikde 
ziňkillemek. Egniňi ziňkildetmek. 
ZIŇKILDEÝIŞ 
[ziňkilleýişJ, 
iş 
ady. 
Ziňkildemek hereketi. 
ZIŇKILDÄBERMEK [ziňkillä:vermek], işl. 
Birden silkinibermek, tisginibermek. 
ZIRE [zi:re], at. Däneli otjumak ösümlik. 
ZIREK [zi:rek], syp., k.d. Ýiti pähimli, akylly, 
başarjaň, öňünden biliji adam. Ol pähimli we kemal 
tapyp, dana hem zirek boldy (

Asly – Kerem

). Onda 
Bany diýen bir akylly zirek keniz bar erdi (

Saýatly – 
Hemra

). 

Soltanyň zirek akylyna haýrandyryn!

 
diýipdir (B. Kerbabaýew). 
ZIRE-ZIRE [zi:re-zi:re], syp. Däne-däne bolup 
duran, seçelenip duran, digir-digir. Gökje-gökje, zire-
zire güllerden, Aýagyma zerrejikler gaçýardy (K. 
Gurbannepesow).  
ZIRK, at. Sarytikeniň dym-gyzyl turşy miwesi. 
Zirk ýaly gaty turşy, örän turşy. Burçuňyz 
ajymy? – Datdajyk göräý, edil zirk ýalydyr... (K. 
Gurbannepesow).
ZIR-ZIBIL [zi:r-zivil], at. 1. ser. Zibil. Köçeleri 
zir-zibillerden arassa saklamaly. 2. göç.m. Derde 
ýaramaýan, bolgusyz, ugursyz kişiler. Biziň aramyzda 
öňe gitmegimize päsgel berýän zir-zibiller bolmaly 
däldir. 
ZOB [zo:p], at, lukmanç. Galkan şekilli mäziň 
agyryly ulalmagy; galkan şekilli mäziň ulalmagy 
bilen döreýän kesel. 
 ZOGDURYLMAK [zoğdurulmok], işl. 1. Batly 
akmak, zarply çogup çykmak. Nebit turbany dürten 
ýeriňden zogdurylyp durmukan öýdýärdik weli, beýle 
däl ekeni (B. Kerbabaýew). 2. Burum-burum bolup 
çykmak. Öýleriň depesinden burum-burum bolup, 
gara tüsseler zogdurylýardy (

Edebiýat we sungat

).
ZOGULDAMA 
[zo:ğullomo], 
iş 
ady. 
Zoguldamak ýagdaýy. 
ZOGULDAMAK [zo:ğullomok], işl. Zoguldyly 
ses çykmak; zoguldyly ses çykarmak. Surnaýlar 
zoguldady. 
ZOGULDAŞMAK [zo:ğulloşmok], işl. Köp 
ýerden zoguldap ses çykmak. 
ZOGULDATMAK 
[zo:ğullotmok], 
işl. 
Zoguldyly seslendirmek. Çagalar tüýdüklerini 
zoguldadyp çalýardylar. 
ZOK [zo:k], at. 1. Gämilerde, otlularda, iri 
kärhanalarda we ş.m. ýerlerde batly signal berýän 
mehaniki enjam. 2. Zoguň sogup çykýan ýogyn sesi. 
Gämi özüniň ilkinji zoguny çalyp ýola düşdi. 
ZOK-ZOK [zo:k-zo:k], s.ş.aňl.söz. Zoguň ýa-da 
üflenip çalynýan saz guralynyň bölünip-bölünip 
çykýan sesi. Zok-zok edip çalyber, ahyry öwrenersiň. 


534 
ZOL [zo:l] I, at, ser. Zolak. Mälikguly 
tomusda kümeçilik diýlip atlandyrylýan ýazlagda — 
derýanyň aýagyndaky zoluň* kepellerinde – suwlary 
kepän tekiz meýdanlarda, kümäniň gapdalynda 
asmana bakyp ýatmagy gowy görýär (Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Döwlet guşy, 449 s.). Iki gumuň 
arasy zoluň ugrudy.  
ZOL [zo:l] II, hal. Yzyny üzmän, gaýta-gaýta, 
öwran-öwran, birsyhly, garşy-garşy, häli-şindi. 
Zolmen gürläp otyryn, sizem bir zat diýiň. 
ZOLAK [zo:lok], at. 1. Matanyň we käbir 
haýwanlaryň, mör-möjekleriň bedenindäki zol-zol 
çyzmyklar. Ol guşuň ganatlarynyň üstünde ak zolak 
bar. Gyzlar bazardan içinden zolak zer geçen mata 
aldylar. 2. Bir zadyň ýol-ýol bolup uzap gidýän ugry. 
Owadan zolaklarda dürli güller ekildi (

Mugallymlar 
gazeti

). 3. Giňişligiň bir ugra uzap gidýän bölegi. 
Dagyň eteginde uzalyp gidýän agaç zolaklary 
döredildi. 4. Meýdan, giňişlik, çäk. 
ZOLAKLY [zo:lokly], syp. Zolaklary bar 
bolan, zolak-zolak. Onuň egninde zolakly nepis 
matadan tikilen penjek bardy. 
ZOLAK-ZOLAK [zo:lok-zo:lok], syp., Birnäçe 
zolakdan ybarat bolan. Zolak-zolak matadan tikilen 
köýnek. 
ZOLLY [zo:lly], syp., ser. Zolakly. Onuň 
aýagynda gara zolly köwüş bardy. 
ZOLY [zo:ly], at, k.d. Howply tussaglaryň 
boýnuna salynýan uzyn zynjyrly demir halka. Bendi 
edip zoly salsam boýnuňa (

Ýusup – Ahmet

). 
ZOL-ZOL [zo:l-zo:l] I, syp., ser. Zolak-zolak. 
Ol ýazyna geýmek üçin özüne zol-zol matadan geýim 
buýurdy. 
ZOL-ZOL [zo:l-zo:l] II, hal, ser. Zol II. Ol zol-
zol uludan demini aldy. 
ZOM [zo:m], syp.,gepl.d. Gödek, gödeksi. Bir iş 
edende usul bilen gymyldaman, zomap bir zat etjek 
bolýan adama zom diýilýär. 
ZOMAMA [zo:momo], iş ady. Zomamak 
ýagdaýy.
ZOMAMAK [zo:momok], işl. Güýç bilen öňe 
omzamak, göwräňi öňe berip dyzamak, zor salmak.
Duşman aljak bolup, nebti, gallany, Öňe zomap, 
iýýär gyzgyn gülläni (N. Annagylyjow). Nobatda 
yzda duranlar zomap, öňe geçjek boldular. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   865   866   867   868   869   870   871   872   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling