Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ZORLAMA [zo:rlomo], iş ady. Zorlamak ýagdaýy. ZORLAMAK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
ZORLAMA [zo:rlomo], iş ady. Zorlamak
ýagdaýy. ZORLAMAK [zo:rlomok], işl. 1. Güýç bilen bir zady etmek, zorluk etmek, bir zat etmäge mejbur etmek. Sen özüň keýpihon gidýärmiň ýa agaň zorlap iberýämi? (B. Kerbabaýew). 2. Güýç ulanmak bilen aýal-gyzlaryň namysyna degmek. ZORLANMAK [zo:rlonmok] I, işl. 1. Zor edilmek, güýç bilen etdirilmek, zorluk edilmek, mejbur edilmek. 2. Zorluk bilen namysyna degilmek (aýal-gyzlar hakynda). ZORLANMAK [zo:rlonmok], II, işl. Suwy azalyp duzly bolmak, duzy artmak, güýçlenmek (nahar hakynda). Çorba birneme zorlanypdyr. ZORLUK [zo:rluk], at. 1. Adama edilýän jebir- jepa, sütem, zulum. 2. Güýç, kuwwat, güýçlülik, kuwwatlylyk. ◊ Zorluk etmek gynamak, horlamak, sütem, zulum etmek, jebir çekdirmek. Eger zorluk etjek bolsa, Ýumrugy birden salmaly (Ç. Aşyrow). ZORLURAK [zo:rlura:k], syp. Azda-kände zorly, duzlurak. Nahar zorlurak bolupdyr. ZORLY [zo:rly], syp. 1. Duzy köpräk atylan, duzy artygrak düşen, duzly, güýçli (naharyň tagamy hakynda). 2. Güýç-kuwwaty bar bolan, edenli. Ol güýç zorly ellerde, Polat, demir eredýär (A. Kowusow). ZORRUK, syp. 1. Ýogyn, güýçli, gödek (ses hakynda). Zorruk ses. 2. göç.m. Gorkak, bolgusyz, züwwetdin. Aý, sen-ä bir zorruk ekeniň! ZORUGYŞ [zo:ruğuş], iş ady. Zorukmak ýagdaýy. ZORUKMA [zo:rukmo], iş ady. Zorukmak ýagdaýy. ZORUKMAK [zo:rukmok], işl., ser. Zorlanmak II. Naharyň soňy zorugypdyr. ZORUKMAKLYK [zo:rukmokluk], iş ady. Zorukmak ýagdaýy. ZORZEMIN [zo:rzemi:n], at. Ýylandodak atlandyrylýan derman otuň bir görnüşi. ZOW: zow deşik gepl.d. öte sadalygy sebäpli içinde gep ýatmaýan adam, hazzyk. ZOWAL [zowa:l], at. 1. Päsgelçilik, garşylyk, bökdenç, zyýan. Kylma sen men-menlik weli, Her dem ýeter ýüz müň zowal ( Melike – Dilaram ). 2. Hasap, hasabat. 3. Betbagtçylyk, heläkçilik. Çopan, amanatyň gel, al! Emma oguzyň başyna zowal getirdiň – diýdi ( Kitaby dedem Gorkut ). 4. gepl.d. Igenç. Şundan saňa zowal gelmez. ZOWALSYZ [zowa:lsyz], syp., gepl.d Päsgelçiliksiz, garşylyksyz, bökdençsiz, zyýansyz. Daýhanlar indi öz işini hiç bir zowalsyz ýöredip bilýärler. ZOWK, at, kön.s. Keýp, sapa, lezzet, eşret; hyjuw, höwes. Zowkum köpdür nirde ýagşy zat bile (Seýdi). ZOWKY-SAPA [zowku-sapa:], at. Keýpi-sapa, aýşy-eşret, lezzet. Gutarmagyl gelen zowky-sapany, Bikär gezip, ömrüň ýele sowurma! (Mätäji). Ahyr zowky-sapa süren Müminler ötdi dünýäden ( Gül – Senuber ). ZOWLADYBERMEK [zowloduvermek], işl. Bogazyňa sygdygyndan gygyryp başlamak, zowladyp başlamak. – Aý, pylan çopan, how, goýnuňy gurt aldy, how! – diýip zowladyberýär ( Türkmen halk ertekileri ). ZOWLADYŞMAK [zowloduşmok], işl. Birnäçe bolup zowlatmak, bilelikde zowlatmak, üýşüp gygyryşmak. Ýogyn sesleri bilen zowladyşyp, aglaşmalaryny goýup, göz ýaşlaryny süpürdiler (A. Gowşudow). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling