Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ZOŇTARLYK [zoňtorluk], at. Ýerliksizlik,  bijaý hereket. Zoňtarlyk edip ýörme-de, edepli bol.  ZOOLOGIÝA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet871/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   867   868   869   870   871   872   873   874   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ZOŇTARLYK [zoňtorluk], at. Ýerliksizlik, 
bijaý hereket. Zoňtarlyk edip ýörme-de, edepli bol. 
ZOOLOGIÝA [zoolo:ğyýa], at. Haýwanat 
dünýäsini, haýwanlaryň gurluşyny, ýaşaýşyny we 
olaryň ýaýraýşyny, ýaşaýan ýerine gatnaşygyny we 
ş.m. öwrenýän ylym. 
ZOR [zo:r] I, syp.1. Güýç, kuwwat, gujur. 
Ganymlardan aldyň ary, Kuwwatlandy goluň zory 
(Durdy Gylyç). 2. Güýçli, edenli, kuwwatly, gujurly. 
Her ýerde zor adamlar bar-ow. 3. Oňat, gowy; ökde, 
gaýratly. Dag göwsünden nebit alýan zor oglan (G. 
Seýitliýew).
 Zora düşmek zorluk görmek, güýçlä sezewar 
bolmak. Atam meni zora düşüp barýandyr hyýal 
etmesin (

Görogly

). Zor bermek köp güýç sarp 
etmek, güýçli hereket etmek, bir işe janypkeşlik bilen 
ýapyşmak. Araňyzda geleňsizlik bolmasyn, Zor berip 
işläliň ýygym wagtynda (A. Salyh). Zor etmek 
zorluk etmek, güýç görkezmek. Meni goşunçylyga 
ýaratsalar, dagy men zor edip ýaratdyraýynmy? (A. 
Gowşudow). Zor görmek güýç görmek. Aýgytly 
söweşde gudrat görkezýär, Näçe zor görse-de, 
bermeýär ýeňse (B. Kerbabaýew). Zor salmak ser. 


535 
Zor bermek. Biri-biriniň sesini basmak üçin 
bokurdaklaryna zor salyp gygyrdylar (B. Seýtäkow). 
ZOR [zo:r] II, at, gepl.d. Duz. Naharyň zory 
ýetipdir. 
ZORAÝAKDAN [zo:raýakdan], hal. Zorluk 
bilen, güýç bilen, zora galyp, nalaç, bialaç. 
ZORBAGY [zo:rva:ğy], at. Hamydyň aşak 
uçlaryny birleşdirmek üçin ulanylýan bag.
ZORDAN [zo:rdon], hal. 1. Kynlyk bilen. 
Gözlerinden biygtyýar dökülen ajy ýaşy tiz süpürip, 
zordan saklandy (H. Derýaýew). 2. Çala, çalaja. 
Aýaklaram zordan hereket edýärdi (

Edebiýat we 
sungat

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   867   868   869   870   871   872   873   874   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling