ZAHYR [za:hy:r], syp., k.d. 1. Aýan, äşgär, belli,
görnüp duran, mälim. Bularyň gül kimiň meňzini
soldurmaýyn, kişä zahyr etmäýin diýip, çykyp gitdi
(
Zöhre – Tahyr
). 2. Oglana dakylýan at.
ZAKGUN, [zakgu:n], at. 1. Öňden gelýän
düşünjä görä, dowzahda ösýän, miwesi zäherli agaç.
Ajysy, kekre bilen burç-a beýlede dursun,
zakgundanam ajydy (N. Pomma). 2. göç.m. syp.
Örän ajy zat, zäher, awy. Zäherdir içenim, zakgun –
iýenim (Zelili).
ZAKYJA [za:kyja], at. Ýylpyldawuk gara ýelekli
kiçijik gara garga.
ZALUWAT [za:luwa:t], at. Adamyň kimdir
birine bolan içki duýgusyny ýüze çykarýan söz;
ýeser, zaňňar. Bu zaluwatlar özlerine gerekli zady
aýawlyja saklaýan ekenler (Ş. Borjakow).
ZAL [za:l], at. Köpçülikleýin sport we beýleki
çäreleri geçirmek üçin ullakan giň jaý. Ol dünýä
standartlaryna
laýyklykda
enjamlaşdyrylan
desgalaryň birnäçesinden – stadionlardan, açyk we
ýapyk sport meýdançalaryndan we zallardan,
basseýnlerden, welotrekden, tennis kortundan,
lukmançylyk-sagaldyş
merkezinden,
myhmanhanalardan, bir söz bilen aýdylanda, sportuň
527
dürli görnüşleri boýunça, şol sanda halkara
derejesindäki ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertleri
göz öňünde tutýan toplumdan ybarat bolar
(Gurbanguly Berdimuhamedow. Ahalteke bedewi –
biziň buýsanjymyz we şöhratymyz).
ZALYM [za:lym], syp. Rehimsiz, doňýürek,
adamkärçilik häsiýetini ýitiren, adamlary ezýän, ejize
ganym. Zalymlar har bolar, galar aýakda, Garyp, sen
ýyglama, şir dek bolar sen (Magtymguly).
Do'stlaringiz bilan baham: |