Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÝYMSYLYK, at. Ýymsy häsiýetlilik
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
ÝYMSYLYK, at. Ýymsy häsiýetlilik.
ÝYNDAM [ýynnam], syp.1. Çalt çapýan, gaty gidýän. Ýyndam at. 2. Çalt ylgaýan, ýüwrük. Durdy örän çalasyn hem ýyndamdy (H. Derýaýew). ÝYNDAMLYK [ýynnamlyk], at. Ýyndam bolmaklyk. Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli (Nakyl). ÝYNDAMRAK [ýynnamyra:k], syp. Birneme ýyndam. Indi-hä atyň ýyndamrak görünýär. ÝYP-ÝYLMANAK, syp. Örän ýylmanak. ÝYP-ÝYLY, syp. Gaty ýyly, ýylyjak. Jaýymyz ýyp-ýylydyr. ÝYRAK [ýyra:k], hal. Uzak, alys, daş. Ýer gaty- da, gök ýyrak (Nakyl). Däli köňlüm, bir söhbetsiz kişiden, Daş ediban, ýyrak eýle özüňni (Magtymguly). ÝYRAKLYK [ýyra:klyk], at. Uzaklyk, alyslyk, daşlyk. ÝYRŞARMA,iş ady. Ýyrşarmak ýagdaýy. ÝYRŞARMAK, işl. Çala ýylgyrmak, bir hili dylym-dylym etmek, ýüzüňde ýylgyrma alamaty peýda bolmak. Perman hem ýyrşaryp, öýlerine bakan tigirlenip ugrady (A. Nazarow). ÝYRŞARMAKLYK, iş ady. Ýyrşarmak ýagdaýy. ÝYRŞARMAZLYK, iş ady. Ýyrşarman durmak, ýyrşarmakdan saklanmak. Şeýle gülküli gürrüňe bu adamyň hatda ýyrşarmazlygy ünsi çekdi. ÝYRŞARTMAK, işl. Ýyrşarar ýaly etmek. Ol saçlarynyň ujuny süýem barmagyna çolap, dodaklaryny ýyrşartdy (B. Gulow). ÝYRŞARYLMAK, işl., ser. Ýyrşarmak. Oraz ýyrşarylyp işikden girdi. ÝYRŞARYŞ, iş ady. Ýyrşarmak ýagdaýy. ÝYRŞARYŞMAK, işl. Ýerli-ýerden birnäçe bolup ýyrşarmak. ÝYRTDYRMAK, işl. 1. Ýyrtmak işini başga birine etdirmek. 2. Ýyrtylmagyna ýol bermek, ýyrtyk ýagdaýa getirmek. Köýnegiňi agajyň şahasyna ýyrtdyraýdyňmy? ÝYRTMA 1. iş ady. Ýyrtmak ýagdaýy. 2. syp. Ýylyň günleri görkezilýän we her gün ýyrtylyp aýrylýan (senenama hakynda). Ýyrtma senenama. ÝYRTMAK, işl. 1. Kagyz, mata we ş.m. ýuka zatlary çekip, dartyp bölmek. Agşam oňa göwünlik berip ýazan hatyny ertir irden ýyrtyp taşlady (B. Kerbabaýew). 2. Ýüzleý ýara salmak, sypjyryk- sypjyryk etmek. Seniň ýüzüňi kim ýyrtdy? Geýip ýyrtmak nesip etsin täze telpek, geýim, köwüş alan gutlananda edilýän dileg. Egniňde ýyrtylsyn täze geýim alana edilýän dileg. Ýüzi ýyrtylmak ýüzi açylmak, utanjaňlygy aýrylmak. ÝYRTMAZLYK, iş ady. Ýyrtmak işini, hereketini etmezlik. Köýnegiňi çöp-çalam ýyrtaýmasyn. ÝYRTYGRAK [ýyrtyğyra:k], syp. Birneme ýyrtyk. Ýyrtygrak köýnek. ÝYRTYJY, syp. Käbir jandarlaryň wagşylyk häsiýeti, wagşy. Şol döwürlerde ýyrtyjy haýwanlar hem süri-süri bolupdyr (B. Annageldiýew). ÝYRTYJYLYK, at. Ýyrtyjy, wagşy häsiýetde bolmaklyk. ÝYRTYK, syp. 1. Ýyrtylyp böleklere bölünen, para-para bolan, ýyrtylan. Tanalar ol has bedewler, Köne ýyrtyk jul biläni (Magtymguly). 2. Köpçülikden sussy basylmaýan. Ýyrtyk elek içinde syr saklamaýan, gep saklamaýan, aýtmagyn diýlen zady aýdýan (çaga hakynda). ÝYRTYKLYK,at. Ýyrtyk ýagdaýda bolmaklyk. Geýimiň ýyrtyklygy. ÝYRTYKÝAPRAK [ýyrtykýapyrak], at. Ýapraklary kertik-kertik ak üzüm. ÝYRTYK-ÝIRIK, syp. Ýyrtylyp-ýirlip duran,deşim-deşim. Ýyrtyk-ýirik düşek örtünji bolar, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar (Magtymguly). ÝYRTYK-ÝYRTYK,syp. Köp ýeri ýyrtylyp, bölek-bölek bolan, jyrym-jyrym bolan, eleşan bolan. Kagyzlaryň gyrasy ýyrtyk-ýyrtyk, sahypalaryna el kiri düşüp, yz galdyryp gidipdir (N. Saryhanow). ÝYRTYM-ÝYRTYM: ýyrtym-ýyrtym etmek ýyrtyp bölek-bölek etmek. ÝYRTYLMAK,işl. Ýyrtyk hala gelmek, getirilmek. Ýaka bolsa ýyrtyldy ... ( Görogly ). ÝYRTYLMAZLYK, iş ady. Ýyrtyk hala gelmezlik, ýyrtylman galmak, ýyrtylman durmak. Köýnegiň matasy gaty berk eken, her näçe ýyrtjak bolsaňam ýyrtylanok. ÝYRTYŞ,iş ady. Ýyrtmak ýagdaýy. ÝYRTYŞDYRMAK, işl. Matany, kagyzy we beýleki ýyrtylýan zatlary ýyrtyp çykmak, ýyrtym- ýyrtym, jyrym-jyrym etmek. ÝYRYŞ-ÝYRYŞ: ýyryş-ýyryş etmek çala ýylgyrmak, dylym-dylym etmek, gülümsiremek. Ýyryş-ýyryş edip, erni-ernine gelmedi (R. Gelenow). Z Z, Türkmen elipbiýiniň otuzynjy harpy. ZABT [zavyt], at, ser. Zarba 1. ◊ Zabt etmek 1) harby güýçleri toplap hüjüm etmek, çozmak. Duşmanyň berkitmesini zabt edip almak. 2) depgini güýçlendirmek, zor berip işlemek. Gyzlar, şu günkimiz ýaly ertir hem pagta zabt etsek, birigün irden kerwen ugradarys (A. Durdyýew). ZABUN [zavu:n], syp. 1. Gaty rehimsiz, gazaply, zalym. 2. Örän güýçli, batly, gazaply. 3. Erbet, agyr, muşakgatly. Dert zyýat düşüpdir, zabundyr hallar (Magtymguly). ◊ Zabun tutmak gaty berk saklamak, berk tutmak. ZABUNLAŞMAK [zavu:nloşmok], işl. 1. Zabunlygy artyp başlamak, zabun bolup başlamak, rehimsizligi, zalymlygy güýjäp başlamak. 2. gepl.d. 526 Güýjäp başlamak, gazaplanyp başlamak, güýjemek. Howanyň sowugy-da gitdigiçe zabunlaşýar. ZABYRDABERMEK [zavyrda:vermek], işl. Wazlap çalt hereket edibermek, dazlap gidibermek, çalt-çalt gidibermek. ZABYRDAMA [zavyrdama], iş ady. Zabyrdamak ýagdaýy. ZABYRDAMAK [zavyrdamak], işl. 1. Wazlap çalt hereket etmek, dazlap gitmek, örän çalasyn gitmek, dazyrdamak. Maşynlar deňimizden zabyrdap geçýärdiler. 2. göç.m. Agzy-agzyna ýetmän gürlemek, örän çalt geplemek, agzynyň ýetişipbildiginden geplemek. Zabyrdama-da, haýalrak okaýsana! ZABYRDAMAKLYK [zavyrdamaklyk], iş ady. Zabyrdamak ýagdaýy. ZABYRDAŞMAK [zavyrdaşmak], işl. 1. gepl.d. Birnäçe bolup bilelikde zabyrdap gitmek, dazyrdaşmak, dazlaşmak. Maşynlar zabyrdaşyp barýardylar. 2. göç.m. Birnäçe bolup örän çalt geplemek. Olar goşgyny zabyrdaşyp okaýardylar. ZABYRDATMAK [zavyrdatmak], işl. 1. gepl.d. Bir zady örän çalt hereket etdirmek, dazlatmak, dazyrdatmak. Ol elindäki daşy zabyrdadyp saldy. 2. göç.m. Haty, ýazgyny çalt okamak, sözleri çalt aýtmak. Ol haty zabyrdadyp okaýardy. ZABYRDAÝYŞ [zavyrdaýyş], iş ady. Zabyrdamak ýagdaýy. ZABYRDY [zavyrdy], at. 1. Çalt hereket netijesinde çykýan sesiň ady, dazyrdy. 2. Çalt okalanda, geplenende döreýän sözleýiş. ZABYRT-ZABYRT [zavyrt-zavyrt], s.ş.aňl.söz. Yzly-yzyna zabyrdyly çykýan batly ses. ZADA [za:da], at, k.d. Käbir goşma sözleriň ikinji bölegi hökmünde gelip, dogan, doglan, dörän, emele gelen ýaly manyny aňladýar. Hyzmat kylsaň, bolsun bir asylzada, Ata-babasyndan beýik begzada (Magtymguly). ZAG [za:ğ], at, k.d. Garga. Bilbil uçup, zaglar gondy güllere ( Saýatly – Hemra ). Ol ne zagdyr – bilbil bilen hemhana (Misgingylyç). ZAGAMMYR [zağammyr], at. Ädik, köwüş tikilende, onuň üstki gaýşyny galyba çekip berkitmek üçin ulanylýan egri we küti agyzly atagzynyň bir görnüşi. ZAGARA [zağara] I. at. Jöwen ýa-da mekge unundan bişirilýän kiçiräk tegelek çörek, tötek. Gurak zagara bogazyndan zordan geçýärdi (A. Gowşudow). Zagara sähel gyzandan, ony arka ýüzüne öwürdi (O. Ödäýew). ZAGARA [zağara] II, at. Süýji suwlarda ýaşaýan, ýasyrak, togalak, gyzylymtyl teňňeli balyk. ZAGPYRAN [zağpyra:n], at, k.d. Açyk sary gülli ýakymly ysly köpýyllyk otjumak ösümlik. Keremiň reňki zagpyrana dönüpdir ( Asly – Kerem ). Eý gyzym, seniň ýüzüň Hindistan almasy kibi erdi, zagpyran kibi solupdyr. ( Seýpelmelek – Medhaljemal ). ZAGYP [za:ğy:p], k.d. 1. syp. Güýçsüz, ysgynsyz, ejiz, hor. 2. at. Aýal. Ýigidiň abraýy ýagşy zagypdyr (Magtymguly). Kişä halal däldir kişi zagyby (Zynhary). ZAGYPLANMAK [za:ğy:planmak], işl., k.d. Güýçden düşmek, ysgyndan gaçmak. Ärhasana on iki ýerden ýara düşdi, zagyplandy ( Görogly ). ZAGYRDAMA [zağyrdama], iş ady. Zagyrdamak ýagdaýy. ZAGYRDAMAK [zağyrdamak], işl. Bir zatdan gorkusyna titremek, sandyrap durmak, zagyrdyklamak. Seniň sesiňi eşidende, zagyrdap dursa nädersiň! (B. Kerbabaýew). ZAGYRDAMAKLYK [zağyrdamaklyk], iş ady. Zagyrdamak ýagdaýy. ZAGYRDAŞMAK [zağyrdaşmak], işl. Köp bolup zagyrdap durmak, sandyraşyp durmak. Mallar möjek görenlerinden zagyrdaşyp başladylar. ZAGYRDATMAK [zağyrdatmak], işl. Zagyrdamak katdyna ýetirmek, zagyrdamaga mejbur etmek, bilelikde gorkmak. ZAGYRDAÝYŞ [zağyrdaýyş], iş ady. Zagyrdamak ýagdaýy. ZAGYRDY [zağyrdy], at. Gaty gorkup durmaklyk, güýçli gorky. Bedenime elhenç zagyrdy aralaşdy. ZAGYRDYKLAMAK [zağyrdyklamak], işl., ser. Zagyrdamak. Ozal aýdylanyny etmän, zagyrdykla-da dur indi. ZAGYRDYKLAŞMAK [zağyrdyklaşmak], işl., ser. Zagyrdaşmak. ZAGYR-ZAGYR [zağyr-zağyr], s.ş.aňl.söz. Gorkýan adamyňy gören wagtyňda süňňüňi gaplap alýan titreme duýgusy. Zagyr-zagyr etmek. ZAG-ZAG [zağ-zağ], s.ş.aňl.söz. Gaty üşäniňde ýa-da gorkuly bir zady göreniňde süňňüňi gaplap alýan titreme duýgusy. Sowukdan ýaňa inim zag-zag edýär. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling