Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet850/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   846   847   848   849   850   851   852   853   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝYGNAÝJY [ýyğnaýjy], at. Toplaýjy, toplap bir 
ýere üýşüriji, gurnaýjy. Bu ýaşuly öň harp ýygnaýjy 
bolup işläpdir. 
ÝYGNAÝYŞ [ýyğnaýyş], iş ady. Ýygnamak 
ýagdaýy. 
ÝYGRA [ýyğra], syp. Utanjaň, çekinjeň, uýaljaň. 
Ýygra ýigit. 
ÝYGRALYK 
[ýyğralyk], 
at. 
Utanjaňlyk, 
çekinjeňlik, uýaljaňlyk. 
ÝYGRARAK [ýyğrara:k], syp. Çalarak ýygra. 
Bu ýigit dostlaryndan ýygrarak eken. 
ÝYGRYK [ýyğryk], syp. Ýygyrt-ýygyrt, epin-
epin bolan, ýygrylan. 
ÝYGRYKMA [ýyğrykma], iş ady. Ýygrykmak 
ýagdaýy. 
ÝYGRYKMAK [ýyğrykmak], işl. 1. Utanjaňlyk 
etmek, utanmak, çekinmek, uýalmak. Ol öten agşam 
öýlerine aýsyz garaňky gijäniň sagat birlerinde geldi 
we özüniň şeýle giç gelmeginden birjik-de 
ýygrykman, gapylaryny gaty-gaty kakdy (N. 
Saryhanow). 2. Ýaýdanjaňlyk bilen hereket etmek, 
ätiýaç etmek. Durdymyrat özüniň ýygrykmagyndan 
reňkini ak tam edip, derrew geldi (N. Saryhanow). 3. 
Ürkmek, biri-birine gysmyljyraşyp gorkuly durmak, 
ýygrylmak (süri hakynda). Süri ýarygije ýygrykdy. 
ÝYGRYKMAKLYK [ýyğrykmaklyk], iş ady. 
Ýygrykmak ýagdaýy. 
ÝYGRYK-ÝYGRYK [ýyğryk-ýyğryk], ser. 
Ýygyrt-ýygyrt
ÝYGRYLJYRAMAK [ýyğryljyramak], işl. 1. 
Utanjyramak, çekinjeňräk bolmak, uýaljyramak. 
Emma ýygryljyrap, utanýan ýaly ýüzüni öwürýär. 2. 
Üşemek ýa-da näsaglyk zerarly birneme ýygrylmak, 
bükütmek. Näme beýle ýygryljyrap dursuň? 
ÝYGRYLMAK [ýyğrylmak], işl. 1. Ýygyrt 
atmak, gasyn-gasyn bolmak, gasyn atmak, epin 
tutmak. Ol köýneginiň ýygrylan ýerlerini ýazyp 
başlady. 2. Üşemek ýa-da näsaglyk zerarly 
bükülmek, çugutdyrmak. Ogulgerek sowukdan 
gorkusyna ýorganyň içinden elini-aýagyny çykaryp 
bilmän, ýygrylyp ýatyşyna, gijäniň bir wagtlary 
oýandy (N. Saryhanow). 3. ser. Ýygrykmak I. Men 
bolsa düşnüksiz ýygrylýan kem-kem. ...Şeýle ajap 
adam bagta mätäçkä, Adam öz bagtyndan utanjak 
eken (K. Gurbannepesow). 4. Ürküp, biri-birine 
gysylyşyp durmak. Süri ýygryldy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   846   847   848   849   850   851   852   853   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling