Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet848/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   844   845   846   847   848   849   850   851   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝYGJAMLAŞDYRMAK [ýyğjamlaşdyrmak], 
işl. 1. Aralaryny ýakynlaşdyrmak, biri-birine 
golaýlaşdyrmak, ýygy etmek. Doly haltalary 
ýygjamlaşdyryp goýmaly. 2.Hereketiň arasyny 
ýygylaşdyrmak. Ol öýüniň ýakynlaşdygysaýy
barha ädimlerini ýygjamlaşdyrdy. 
ÝYGJAMLAŞMAK [ýyğjamlaşmak], işl. 1
Arasy 
ýakynlaşmak, 
biri-birine 
golaýlaşmak. 
Pellehana 
golaýlaşdygyça 
atlaryň 
arasy 
ýygjamlaşýardy. 2.Ýygy-ýygydan bolup başlamak, 
hereketiň arasy ýygylaşmak, çaltlaşmak. Şol günden 
başlap, olaryň duşuşygy ýygjamlaşdy (G. Kulyýew). 
ÝYGJAMLATDYRMAK [ýyğjamlatdyrmak], 
işl.,ser. Ýygjamlatmak. 
ÝYGJAMLATMAK 
[ýyğjamlatmak], 
işl. 
Ýygjam etmek. 
ÝYGJAMLAÝYŞ 
[ýyğjaýyş], 
iş 
ady. 
Ýygjamlamak ýagdaýy. 
ÝYGJAMLYK [ýyğjamlyk], at. Arasy örän 
ýakynlyk, ýygylyk, biri-birine has golaýlyk. 
ÝYGJAMRAK 
[ýyğjamyra:k], 
syp. 
Bolmalysyndan ýa beýlekilere görä ýygjam. 
ÝYGMA [ýygma], iş ady. Ýygmak ýagdaýy. 
Pagta ýygma. Ot ýygma. 
ÝYGMAK [ýyğmak], işl. 1. Ýygym işlerini 
geçirmek, ýygnap hasylyny almak. Pagta ýygmak, 
däne ormak daýhanyň bagry badaşan işleri. 2. 
Gözläp tapyp almak, üýşürmek. Üç sany gyz 
meýdana ýuwa, kömelek we şulara meňzeş zatlar 
ýygmaga gidipdir (

Türkmen halk ertekileri

). 3. 
Mal, mülk, pul we ş.m. zatlary ýygnamak, toplamak. 
Gapyl adam ogly, saňa bu maldan, Ne peýdadyr, 
ýygar, ýygşyr gider sen! (Zelili). 4. Ýygym almak. 
Ýygymyny 
ýygmak. 
5. 
Saklamak; 
erkine 
goýbermezlik. Nebsini ýygan soltan bolar (Nakyl). 
Diliňi ýyg! 
ÝYGMAKLYK [ýyğmaklyk], iş ady. Ýygmak 
ýagdaýy. 
ÝYGNAK [ýyğnak], at. 1.Bir meseläni ara alyp 
maslahatlaşmak 
üçin 
guramanyň, 
edaranyň 
agzalarynyň umumy ýygnanyşygy, maslahat. 2. syp. 
Biri-birine ýakyn, ýygjam. 

Ýygnak ýönekeý sözlem dil b. diňe eýe bilen 
habardan ybarat bolan sözlem. 
ÝYGNALMAK [ýyğnalmak], işl. 1. Ýygnalyp 
alynmak; goýulmak, eýe çykylmak. 2. Üýşmek, 
toplanmak, jem bolmak. Bu ýerde dürli eýýamlara 
degişli tapyndylar ýygnalandyr (

Türkmenistan

). 
ÝYGNAMA [ýyğnama], iş ady. 1. Ýygnamak 
ýagdaýy. 2. Böleklerden ýygnalyp gurulýan, 
düzülýän. Daýanç diregleri üçin kärhanalarda 
ýasalan ýygnama demir-daş binýatlary ulanylýar. 
ÝYGNAMAK [ýyğnamak], işl. 1. Hasylyny 
ýygnap almak, hasylyny ýygnap toplamak. 2. Gizläp 
goýmak, ýygşyrmak, ýaşyrmak. Me, muny öňki 
ýerinde ýygna-da goý! (N. Saryhanow). 3. Bir ýere 
jemlemek, üýşürmek, toplamak. Adamlary ýygnamak. 
4. Ýygym almak, salgyt toplamak. Hüşür-zekat 
ýygnamak. 5. Hossarlyk edip, öz ýanyňa almak. 
Atanyň uly agasy, Bizi ýygnady ýanyna (A. 
Nyýazow). 6. Artdyryp, tygşytlap goýmak, beýläňe 
geçirmek, artdyryp toplamak (pul, mal, mülk 
hakynda). Ýygnan – sygnar (Nakyl). 7. gepl.d. Türmä 
salmak, tutmak, basmak. 8. Ýerli-ýerinde goýmak, 
tertibe salmak, dagaşyp ýatan zatlary tertipleşdirmek. 
Içeri-daşaryny ýygnadyk. 9. göç.m. Eýelik etmek, 
saklamak. Her kim özüne degişli dogan-garyndaşyny 
ýygnady. 10. Kem-kemden toplanmak, üýşmek, iriň 
kültemek. Ýara iriň ýygnaýar. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   844   845   846   847   848   849   850   851   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling