ÝÜZLEGRÄK [ýüzlöğürä:k], syp. Az-kem
ýüzlek. Ata-da bir ýüzlegräk adam-da.
ÝÜZLEK [ýüzlök], syp. Birine bir zady göni
aýtmaga utanýan, ýygra, çekinjeň, utanjaň.
ÝÜZLEKLIK
[ýüzlöklük],
at.
Ýüzlek
häsiýetlilik, ýüzlek bolmaklyk. Ýüzlekligiň sebäpli
özüňe agram saldyň.
ÝÜZLEME [ýüzlömö], iş ady. 1. Ýüzlemek
ýagdaýy. 2. Keçäniň nagşy salnyp bolanyndan soň,
ýüzüne ak ýüň salma. Keçäniň ýüzlemesi galdy. 3.
Ýorganyň, düşekçäniň we ş.m. daşyna mata çekme.
ÝÜZLEMEK [ýüzlömök], işl. 1. Ýorganyň,
düşekçäniň, içmegiň we ş.m. daşyna, ýüzüne ýüzlük
matasyny çekmek. Ýorgan ýüzlemek. Içmegiň daşyny
gara atlaz bilen ýüzlemek. 2. Gülli keçe salnanda
nagyşlaryň üstüne gowy ak ýüňden goýmak. Agşam
keçe ýüzledik.
ÝÜZLEMEKLIK
[ýüzlömöklük],
iş ady.
Ýüzlemek ýagdaýy.
ÝÜZLENDIRMEK
[ýüzlönnürmök],
işl.
Ýüzlenmäge mümkinçilik bermek, ýol bermek.
ÝÜZLENME [ýüzlönmö] I, iş ady. Ýüzlenmek
ýagdaýy.
ÝÜZLENME
[ýüzlönmö]
II,
at.
Ýurt
baştutanyna, köpçülige ýa-da, umuman, halka ýüz
tutulyp aýdylýan söz, haýyş, çagyryş.
Ýüzlenme belgisi ýüzlenme sözleminden soň
goýulýan belgi (!). Ýüzlenme sözlemi güýçli içki
duýgyny (begenji, şatlygy, gynanjy, ökünji, arzuwy,
islegi, haýran galmagy, buýurmagy we ş.m.)
aňlatmak üçin ulanylýan sözlem.
ÝÜZLENMEK [ýüzlönmök], işl. 1. Bir tarapa
ugramak, ýönelmek, gitmek, bir ugra hereket etmek.
2. Ýüz tutmak, çagyryş, çykyş, haýyş bilen söz
aýtmak. 3. Ýüzüne mata çekilmek, tutulmak.
ÝÜZLENMEKLIK [ýüzlönmöklük], iş ady.
Ýüzlenmek ýagdaýy. Ýaşula ýüzlenmekligiňem,
ýaşkiçä, aýal-gyza ýüzlenmekligiňem däplerini
halkymyz kemsiz ösdüripdir.
Do'stlaringiz bilan baham: |