daglamak ýürekde dag galdyrmak, gynandyrmak.
Ýürekde arman galmak edeýin diýen zadyňy edip
bilmän ahmyrly bolmak. Ýürekde dag galmak bir
zatdan ýürekde dert galmak. Ýürekde dert (düwün)
goýmak ser. Ýürekde dag galmak.Ýöne, Uzuk elden
gidäýse, meniň ýüregimde dert goýar (H. Derýaýew).
Ýürekde mesgen tutmak ýürekde ornaşmak,
ýerleşmek. Ýürekde beýle mesgen tutan söýgi, hiý-de,
dänermi? (H. Derýaýew). Ýürek edip bilmezlik
batyrlyk edip batyrylyp bilmezlik, bogny ysmazlyk,
ýöwsellik etmek.Emma muny çürt-kesik aýdyp
oturybermäge ýürek edip bilmedi (B. Seýtäkow).
Ýürek etden adamyň dözmezlik, gyýmazlyk, rehimi
inmek ýaly duýgulary oýananda aýdylýan aňlatma.
Ýürek sarsdyrmak ser. Ýürek gopdurmak.
ÝÜREK [ýürök] II, at. Içinde aýal maşgala, çaga
arkaýyn oturar ýaly palasdan, halydan we ş.m.
düýäniň howudynyň üstünde edilýän aýlaw. Oňa
ýürek geýdirip, düýebaşlyk dakdylar (R. Gelenow).
ÝÜREKBULANYJY
[ýürökbulonjy],
syp.
Ýüregiňe jaý bolmaýan, ýaramaz, bolgusyz (gürrüň,
habar we ş.m. hakynda).
Aslynda şu ýürekbulanyjy
gürrüňleri kimden eşitdiň? Şony gizleme-de, maňa
aýt
diýip, ol Amangül ejäni gyssap başlady (N.
Pomma).
ÝÜREKDEŞ [ýürökdöş], syp. 1. Biri-birine
ynanyşýan, biri-biri bilen mähirli gatnaşykda bolan,
syrdaş. 2. Ýürekden turýan, pikirdeş.
ÝÜREKDEŞLIK [ýürökdöşlük], at. 1. Ýürekdeş
ýagdaýda bolmaklyk, mähirli gatnaşykda bolmaklyk,
syrdaşlyk. Onuň güler ýüzi, sypaýyçylygy, içki
medeniýeti, ýürekdeşligi ýurduň baştutany bolup
duran adama aýratyn söýgi döredýär (B.
Hudaýnazarow). 2. Ýürekden turujylyk, pikirdeşlik.
Duşuşyk ýürekdeşlik we birek-birege hormat goýmak
ýagdaýynda geçdi.
ÝÜREKLI [ýüröklü], syp. Batyr, gaýratly,
gaýduwsyz, gorkmazak, batyrgaý.
Sen ýürekli
batyrsyň, bar-da şol kelläni al-da, şu halta sal
diýip,
özi gorkup, gaýra çekilip durdy (
Türkmen halk
ertekileri
).
Do'stlaringiz bilan baham: |