Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet836/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   832   833   834   835   836   837   838   839   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

urmak (gürsüldemek)ser. Ýüregiň gopmak.Emma 
ara näçe ýakynlaşdygyça, Berdiniň ýüregi urup, 
aýaklary saňňyldamaga başlady (H. Derýaýew).
Ýüregi ýelli howsala düşegen, göçgünli, sähel zada 
gahary gelýän. Ýürek açmak birine syryňy aýtmak, 
içiňdäki oý-pikiriňi gürrüň edip bermek. Gel, şu gün 
ikimiz biri-birimiziň öňümizde ýüregimizi açyşaly (B. 
Seýtäkow). Ýürek alyşmak biri-biriňe ynam 
bildirmek, syr alyp, syr berişmek. Maňa ýürek 
alyşmaga ýürekdeş dost gerek! (H. Derýaýew). 
Ýürek awamak gaty gynanmak, ýüregiň gyýylmak, 
nebsiň agyrmak. Ýürek awusy iň ýakynyň ölümi 
bilen bagly ýüze çykýan gynanç, hasrat. Ol öz 
töwereginde kimiň baryny-da ýada salman, ýürek 
awusy bilen hüňürdedi (B. Kerbabaýew). Ýürek 
bilen yhlas bilen, höwes bilen, bar güýjüň-ukybyny 
gaýgyrman. Ol ýürek bilen işleýärdi. Ýürek 
bökdürmek şatlykly, guwançly ýa-da tolgundyryjy 
ýagdaýa salmak. Şol habar onuň ýüregini 
bökdürmäge başlady.Ýürek bulamak bolgusyz söz 
ýa erbet habar aýdyp gynandyrmak. Her ýaman söz 
ýürek bular, Ýagşyny älem arzuwlar (Magtymguly). 
Ýürek bulanmak ýakmaz zat iýilmegi sebäpli 
gaýtarjak ýaly bolmak. – Dat, ördek dost, ýüregim 
bulanyp, başym aýlanýar – diýip gygyrýar (

Türkmen 
halk ertekileri

). Ýürek byjyklamak bir zady ýerine 
ýetirjek, berjaý etjek bolup, gaty howlukmak, durup 
bilmezlik. Gyzy görüp durmasa, ýigidiň ýüregi 
byjyklap, üzülip barýar (

Edebiýat we sungat

). 
Ýürek çatlamak gaty howlukmak. Gözeliň sesini 
eşidenden bolsa onuň ýüregi çatlady. Ýürek çişmek 
gaharyň gelmek. Bu gürrüňe onuň kakasy bilen 
ejesiniň ýürekleri çişdi (A. Gowşudow). Ýürek 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   832   833   834   835   836   837   838   839   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling