Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


baglamak uzak oýlananyňdan soň belli bir netijä  gelmek. Ýüregiňi (içiňi) dökmek


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet835/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   831   832   833   834   835   836   837   838   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

baglamak uzak oýlananyňdan soň belli bir netijä 
gelmek. Ýüregiňi (içiňi) dökmek özüňi alada 
goýýan zatlaryň baryny aýtmak, gürrüň edip bermek. 
Ýüregine dolan derdini döküp, az-da bolsa ony 
ýeňledesi gelýärdi (B. Seýtäkow). Ýüregiň içiňe 
sygmazlyk bir zady bilip, görüp-eşidip, dartgynly, 
aladaly ýagdaýa düşmek. Göreniňi derrew aýt, 
oglum, bolmasa ýüregiň içiňe sygman, ýüregiň 
ýarylyp ölersiň (

Görogly

).Ýüregiňi eliňe almak 
gaty howlukmak, gyssanmak, alňasamak. Iň bärkije 
diýjegi: 

Sen näme beýle ýüregiňi eliňe alýarsyň. 
Holha pylanynyň kätmenem ýatyr, goý-da gidiber

 


513 
diýer (A. Durdyýew). Ýüregiňi giňlige salmak 
dargursak bolman, giň bolmak, bir zada gaharyňy 
getirmezlik. Ýene men ýüregimi giňlige saldym (T. 
Gurbanow).  Ýüregiňi gopdurmak begençden ýa-da 
gynançdan gaty gorkuzmak, gaty tolgundyrmak. 
Ýüregiňi paralamak jan-dil bilen aýtmak, yhlas 
bilen, tüýs ýürekden aýtmak. Ýüregiň karar tapmak 
ser. Ýüregiň ýerine gelmek. Heý-de karar taparmy, 
Nurgeldiniň ýüregi, Her günde hamyr ýugrup, gora 
gömüp çöregi (M. Seýidow). Ýüregiň mynçgalamak 
1) ýürek agyrysyny duýmak, ýüregiň ezilmek. 2) 
ýüregiň gysmak, darykmak. Özüniň oňa bolan mähri 
ýüregini mynçgalady (B. Kerbabaýew). Ýüregiň 
posuny açmak göwün açmak, aýdym-saz diňläp 
hezil etmek, şatlanmak. Ýüregiň syrylmak gaty 
ajykmak, iýesiň gelmek. Çaý içip, adamlaryň 
ýürekleri syryldy. Ýüregiň takat tapmazlyk karar 
tapmazlyk, ynjalmazlyk, rahatlanmazlyk. Çaşyrýar, 
üýşürýär öýde her zady, Mundan-da ýüregi tapman 
takaty (A. Kekilow). Ýüregiň ýarylmak gaty 
gorkmak, zähräň ýarylmak. 
Men-ä: 

Näme 
bolaýdyka?

diýip, ýüregim hem ýaryldy (H. 
Derýaýew). Ýüregiň ýerine gelmek rahatlanmak, 
ynjalmak, karar tapmak, arkaýynlaşmak. Ýüregi 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   831   832   833   834   835   836   837   838   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling