Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝÜKLEÝJI [ýüklöýjü], at. Ýük ýükleýän (adam,  enjam). Ýene bir gowy zat – kärhanada ýük  ýükleýjiler köp.  ÝÜKLEÝIŞ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet831/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   827   828   829   830   831   832   833   834   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝÜKLEÝJI [ýüklöýjü], at. Ýük ýükleýän (adam, 
enjam). Ýene bir gowy zat – kärhanada ýük 
ýükleýjiler köp. 
ÝÜKLEÝIŞ [ýüklöýüş], iş ady. Ýüklemek 
ýagdaýy. 
ÝÜKLÄBERMEK [ýükllä:vermek], işl. Ýükläp 
başlamak; ýük urmagy dowam etdirmek. Şeýdiň-de 
hemmesinem ýükläberiň. 
ÝÜKLI [ýüklü], syp. 1. Üstüne ýük urlan, 
ýüklenen. Ýükli maşynlar geçişip dur. 2. Kynçylykly, 
aladaly. Ol günler geçdi, ýöne ýükli geçdi. 
ÝÜKSE [ýüksö]: ýükse bolmak ser. Ýük 
bolmak. 
ÝÜKSÜNIBERMEK [ýüksünüvermek], işl. 
Ýüksünip ugramak. 
ÝÜKSÜNME [ýüksünmö], iş ady. Ýüksünmek 
ýagdaýy. 
ÝÜKSÜNMEK [ýüksünmök], işl. Birini ýa-da 
bir zady ýük bilmek, agyr görmek, kyn görmek. 

Şony ýüksünmän, ynjytman saklaýyn diýse, bararyn

 
diýdi (

Nejep oglan

). Men seni ýüksündimmi? (B. 
Kerbabaýew).  
ÝÜKSÜNMEZLIK [ýüksünmözlük], iş ady. 
Ýüksünip durmazlyk. 
ÝÜLMEGRÄK [ýülmöğürä:k], syp. Öňküsinden 
ýa-da beýlekilere garanda birneme ýülmek. 
ÝÜLMEK [ýülmök], 1. syp. Sürlüp ýylmanak 
bolan, sürlüp ýukalan, ýylmanak. Ýülmek kenek. 
Ökjesi ýülmek ädik. 2. at. Öýleriň içinde diwarlara, 
ýere düşemek üçin ulanylýan gurluşyk serişdesi, 
kafel. Hammamyň içine ýülmek düşemek. 
ÝÜLMEME [ýülmömö], iş ady. Ýülmemek 
ýagdaýy. Aşyk ýülmeme. 
ÝÜLMEMEK 
[ýülmömök], 
işl. 
Ýüzüni, 
arkasyny gyryp, ýylmap ýukaltmak, sürüp ýylmanak 
etmek. Bir bölejik almazy ýülmäp otyr hemişe (A. 
Atajanow).
ÝÜLMEMEKLIK [ýülmömöklük], iş ady. 
Ýülmemek ýagdaýy. 
ÝÜLMENMEK [ýülmönmök], işl. Ýylmanyp 
tekizlenmek. Baş ujundaky adam boýundan belent 
haýbatly mermer daş sünnälenip ýülmenipdir 
(

Edebiýat we sungat

). 
ÝÜLMETDIRMEK [ýülmötdürmök], syp., ser. 
Ýülmetmek. 
ÝÜLMETMEK [ýülmötmök], işl. Ýülmemek 
işini başga birine etdirmek. 
ÝÜLÜK, at, ser. Ýilik.  
ÝÜŇ, at. Käbir haýwanlaryň bedenini örtýän 
ýumşak tüý örtügi. Düýäniň ýüňi. 

Ýüň darak goýun, düýe ýüňi ýaly zatlary 
daramak, darap arassalamak üçin, aşagy üçburç tagta 
stanokly, ýokarsy iki setir uzyn dişli enjam. Ýüňi 
ýetmek mazaly güýç-kuwwata gelmek, ýetişmek, 
ýigit ýetip gujurlanmak, daýawlanmak. Ýüňi ýeten 
goç ýigidiň ýanynda, Altmyş nedir, ýetmiş nedir, ýüz 
nedir (Magtymguly). 
ÝÜŇSAKGAL [ýüňsakgal/ýüňsakal]: ýüňsakgal 
bolmak biriniň öňünde ýalançy bolmak, sözüňde, 
lebziňde tapylyp bilmezlik, garaşylany çykmazlyk. 
Ýüňsakgal bolarys-a öýdemzok (

Edebiýat we 
sungat

). Ýüňsakgal etmek ýalançy etmek, biabraý 
etmek, masgara etmek. Özüni ýüňsakgal eder, 
Bozulan ile baş bolan (Magtymguly). 
ÝÜŇJÜMEK [ýüňjümök], syp. Tüýjerip duran, 
ýüň pisint, ýüň ýaly, ýüňleç. Ýüňjümek süýümli 
birýyllyk gowaça hem bolupdyr. 
ÝÜŇLEÇ [ýüňlöç], syp. Ýüňjümek.Ýüňleç 
sakgally Weldurdy aga berk garşylyk görkezdi (N. 
Pomma). 
ÝÜŇLEGRÄK [ýüňlögürä:k], syp. Birneme 
ýüňlek. 
ÝÜŇLEK [ýüňlök], syp. Gür ösgün ýüňli, köp 
ýüň berýän, ýüňli. Tamyň hemme ýerini ýüňlek, galyň 
pendi halylary tutup ýatyrdy (B. Seýtäkow). Saryja 
goýunlary örän ýüňlek bolýar. 
ÝÜŇLI [ýüňlü], syp. 1. Ýüňlek. 2. Içine ýüň 
salnan, ýüň dykylan. Içi ýüňli haltalaryň üstünde 
ýatyrdylar (B. Seýtäkow). 

Ýüňli ganar ýaly bolmak  gaty çişik bolmak 
(köplenç, kesel bilen baglanyşykly aýdylýar). 
ÝÜŇTÜÝLI [ýüňtüýlü], syp., gepl.d. 1. Dowaryň 
goýunugruna berilýän umumy at. Süriniň içinde 
ýüňtüýli dowar azlyk edýär. 2. gepl.d. Atly-abraýly, 
derejeli, aňyrly-asylly. 
ÝÜP, at. 1. Ýüňden, çöpürden, kendir 
süýüminden we ş.m. işilip, ýük, goş-golam, mal-gara 
daňmak üçin ulanylýan tanap, bag. Käse döwen käse 
berer, ýüp üzen – tanap (Nakyl). Gulaç ýetmese – 
ýüpden, garyş ýetmese – ýigitden (Nakyl). 2. Haly, 
palas dokamak üçin ýüňden egrilen argaçlyk, erişlik 
sapaklar. Halyçylaryň elini, ýüpleriň reňkini, çitimini, 
gyrymyny nazaryndan sypdyranok (

Edebiýat we 
sungat

). 

Ýüpsüz baglamak (daňmak) 1) bent etmek
bendiwan etmek, erkini almak. 2) bir zat wada edip, 
köp garaşdyrmak. Ýüp syrylyp, toýnukdan geçmek 


512 
iş-işden geçmek, boljak iş bolmak. Her kim öz 
bilenini orta atdy. Iň soňunda ýüp syrylyp, toýnukdan 
geçdi (

Görogly

). Ýüpüniň üstünde odun goýup 
bolmazlyk bil baglap bolmazlyk, ynanyp bolmazlyk, 
belli gepi bolmazlyk, ygtybarsyz, ygrarsyz bolmak. 

Bu adam hemişe sözüniň üstünde tapylýan adam 
däl, onuň ýüpüniň üstünde odun goýup bolmaz

 diýip, 
bütin oba gürrüň edýärdi (A. Gowşudow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   827   828   829   830   831   832   833   834   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling