Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Päk ýürekli gowy niýetli, ýagşy gylykly. ÝÜREKLIRÄK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet838/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   834   835   836   837   838   839   840   841   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Päk ýürekli gowy niýetli, ýagşy gylykly.
ÝÜREKLIRÄK [ýüröklürä:k], syp. Birneme 
ýürekli. 
ÝÜREKLILIK 
[ýüröklülük], 
at. 
Ýürekli 
bolmaklyk, batyrlyk, edermenlik. Ýola belet garry at 
guýrugyny şuwwuldadyp, göni şol aýyrda tutdurdy, 
bu nähili ýüreklilik. Bu nähili mertlik! (N. 
Saryhanow).
ÝÜREKSE [ýüröksö] I, at. Ýürek tutar ýaly 
sähelçe iýmit. Muhammet ýürekse edinenden soň, 
haltasyny ýene-de düýrläp, goltugyna saldy (K. 
Işanow).
ÝÜREKSE [ýüröksö] II, at, ser. Ýürek II. Ony 
şol demde bada-bat ýüreksä salyp, Gaharguly hanyň 
garyndaşlarynyňka eltipdirler (N. Pomma). 
ÝÜREKSELIK [ýüröksölük], syp. Ýürekse bolar 
ýaly (iýmit, az-owlak iýilýän nahar). Ýürekselik çörek 
iýmek. 
ÝÜREKSIZ [ýüröksüz], syp. Batyr däl, gorkak, 
gaýratsyz. 


514 
ÝÜREKSIZLIK [ýüröksüzlük], at. Batyr dällik, 
gorkaklyk, gaýratsyzlyk. Ol ýüreksizligi sebäpli, uly 
işe baş goşup bilmedi. 
ÝÜREKSIZRÄK [ýüröksüzürä:k], syp. Ýüreksiz 
häsiýetli bolmaklyk, ýürekli dällik. 
ÝÜWEL [ýüwöl], syp. Süwümsiz, ýeňil, duzsuz. 
Ärden galyp, äre gitjek aýallar, Ýüwel gülüp, saçyn 
ýaglamak gerek (Baýly şahyr). Ol gürrüň ýok 
ýerinden gürrüň tapyp, ýüwel gülküsi bilen ony 
aljyradýardy (N. Pomma).
ÝÜWELRÄK [ýüwölürä:k], syp. Süwümsizräk, 
ýeňilräk. 
ÝÜWRÜGRÄK [ýüwrüğrä:k], syp. Öňküsine ýa-
da beýlekilere garanda birneme ýüwrük. 
ÝÜWRÜK, syp. Ýyndam, çapgyr, gaty ylgaýan, 
çalt ýüwürýän, çalasyn. Güýçli bilen göreşme, 
ýüwrük bilen ýaryşma (Nakyl). 

Ýüwrük eller işde çalasyn we çalt hereket 
edýän el. Onuň bir eli keserli, bir eli ýüpli, ýüwrük 
elleri gözleriniň yzyny eýerýärdi (B. Kerbabaýew).
ÝÜWRÜKLIK [ýüwrüklük], at. Ýyndamlyk.
ÝÜWSE [ýüwsö], at. Tikin tikilende süýem 
barmagyň ujuna geýdirilýän gaýyşdan ýasalan 
enjam. Altyn barmagyna ýüwsesini ötürip, keşde 
etmäge oturdy (A. Durdyýew). 
ÝÜWSELIK [ýüwsölük], syp. Ýüwse etmek üçin 
gerekli bolan, ýüwse edilýän. Ýüwselik gaýyş. 
ÝÜWÜRDILMEK 
[ýüwürdülmök], 
işl. 
Dokmanyň iki kese agajynyň arasynda erişler 
gerilmek. 
Öýüň 
gapböwründe 
ýüwürdilen 
düýphalynyň üstünde Aýnanyň ýeke özi oturyp, 
başyny aşak salyp, dokma dokaýardy (B. 
Kerbabaýew).
ÝÜWÜRDIŞMEK 
[ýüwürdüşmök], 
işl.1. 
Dokma ýüwürtmäge kömek bermek. A gyz Nurjahan, 
şu gün eliň degse, maňa bir dokmajyk ýüwürdişeweri! 
(B. Kerbabaýew). 2. Bilelikde ýüwürtmek. Olar haly 
ýüwürdişip otyrdylar. 
ÝÜWÜRJI [ýüwürjü], at. Aýalyň öz adamsynyň 
kiçi erkek doganyna bolan garyndaşlyk gatnaşygyny 
aňladýan söz. Ýüwürjim, ýüwrük atym, Ýüwrüp gelsin 
ýanyma (Halk döredijiliginden). Wah, sesiňden 
aýlanaýyn, ýüwürjim, ömrüň uzak bolsun, ak gyz 
ýoldaşyň bolsun! (A. Durdyýew).
ÝÜZ I, at. 1. Adamyň kellesiniň alyn tarapy, öň
tarapy. Ýüz otdan yssy (Nakyl). Ýüzüniň nury 
dökülmesin (Dileg). Aý ýüzli gyzymdan, aýy ýüzli 
gelnim ýagşy (Nakyl). 2. Bir zadyň üst tarapy, 
ýokarsy, üsti; alyn tarapy, öňi. Çorbanyň ýüzi ýagşy, 
palawyň düýbi (Nakyl). Darajyk ýoda beýik 
gaýalaryň ýüzi bilen geçýär (A. Gowşudow). 3. 
Matanyň we ş.m. düzüw tarapy. Ýüň matanyň ýüzi 
haýsy, çöwresi haýsy, saýgarmak kyn. 4. Ýiti zatlaryň 
kesýän tarapy. Ýaş ötüşip, paltaň ýüzi gaýdansoň, 
Çöpem oňa aňsat özün çapdyrmaz (M. Seýidow). 5. 
Bir zadyň, adamyň, haýwanyň we ş.m. özüňe 
gönügen tarapy. Ýamanlyk ýüzüni görme (Dileg). 
Ýamanyň ýoly aňryk, ýagşyň ýüzi bärik bolsun 
(Dileg). 6. 

Ýüzüne



ýüzünde



ýüzünden

görnüşinde sözsoňy kömekçi bolup gelýär.


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   834   835   836   837   838   839   840   841   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling