Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÝOKARYLY [ýokorly], syp., gepl.d. Türkmenistanyň gündogar sebitleriniň ýaşaýjysy. ÝOKDURMA
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÝOKDURMAKLYK
- Ýokluk çalyşma
- ÝOKMA
ÝOKARYLY
[ýokorly], syp., gepl.d. Türkmenistanyň gündogar sebitleriniň ýaşaýjysy. ÝOKDURMA [ýokdurmo], iş ady. Ýokdurmak ýagdaýy. ÝOKDURMAK [ýokdurmok], işl. 1. Kir-kimir degirmek, tegmil galdyrmak. Iki sany aýal göz monjugy ýalyjak çagalary terbiýeläp, ýüz-gözlerine kir ýokdurman ýörler (A. Durdyýew). 2. Iniňe siňdirmek. Onuň iýenini ýokduranok (B. Kerbabaýew). 3. Birinden beýlekä geçirmek, keselletmek. Siz öz ýokanç keseliňizi olara-da ýokdurýarsyňyz (B. Pürliýew). ÝOKDURMAKLYK [ýokdurmokluk], iş ady. Ýokdurmak ýagdaýy. ÝOKDURMAZLYK [ýokdurmozluk|, iş ady. Ýokdurman durmak, ýörmek; hözirini görkezmezlik. Alan köýnegiňe kir ýokdurmazlyk. ÝOKLAMA [ýo:klomo], iş ady. Ýoklamak ýagdaýy. ÝOKLAMAK [ýo:klomok], işl. 1. Birini ýa-da bir zady ýat etmek, ýadyňa düşürmek; ýatlamak, küýsemek. Ýanymdan aýrylsa, ogluň ýoklar meni ( Saýatly – Hemra ). 2. Ýok etmek, güm etmek. – Meniň düýäm barmy ýa-da ogrular ýokladylarmy? – diýip, palçydan soraýar ( Türkmen halk ertekileri ). 3. Sarp etmek,sowmak, harçlamak. Düýnki giden puly sen eýýäm, näme, ýoklap ýetişdiňmi? 4. göç.m. Ýoguna ýanmak, öldürmek. Iň soňunda ony ýoklamak küýüne düşüpdiler ( Myraly ). 5. Ýokdugyny ýüze çykarmak. Çopan iki goýnuny ýoklady. ÝOKLAMAKLYK [ýo:klomokluk], iş ady. Ýoklamak ýagdaýy. ÝOKLANMAK [ýo:klonmok], işl. 1. Ýat edilmek, ýatlanmak, ýada düşürilmek, küýselmek. Toýda ýoklanyp, ýasda ýatlanýan adamlar iliň diýýän adamlarydyr. 2. Harç edilmek, bolar-bolmaz sowulmak, bisarpa harçlanmak. Ýoklanan pullaryň öwezi dolduryldy. 3. Ýokdugy ýüze çykarylmak. Bir goç, bir urkaçy tokly ýoklandy. ÝOKLATMAK [ýo:klotmok], işl. 1. Ýok etdirmek, pugta gizlemek. Ol düýeleri derrew ýoklatdy. 2. göç.m. Ýok etdirmek, öldürtmek. 3. Ýokdugyny ýüze çykartmak, ýokdugy bildirmek. Süriniň öňüni çeken erkeç özüni tiz ýoklatdy. ÝOKLAÝYŞ [ýo:kloýuş], iş ady. Ýoklamak ýagdaýy. ÝOKLUK [ýo:kluk], at. Biriniň ýanynda ýa-da bir ýerde ýok bolmaklyk, bar bolmazlyk, başga ýerde bolmaklyk. Ýolbarsyň ýoklugy Durdy agany has-da kösendirdi (J. Akyýew). Ýokluk çalyşma dil b. hiç kim, hiç zat, hiç hili, hiç bir sözlerinden emele gelýän çalyşmalar. Ýokluk galyp dil b. söz toparlarynyň belli bir goşulmalar, sözler (-ma, -me, -syz, -siz, ýok, däl) arkaly ýokluk aňladýan şekili. ÝOKMA [ýokmo], iş ady. Ýokmak ýagdaýy. Şu hekiň geýime ýokmasy bar. ÝOKMAK [ýokmok], işl. 1. Kir-kimir degmek, kir, hapa ýokuşmak, tegmil galmak. Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar, ýamana ýanaşsaň – belasy (Nakyl). 2. Iniňe siňmek, ýokumy bolmak; ýaramak. Miwe suwy maňa ýokýar. 3. Birinden beýlekä geçmek, ýokuşmak (kesel hakynda). Gotur elden ýokar, bela – dilden (Nakyl). 4. Täsir etmek, sözüň ötmek, maslahatyň ýer tutmak. It gargyşy gurda ýokmaz (Nakyl). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling