Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝOKANÇ [ýokonç], syp. Ýokuşmak häsiýeti  bolan (kesel hakynda). Ýokanç keselleriň garşysyna  göreşmek.  ÝOKANÇSYZ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet807/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   803   804   805   806   807   808   809   810   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝOKANÇ [ýokonç], syp. Ýokuşmak häsiýeti 
bolan (kesel hakynda). Ýokanç keselleriň garşysyna 
göreşmek. 
ÝOKANÇSYZ [ýokonuşsuz], syp. Ýokuşmaýan, 
ýokanç däl (kesel hakynda). Ýokançsyz kesel. 
ÝOKANJRAK [ýokonjura:k], syp. Birneme 
ýokanç häsiýetli. Ýokanjrak kesel. 
ÝOKARDA [ýokordo], 1. Beýleki bir zada 
garanda belentde, beýiklikde. Ýokarda ýerleşmek. 2. 
göç.m. Öňde, ilki başda (ýatlanylan, bellenilen, 
aýdylan we ş.m.). Ýokarda bellenilişi ýaly, 
borçnamamyzyň ýerine ýetmegi üçin mümkinçilikler 
köp. 3. Gündogar tarapda, ýokary tarapda, günüň 
ýokary galýan ýerinde. Garyndaşlarymyzyň köpüsi 
ýokarda ýaşaýar. 4. Ýokary döwlet edarasynda. Ol 
ýokarda işleýär. 
ÝOKARDAKY [ýokorda:ky], at.gep.l. Alla, 
hudaý, taňry. Ýokardakyň özi gorasyn! 
ÝOKARKY [ýokorky] syp. 1. Belentdäki, 
beýikdäki, iň ýokardaky. Iň ýokarky şaha eli ýetdi (H. 
Derýaýew). 2. Gündogar tarapdaky, ýokary tarapda 
ýerleşen. 
Welmyrat batyryň gelenini görüp, 
aksakgallar ýokarky derwezä ýygnandylar (A. 
Gowşudow). 3. Garamagynda birnäçe edara bolan 
esasy ýolbaşçy (gurama). Ýokarky guramalar bu 
meseläni hä diýmän çözdüler. 4. at, göç.m. Alla, 
hudaý. Muny bir ýokarky biler. 
ÝOKARLAMA 
[ýokorlomo], 
iş 
ady. 
Ýokarlamak ýagdaýy. Akyl zähmetiniň arzysynyň 
ýokarlamasy. 
ÝOKARLAMAK [ýokorlomok], işl. 1. Ýokary 
çykmak, belende galmak. Uçar barha ýokarlandy. 2. 
Bahasy galmak, gymmatlamak, artmak. Maşynyň 
nyrhy ýokarlapdyr. 
ÝOKARLAMAKLYK [ýokorlomokluk], iş ady. 
Ýokarlamak ýagdaýy. 
ÝOKARLANDYRMAK [ýokorlonnurmok], işl. 
1. Ýokary galdyrmak, belende çykarmak. Uçarman 
uçary ýokarlandyrdy. 2. Tizligini artdyrmak, 
galdyrmak, çaltlandyrmak. Tizligini ýokarlandyrmak. 
3. 
Bahasyny galdyrmak, gymmatlatmak. 
4
Möçberini artdyrmak, köpeltmek. Gowaçanyň 
hasyllylygyny ýokarlan-dyrmak ugrunda işläliň. 
ÝOKARLANMAK [ýokorlonmok], işl. 1. Barha 
ýokary 
galmak, 
beýgelmek, 
barha 
asmana 
göterilmek. Uçar barha ýokarlanýar. 2. Öňki 
derejesinden artyp başlamak, ýokary galmak. Üzümiň 
hasyllylygy-da 
ýylyň-ýylyna 
ýokarlanýar. 
3. 
Gymmatlamak, nyrhy ýokary galmak. Gawunyň 
nyrhy ýokarlandy. 4. Gowulanmak, oňatlaşmak. 
Daýhanlaryň hal ýagdaýy gün-günden ýokarlanýar. 
ÝOKARLAŞMAK [ýokorloşmok], işl. Birneme 
ýokary galmak. Hil taýdan ýokarlaşmak. 
ÝOKARLATMAK [ýokorlotmok], işl. Ýokary 
galdyrmak, ýokary götermek. Oglan batböregi 
gitdigiçe ýokarladýar. Dükançy gandyň nyrhyny 
ýokarladypdyr. 
ÝOKARLYGYNA [ýokorluğno], hal. Ýokaryk, 
ýokary tarapa. Agaçlaryň arasy bilen ýempikläp, 
ýokarlygyna bakan ýöredi (G. Kulyýew).
ÝOKARY 
[ýokory], 
at. 
1. Ýer bilen 
asmanaralygyndaky giňişlik, ýerden asmana tarap 
bolan ugur. Ejem howanyň ýagdaýynyň bozulýanyny 
görüp, ýokary seretdi. 2. Aşakdan ýokarlygyna, 
ýokaryk. Sen ýokary uçanymyzdan soň, meniň 
arkamdan süýşüp, ýykylyp ýörme (

Türkmen halk 
ertekileri

). 3. Artyk, köp. Daşary ýurtlarda türkmen 
nebitine we gazyna isleg ýokarydyr (

Watan

). 4
Gowy, göreldeli, artyk. Ýokary netije gazanan 
gallaçylar az däl (

Türkmenistan

). 5. Gymmatly, 
möhüm, belent. 6. Günüň dogýan tarapy, gündogar 
(garşylykly sözi: aşak). Obanyň ýokary çeti. 7
Belent, inçe äheňli (ses hakynda). Juma bu sapar 
şahyryň başga bir goşgusyny bir perde ýokary galyp, 
has joşup gygyrdy (G. Kulyýew). 8. Güýçli, batly. 
Kädiniň gögerijiligi ýokary. 9. Derejesi boýunça 
ähmiýetli, uly. 10. Iň gowy, iň oňat, has ýagşy, has 
gowy. Ýokary hilli haryt. 11gepl.d. Ýokarda durýan 
döwlet edarasy. Mekdebimize ýokardan adam 
gelipdir. 12. Bilim ulgamynda ýörite orta bilimden 
soňky (basgançak). Okuwymyzy dowam etdirdik, 


497 
ýokary bilim aldyk (

Edebiýat we sungat

). 13. Öýüň 
töri, tör. –Ýokary geçip oturjak däl – diýip, iç işikde 
aýak üstünde oturdy-da, aman-esenlik soraşdy (A. 
Gowşudow). 14. Her bir zadyň ýokary tarapy, üsti. 
Jöwenlikleriň ýokarsynda entek serçe sürüleri 
güsürdeşip uçýardy. 

Ýokary basyş 1) lukmanç. gan basyşynyň 
ýokarlanmasy. 2) howa basyşyndan ýokary bolan 
basyş. Ýokary göteriliş möwç alyş, ýaýbaňlanyş, 
ösüş, kuwwaty, depgini artyş. Zähmetde täzeden 
ýokary göteriliş başlandy. 
ÝOKARYK [ýokary:k], hal.1. Ýokarlygyna, 
ýokary tarapa, asmana tarap. Ol aşak seretdi, ýokaryk 
garady, mugallym bilen ikisi bileleşip gözledi (B. 
Kerbabaýew). 2. Gündogara, günüň dogýan tarapyna. 
Bular aşak tarapa barýan ýaly-la, biz ýokaryk gitmeli 
dälmi? (B. Hudaýnazarow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   803   804   805   806   807   808   809   810   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling