ÝITIRIM:
ýitirim
bolmak
gürüm-jürüm
bolmak, zym uçan ýaly ýitip gitmek, ýok bolup
gitmek, nirädir gitmek, gaýyp bolmak. Myrat hem
giçden soň bir ýana ýitirim boldy (A. Gowşudow).
Ýitirim etmek güm etmek, ýok etmek. Ýöne,
enesiniň aýdyşy ýaly, aç-açan däl-de, hiç kime
bildirmän ýitirim etjekdi (H.Derýaýew).
ÝITIRIŞDIRMEK, işl. Birnäçe zady ýitirmek,
ählisini, hemmesini ýitirip ýoklaşdyrmak. Kitaplary
ýygnap goýmamsoň, olaryň käbirini çagalar
ýitirişdiripdi.
ÝITIRME, iş ady. Ýitirmek ýagdaýy.
ÝITIRMEK, işl. 1. Gaçyryp, ýatdan çykaryp
gitmek, ýok etmek. 2. Zyýan çekmek, zelel görmek.
Ýitireni bar ýaly gören kişiňi synlap çykmak,
boýdan-başa gözden geçirmek. Onuň dünýä ünjüsiz
garaýan gara gözleri iş otagynyň içine ýitireni bar
ýaly garady (B. Kerbabaýew). Ýitirip tapan ýaly
örän yhlasly, örän gadyrly. Ýitirip tapan ýaly, onuň
bilen içgin-içgin elleşip, sag-amanlyk soraşdy (N.
Pomma).
495
ÝITIRMEKLIK, iş ady. Ýitirmek ýagdaýy.
ÝITIRMEZLIK, iş ady. Ýitirmän durmak,
saklamak. Kitaby ýitirmezlige söz berseň, ony
okamaga bir hepdelik bereýin.
ÝITIŞ, iş ady. Ýitmek ýagdaýy. Seniň goýnuň
ýitişi üýtgeşik boldy.
ÝITIŞMEK, işl. 1. Kem-kemden ýitip gitmek,
öçügsilenip, gözden gaýyp bolup başlamak.
Ýylpyldaşýan ýyldyzlar uçýan uçgunlar ýaly ýitişip,
sönşüp barýardy (B. Kerbabaýew). 2. Könelip,
bozulyp, öçüşip başlamak, öçüşmek, bozulyşmak. Bu
daşyň ýüzüniň ýazgylary ýitişipdir.
ÝITI-ÝITI, hal. Dykgat bilen, üns bilen, siňe-
siňe, içgin-içgin. Bir maksatjygyň bardygyny ýaňy
maňa ýiti-ýiti seredeniňdenem aňdym (O. Ödäýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |