Ýiti burç 90 gradusdan az bolan burç. Ýiti gözli
hüşgär, sak. Ýiti söz çuň manyly, täsirli söz.
ÝITIBURÇLUK [ýitivuruşluk], at. Burçlary ýiti
üçburçluk.
ÝITIBURÇLY [ýitivuruşly], syp. Burçlary 90
gradusdan az bolan. Ýitiburçly üçburçluk.
ÝITIG [ýitiğ], at. 1. Ýitip, azaşyp giden mal.
Hany myhman, ýitigiňden derek tapdyňmy? (B.
Seýtäkow). 2. göç.m. Gelin edinmek üçin gözlenýän
gyz, gelinlik. Meret garyndaşlaryny hem ýygnaman,
hiç kime sala salman:
Ýitigiňizi başga ýerden
gözläň
diýip, yzlaryna gaýtarypdy (B. Kerbabaýew).
3. Köp wagtlap görünmedik adama duşulanda
aýdylýar. Wi, ýitig, sen nireden çykdyň, gara
bermeýärsiň-le. 4. Urşa gidip ýiten. Ýitigiň yzynda
galan maşgala.
ÝITIGÇI [ýitiğçi], at. Ýitigini gözleýän adam.
– Düýäniň çep gözi körmüdi? – diýip, ýolagçy
ýitigçilerden sorapdyr (Ç. Aşyrow).
ÝITIGÖZLÜLIK [ýitiğözlülük], at. 1. Ýiti gözli
bolmaklyk. 2. Hüşgärlik, eserdeňlik, duýgurlyk.
ÝITIGSI [ýitiğsi], syp. 1. Zordan görünýän, çala
saýgarylýan, çala mälim bolýan, öçügsi. Gündiz
çyra bilen agtarsaň-da, tapyp bolmajak ýitigsi
ýodady (A.Gowşudow). 2. Öçügsi ýanýan, çala
yşyk berýän, öçügsi, şöhlesiz, ölügsi. Ala bulutly
asmanda görünýän ýitigsi ýyldyzlary synlap ýatdylar
(A. Gowşudow).
ÝlTIGSILENMEK [ýitiğsilenmek], işl. 1. Barha
ýitip barmak, gitdigiçe öçügsi bolup görünmek.
Asmanyň ýüzi agarýardy, kölegeler ýitigsilenýärdi. 2.
Has öçügsi ýanyp başlamak. Nebiti azalyp, ýagtysy
barha ýitigsilenýän çyra öçüp galdy.
Do'stlaringiz bilan baham: |