Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet798/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   794   795   796   797   798   799   800   801   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝETER-ÝETMEZLIK, at. Bolelin dällik, 
ýeterlik bolmadyk, gyltyz kakmaklyk, gytçylyk. 
ÝETESI, syp.1. Özüne ýeterlik; özüne mahsus 
bolan. Elbetde, bu zatlaryň özüne ýetesi sebäbi 
bardyr (O. Gadamow). 2. Ol derejä ýetjek, ýetip 
biljek (iň bir islenilýän zat hakynda gürrüň edilende 
aýdylýar). Dostlar bilen başymyzy jemläp, sähra ýere 
çyksak, dynç alsak, ýaz ýagşam aram-aram ýagyp 
dursa… Şeýle bolaýsa, oňa ýetesi näme bolup biler? 
ÝETEŞIKLI, syp. Ähli etmeli işlerini etmäge 
ýetişýän (köplenç, aýal maşgalalar hakynda)
Dursunyň gelni gaty ýeteşikli maşgala, hem işine 
gidýär, hem öýüň hysyrdysyna ýetişýär.
ÝETGINJEK, at, Ýaňy ýetişip barýan 10-15 
ýaşly oglan, heniz ýigit çykmadyk oglan. 
ÝETGINJEKLIK, 
at.Ýetginjek bolmaklyk, 
ýetginjek 
ýaşlarynda 
bolmaklyk, 
ýetginjegiň 
ýagdaýy.
ÝETIK, syp. 1. Bir zat hakynda habary bolan
anygyna ýeten, belet, habarly. 2. ser. Ýeterlik. 
Onsuz-da olaryň dertleri özlerine ýetikdir (B. 
Kerbabaýew). 3. Aýy-güni dolan, bolmaly wagty 
gelen (çaga hakynda). Ýetik dogan çaga sagdyn 
ösýär. 4. Köp, bol, ýeterlik. 
ÝETIKLIK, at. Bir zat hakynda doly 
habarlylyk, bir zada beletlik. Onuň bu meselä 
ýetikligi neneň? 
ÝETILMEK,işl. Barmaly sepgide barylmak.
ÝETIM [ýeti:m], syp. 1. Ejesiz-kakasyz; ata-
enesiz (çaga hakynda). Ýetim oglan öz göbegini özi 
keser (Nakyl). 2. Enesi ölen (mal hakynda). Ýetim 
guzy. 
ÝETIMÇILIK [ýeti:mçilik], at. Ýetimligiň 
görkezýän horluklary. Ýetimçiligiň derdini çekmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   794   795   796   797   798   799   800   801   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling