Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÝETIMEK [ýeti:mek], at., ser. Ýetim 1
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÝETIMSIREMEKLIK
- ÝETIMSIREÝIŞ [ýeti:msireýiş], iş ady. Ýetimsireme ýagdaýy. ÝETIM-ÝESIR
- ÝETIRILMEK
- ÝETIRMEK
- ÝETIŞEŇKIRLEMEK
- ÝETIŞIK
- ÝETIŞIKSIZLIK, at . Ýetişiksiz halda bolmaklyk. ÝETIŞMEK I
- ÝETLIŞMEK
ÝETIMEK [ýeti:mek], at., ser. Ýetim 1.
ÝETIMKÖŞE [ýeti:mkö:şö], at. Çuwaly, torbany tutmak, götermek üçin iki gapdalynda goýulýan ýeke köşe. ÝETIMLIK [ýeti:mlik], at. Ýetimiň ýagdaýy, ata-enesizlik, hossarsyzlyk. Ah, ýetimligiň, sallahlygyň ýüzüne köz degsin (B. Kerbabaýew). ÝETIMOLTAŇ [ýeti:moltoň], at. Çokaýyň dabanynyň astyna ýamalýan bölek oltaň, ýama. ÝETIMSIREME [ýeti:msireme], iş ady. Ýetimsiremek ýagdaýy. ÝETIMSIREMEK [ýeti:msiremek], işl. Ýetimlik ýagdaýyny duýup başlamak, ene-atasyzlyk ýagdaýyny duýmak. Ony aljyraňňylyga salýan ýagdaý, ylaýta-da, Ballynyň dört ýaşly gyzynyň ýetimsiräp barmagydy (B. Kerbabaýew). ÝETIMSIREMEKLIK [ýeti:msiremeklik], iş ady. Ýetimsiremek ýagdaýy. ÝETIMSIRETMEK [ýeti:msiretmek], işl. Ýetim hökmünde kemsitmek, ýetimligini biler ýaly ýagdaýa salmak. ÝETIMSIRETMEZLIK [ýeti:msiretmezlik], iş ady. Ýetimligini duýdurmazlyk, bildirmezlik. Ene urşuň yzynda galan atasyz çagalaryny ýetimsiretmedi. ÝETIMSIREÝIŞ [ýeti:msireýiş], iş ady. Ýetimsireme ýagdaýy. ÝETIM-ÝESIR [ýeti:m-ýesi:r], syp. 1. ser. Ýetim. 2. göç.m. Degişli hossary bolmadyk, garyp- gasarlar, pakyr-pukaralar. ÝETIM-ÝESIRLIK [ýeti:m-ýesi:rlik], at. 1. ser. Ýetimlik.2.göç.m. Degişli hossarsyzlyk, garyp- gasarlyk, pakyr-pukaralyk. ÝETIRILMEK,işl. Ýetmeli ýerine eltilmek, gowşurylmak. Bu habar çopanlara-da ýetirilipdi. ÝETIRINMEK,işl. Gazanjyňy öz eklenjiňe ýetirmek. ÝETIŞDIRILMEK, işl. 1. Bellenen wagtyna taýýar edilmek. 2. Kemala getirilmek. ÝETIRIŞDIRMEK, işl. Wagtynda habar berişdirmek, duýduryşdyrmak. ÝETIRMEK, işl. 1. Habary we ş.m. belli bir aradaşlyga eşitdirmek, mälim etmek. 2. Üleşikde, bölünişikde hemmelere ýeter ýaly etmek, hemmelere paýyny berip çykmak. Toý ýaglygyny hemmelere ýetirdi. 3. Belli bir derejä eltmek, bir zadyň deňine eltmek, deňlemek. ÝETIŞDIRMEK, işl. 1. Bilim-terbiýe berip ösdürmek, kemala getirmek. 2. Ideg etmek, ösdürip, boý aldyrmak, hasyla duruzmak. 3. Bellenen wagtynda taýýar etmek, öz wagtynda taýýarlamak. Işimizi aýyň ahyryna çenli ýetişdireris. ÝETIŞEŇKIRLEME, iş ady. Ýetişeňkirlemek ýagdaýy. 492 ÝETIŞEŇKIRLEMEK, işl. Ýetişip barmak, ýetişmäge az galmak. ÝETIŞEŇKIRLEMEKLIK, iş ady. Ýetişeňkirlemek ýagdaýy. ÝETIŞEŇKIRLEÝIŞ, iş ady. Ýetişeňkirlemek ýagdaýy. ÝETIŞIBILDIGINDEN [ýetişivilliğinnen], hal. Bar güýji bilen, çalt, aldygyna, haýdap. Tüpeňiň gundagy bilen eliniň ýetişibildiginden urýardy (A. Gowşudow). ÝETIŞIK, at. Okuwy özleşdirip, bilim alyş derejesi. Şeýle-de bolsa okuwa ýetişigim erbet däldi (R. Gelenow). ÝETIŞIKLI, syp. 1. Hemme işine başarjaňlyk bilen ýetişýän, ýeteşikli. 2. Çalt dadyňa ýetýän (adam hakynda). ÝETIŞIKLILIK, at. Ýetişikli bolmaklyk, her bir zada ýetişip bilijilik. ÝETIŞIKSIZ, syp. Garabaşyna gaý, aljyraňňy, işine ýetişip bilmeýän. Diýdi: Huş galmandyr meniň başymda, Hemişe-de ýetişiksiz işimde (A. Kekilow). ÝETIŞIKSIZLIK, at. Ýetişiksiz halda bolmaklyk. ÝETIŞMEK I, işl. 1. Barmaly ýeriňe aýny wagtynda barmak. Hernä wagtynda ýetişäýdiň, ýogsa ol it meni gemirjek eken (A. Gowşudow). 2. Geçilýän sapaklary doly özleşdirmek, talabalaýyk okamak. 3. Wagtynda gutarmak, tamamlamak, taýýar etmek. Işi gutaryp ýetişdim. ÝETIŞMEK II, işl. 1. Kämillik ýaşyna ýetmek, kemala gelmek.Ol (gyz) kemsiz ýetişipdir (R. Allanazarow). 2. Bişmek, iýer ýaly bolmak; doly boý almak. Onuň miwesi ir ýetişdi ( Edebiýat we sungat ). ÝETLIŞMEK, işl., ser. Ýetişmek I. ÝETME, iş ady. Ýetmek ýagdaýy. ÝETMEK, işl. 1. Öňden barýanlar ýa-da öňdäkiler bilen deňleşmek. Ol ylgap ýoldaşlarynyň yzyndan ýetdi. 2. Belli bir ýere baryp ýetişmek, barmak. Şähere gün ýaşyberende ýetdik. 3. Belli bir mukdarda ýetdik paýyň berilmek, paý düşmek. Maňa ýeten şu ýaglyk boldy. 4. Ýeterlik bolmak, geregiçe bolmak. Beren kagyzlaryň ýazmaga ýetdi. 5. Biriniň ýa-da bir zadyň täsiri bolmak, sebäp bolmak. Bu işiň Görogludan ýetenini aňlady ( Görogly ). 6. Ýaşy, wagty, möhleti, sany belli bir mütdete barmak. Ýigdekçäniň ýaşy on alta ýetdi. 7. göç.m. Sanalgyň dolmak, kazaň dolmak. Ýatan ölmez, ýeten öler (Nakyl). 8. Ölçeg, çäk boýunça belli bir möçbere deň bolmak. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling