ÝERSIZLIK, at. 1. Ekin ýeri bolmazlyk, ýerden
mahrumlyk. 2. Bellenen orny bolmazlyk, orunsyzlyk.
ÝERSIZ-SUWSUZ, syp. Ýeri-suwy bolmadyk,
ýerden-suwdan mahrum.
ÝERSIZ-SUWSUZLYK [ýersis-suwsuzluk] II,
at.
Ýeriň-suwuň
bolmazlyk,
ýerden-suwdan
mahrumlyk.
ÝERSIZ-ÝERE, hal. Nähak, biderek ýere,
sebäpsiz, hiç hili esassyz (ser. Ýersiz ýere).
ÝER-SUW, at.1. Ýer we suw. Ata-baba ýer-suw
arzuwyny edip, bagryny paralan daýhan bu gün mülk
eýesi boldy. 2. syp. Ýere we suwa degişli. Ýer-suw
paýlanyşygy.
ÝERTUDANA [ýertu:dono] at. ösüml. Ekilýän
otjumak ösümlik we onuň gyzyl tudana meňzeş
miwesi.
ÝER-ÝESIR [ýer-ýesi:r], hal. Yzanda-çuwan,
kynçylykly, horlukly (ýagdaý). Ulagsyzlar ýer-ýesir
gol tutuşyp ýola düşdüler (B. Kerbabaýew).
ÝERZEMIN [ýerzemi:n], at. 1. Köplenç, jaýyň
aşagyndan gazylyp edilýän jaý. 2. gepl.d. Tussag
saklanýan jaý, zyndan.
ÝESER, syp. 1. Özüne çekiji, täsirli. Mätäji diýr,
aldy huşum, Ýeser gara zülpüň seniň (Mätäji). 2.
göç.m. Mekir, hilegär, köpbilmiş. Ýeseriň ýedi ýere
kössi ýeter (Nakyl). 3. göç.m. Etjegi içinde, ýeserlik
edýän (ser. Ýeserlik dogumly, ýaman (ser. Ýaman
3). Mürzeweliň aty ýeser, gamçylasaň gaýra teser
(Halk döredijiliginden). Ýeser adam.
Ýeser ýerde gaý tutmak (turmak)
garaşylmaýan, islenmeýän wagtda päsgelçilik
ýüze çykmak.
ÝESERJE, syp. Ýeser häsiýetlije. (ser. Ýeser 3).
Ýeserje oglan.
ÝESERLENMEK,
işl.
1.
Dogumlanmak,
başarnykly bolmak. 2. göç.m. Mekirligiň, hilegärligiň
artmak, köpbilmişlik edip başlamak.
ÝESERLIK, at. 1. Başarnyklylyk, dogumlylyk.
Bu işde batyrlyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik,
çydamlylyk, ýeserlik hem başarjaňlyk – hemmesi hem
birden gerekdir (A. Gowşudow). 2. göç.m. Mekirlik,
hilegärlik. Olar örän ýeserlik bilen iş görenleri üçin,
nireden, kimden ýeteni mälim bolmandyr (B.
Kerbabaýew).
ÝESERSIREME, iş ady. Ýesersiremek ýagdaýy.
ÝESERSIREMEK, işl. Ýeser bolan bolmak,
özüňi ýeser görkezjek bolmak.
ÝESIR [ýesi:r], at. 1. Uruşda duşmanyň eline
düşen adam, bendi. 2. göç.m. Bir zadyň höwesgäri,
ölemen hyrydary, aşygy. Däl men entek hiç bir gyzyň
ýesiri (B. Hudaýnazarow). 3. göç.m. Enesiz galan.
Atasyz – ýetim, enesiz – ýesir (Nakyl). 4. gepl.d.
Naçar, aýal-gyz. Kakajan, öz ýesiriňe rehimiň gelsin.
Ýesir etmek 1) bendi etmek, tutup mejbury
suratda alyp gitmek. 2) bir zadyň sergezdany etmek,
aşygy etmek. Men hünäri bilen bizi ýesir eden şol
sazanda hakda gürrüň gozgadym (
Edebiýat we
sungat
). Ýesiri bolmak bir zadyň aşygy bolmak,
sergezdany bolmak, höwesgäri bolmak.
ÝESIRÇILIK [ýesi:rçilik], ser. Ýesirlik.
ÝESIRLIK [ýesi:rlik], at. 1. Ýesir bolmaklyk,
bendilik, ýesiriň hal-ýagdaýy. 2. göç.m. Bir zada
höwes edijilik, hyrydarlyk, bir zada aşyklyk. Söýgi
ýesirligine düşen jahyl-juwanlar üçin Gürgeniň
kenary duşuşyk jaýydy, tapyşyk meýdanydy (G.
Kulyýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |