Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet793/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   789   790   791   792   793   794   795   796   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

gözlemek (agtarmak) jan edip gözlemek, tapjak
bolup barylmadyk ýer galmazlyk. Ony köçeme-köçe 
ýer ýykyp gözlediler (

Görogly

).
ÝERALMA, at. ösüml. Togalak kösükleri iýilýän 
gök ekin we şol gök ekiniň özi, kartoşka. Onuň 
suwunyň ýüzünde çüýrük ýeralmanyň gabyklary 
gaýýardy (A. Gowşudow).
ÝERASTY [ýerassy], syp. Ýeriň aşagynda 
ýerleşen, ýeriň aşagyndaky. Ýerasty suwlar. Ýerasty 
baýlyklar
ÝERBE-ÝER [ýerve-ýer], hal. Öz ýerinde, ýerli-
ýerinde, jaýba-jaý, tertipli. Men öz işlerimi ýerbe-ýer 
etdim. 
ÝERBE-ÝERLIK [ýerve-ýerlik], at. Ýerbe-ýer 
ýagdaýda bolmak. Tekjede goýlan kitaplaryň ýerbe-
ýerligi göwnüňi göterýärdi. 
ÝERBITI [ýerviti]: ýerbiti ýaly örän kiçi, has 
kiçijik. 
ÝERÇI, syp, gepl.d. Bolýan ýerine, gatnaýan 
ýoluna belet (mal hakynda). Düýämiz bar-a, gaty 
ýerçi ekeni, obadan çykdym weli, göni alyp geläýdi 
(

Edebiýat we sungat

). 
ÝERÇILIM, at. Bir ujuna temmäki guýup, 
beýleki tarapyndan sormak üçin palçykdan lüle 
görnüşinde ýasalýan ýasy çilim. Ýerçilim ýan 
ýoldaşy, ýanynda bir çakmak bolar (Kemine) 

Ýerçilim ýaly kiçi göwreli, gabarasy kiçijik. 
Ýerçilim ýaly bolup, onuň ile göwni ýetenok. 
ÝERÇÖREK [ýerçörök] at. Gora gömlüp 
bişirilýän çörek. Durdy çopan ýerçörek bişirmäge 
girişdi (A. Gowşudow). 
ÝERDEMIR, at. Ýer sürmek üçin azalyň 
kündesiniň ujuna geýdirilýän demir. Onuň aşak 
ýanynda, ýerde iki sany posly ýerdemri ýatyr, başga-
da çägä bulaşyp ýatan demir bölekleri kändi (A. 
Gowşudow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   789   790   791   792   793   794   795   796   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling