ÝEŇIŞ I, iş ady. Ýeňmek ýagdaýy.
ÝEŇIŞ II, at. 1. Uruşda, söweşde gazanylan
üstünlik. 2. Işde, durmuşda gazanylýan üstünlik. 3.
Oglana dakylýan at.
Ýeňiş düşüm dil b. kimi?, nämäni?, niräni?
diýen soraglara jogap bolup hem-de geçirýän işliklere
baglanyp, -y, -i; -ny,-ni düşüm gosulmasyny kabul
edip gelýän sözleriň şekili.
ÝEŇIŞDIRMEK, işl. Bir ýan ujundan ýeňip
çykmak.
ÝEŇIŞLI, syp. Ýeňiş bilen gutaran, ýeňiş
gazanylan, üstünlikli. Ýeňişli günleriň dabarasy.
ÝEŇIŞMEK, işl. Ýeňmäge kömek bermek. Ol
söweşde bize duşmany ýeňşen bolmady, özümiz
ýeňdik.
ÝEŇIÝOLUK, at, gepl.d. Ýetde-gütde güzeran
görýän, garyp-pukara, ýoksul, garyp-gasar.
ÝEŇLAÝAK, hal. gepl.d. Tiz gopýan, çalasyn.
Ýeňlaýak oglan.
ÝEŇLEME I, iş ady. Ýeňlemek ýagdaýy. Onuň
ökjesiniň ýeňlemesiniň sebäbi belli boldy.
ÝEŇLEME II, iş ady. Ýeň oturtma.
ÝEŇLEMEK I, işl. 1. Agramy kemelmek,
agramy azalmak. Yzygiderli maşk edelim bäri, üç
kilo ýeňläpdirin. 2. Aňsatlaşmak, ýeňilleşmek.
Maşyn köpeleli bäri ...işlerem ýeňledi (B. Japarow).
3. Gowulaşmak, oňatlaşmak. Ýagdaýlarymyz
ýeňledi. 4. Azalmak, gutaryp barmak. Gyrkym nädýä,
ýeňleýärmi? (B. Kerbabaýew). 5. göç.m. Akyly
çaşmak, üýtgemek. Soňky wagtlarda onuň gürrüňi
birhili ýeňlän adamyň gürrüňine meňzäp başlady.6.
göç.m. Ynjalmak, köşeşmek, rahatlanmak, ýüregiň
düşüşmek. Ol Myrady görüp gaýdanda ýeňlän ýaly,
ruhy göterilen ýaly bolup gaýdardy (B. Seýtäkow). 7.
göç.m. Çalt gopmak, çalasyn hereket etmek; ruhuň
göterilmek, dogumlanmak, ruhlanmak. Onuň güýji
artan ýaly, bedeni ýeňlän ýaly boldy.
Do'stlaringiz bilan baham: |