Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝEŇIJILIK, at. Üstün çykyjylyk, ýeňiş  gazanyjylyk.  ÝEŇIL


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet783/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   779   780   781   782   783   784   785   786   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝEŇIJILIK, at. Üstün çykyjylyk, ýeňiş 
gazanyjylyk. 
ÝEŇIL, syp. 1. Agyr däl, az agramly, agyr 
bolmadyk. Guran gamak ýeňil bolýar. 2. Köp 
zähmet talap etmeýän, kyn bolmadyk, aňsat. 
Çarkandak ýerden ýöremek onuň üçin ýeňil düşmedi.
3. göç.m. Agras däl, salyhatsyz. Ol özüni ýeňil
görkezmejek bolup, pikirlenip sözleýärdi. 4.göç.m. 
Siňmesi aňsat, siňňitli, az hümmetli (nahar 
hakynda). Ýeňil nahar. 5.göç.m. Galyň däl, ýuka. 
Ýeňil geýinmek. Eşigiň gaty ýeňil-le! 6. Özüni alyp 
barşy agras däl, ýeňles.

Ýeňil geýinmek howa ýagdaýyna garap, ýuka 
eşik geýmek, çyplak geýinmek. Howa maýyl 
bolansoň, ýeňil geýindim (K. Taňrygulyýew). Ýeňil 
gopmak eden işiňi oňaryp etmek, kynçylyk çekmän 
işlemek.
ÝEŇILJEK, syp. Agramy gaty ýeňil; ýerine 
ýetirmesi kyn bolmadyk. Seniň-ä ýüküň ýeňiljek 
ekeni. Ýeňiljek işim bar. Ýeňiljek çözülýän mesele. 
ÝEŇILKELLE, syp. Akyly az, akylsyz, 
kemakyl. 
ÝEŇILKELLELIK, at. Akyly azlyk, ýeňilkellä 
has bolan gylyk-häsiýetlilik, kemakyllyk. 


486 

Ýeňilkellelik etmek akyly azlyk etmek
kemakyllyk, akylsyzlyk etmek, bir işi çig etmek.  
ÝEŇILLEŞDIRIBERMEK 
[ýeňilleşdirivermek], işl. Ýeňilleşdirip başlamak. 
ÝEŇILLEŞDIRILMEK,işl. Aňsatlaşdyrylmak, 
sadalaşdyrylmak, ýönekeýleşdirilmek. 
ÝEŇILLEŞDIRIŞ, iş ady. Ýeňilleşdirmek 
ýagdaýy. Meseläni ýeňilleşdirişiňi haladym. 
ÝEŇILLEŞDIRIŞMEK, işl. Ýeňilleşdirmäge 
kömek bermek. 
ÝEŇILLEŞDIRMEK, işl. Aňsatlaşdyrmak, 
sadalaşdyrmak, 
ýönekeýleşdirmek. 
Zähmeti 
ýeňilleşdirmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   779   780   781   782   783   784   785   786   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling